D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbiýe-sagaldyş merkeziniň binýadynda biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan meýletinçileriň ilkinji döwlet bäsleşigi geçirildi
Bu bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Merkezi geňeşiniň başlangyçlary esasynda geçirildi.
Bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň her birinden bäş adamdan ybarat bolan talyp toparlary gatnaşdylar. Bäsleşik esasy orun meýletinçiler toparlaryna ynanylan “myhmanlary” – daşary ýurt wekillerini – öňde duran Aziada gatnaşyjylary sahnalaşdyrylan duşuşykdan başlandy.
Soňra toparlaryň ählisi tanyşdyrylyş bilen çykyş etdiler. Olaryň köpüsi interaktiw görnüşde taýýarlanyldy.
Meýletinçiler özleriniň bäsleşik işlerini Türkmenistanyň taryhyna we şu günki gününe, medeniýetiniň aýratynlyklaryna – türkmen halkynyň owadan we özboluşly däp-dessuryna bagyşladylar. Biziň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp taryhy-medeni ýadygärlikleri barada iňlis dilinde gürrüň berilmegi tanyşdyrylyşyň ähmiýetini artdyrdy. Bäsleşige gatnaşyjylar meýletinçilik hereketiniň taryhy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda meýletinçiler merkezlerini döretmegiň ilkinji tejribeleri barda gürrüň berdiler.
Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmegiň meselelerine we biziň ýurdumyzda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sporty ýokary derejelerde ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizilen sport oýunlarynyň görnüşlerine bagyşladylar. Owadan tanyşdyrmalar, umuman, Olimpiada şäherçesine, şeýle hem onuň aýry-aýry sport binalaryna bagyşlanypdyr.
Tanyşdyrma tamamlanandan soňra tematiki wiktorina başlandy. Bäsleşigiň maksatnamasynyň tamamlanmagy bilen, baýrakçylary yglan etmek dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň “Gran-pri” baýragyna we “Meýletinçileriň iň gowy topary” diýen ada D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň topary mynasyp boldy.
Gowy taýýarlyk we ýeňşe bolan meýil üçin baýrakly orunlaryň üçüsi berildi. Birinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary, ikiji orna – Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň wekilleri, üçünji orna – toparlaryň üçüsi – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkar gatnaşyklary institutynyň, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň we Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldular.
Ýeňiş gazananlaryň ählisine meýletinçileriň ilkinji döwlet bäsleşigini guraýjylar tarapyndan ýörite hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.