Ï Medeniýet hepdeligi — 2016: üçünji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi — 2016: üçünji gün

view-icon 1008
Döredijilik çäresiniň şu günki pursatlary has-da köp öwüşginli boldy. Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna ylmy maslahatyň açylyşy, “Medeni miras — halkyň ruhy dünýäsi” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň “Ata pendi” sahna oýnunyň görkezilişi hem-de Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary girizildi.


Ir bilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar, şäheriň köp sanly ilaty we myhmanlar Mary welaýatynyň özünde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribelerini utgaşdyrýan Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Muzeýiň işgärleri bu ýerde Medeniýet hepdeligine bagyşlanan sergini ýaýbaňlandyrdylar. Onda muzeýde saklanylýan gymmatlyklar bolan amaly-haşam sungatynyň nusgalary, bezeg şaýlary, milli lybaslar, haly önümleri, etnografiýa we taryha degişli fotosuratlar görkezildi. Fotosuratlaryň köpüsi Murgabyň ýakasynda ýerleşýän şäheriň taryhyna we şu gününe bagyşlandy.


Baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada welaýatyň folklor toparlary ajaýyp aýdymlary we tanslary bilen myhmanlary mübäreklediler. Muzeýiň öňünde amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi guraldy. Bu ýerde dikilen ak öýleriň öňündäki ajaýyp halylar düşelen sekilerde gadymy dessurlar bilen häzirki zaman ussatlarynyň çeper döredijiligi öz beýanyny tapypdyr. Halkymyzyň özboluşly medeniýetiniň köp öwüşgini, haly önümlerinde, nusgawy hem-de häzirki zaman nagyşly keçelerde, milli lybaslarda, bezeg şaýlarynda, küýze, ajaýyp keşdeleri bolan dokma önümlerinde öz beýanyny tapypdyr. Şeýle hem sergide görkezilýän önümleriň taýýarlanyş usullary bilen tanyşmak üçin mümkinçilik döredilendigini bellemeli.


Bu ýerde guralan gözden geçiriliş Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde “Medeni miras — halkyň ruhy dünýäsi” maslahatyna we giň möçberli sergä özboluşly giriş boldy. Serginiň açylyş dabarasynda milli sungatymyzy giňden wagyz etmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik we gözellik ruhunda terbiýelemekde Medeniýet hepdeliginiň ähmiýeti nygtaldy.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary, Suratkeşler birleşmesiniň agzalarynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň işleri görkezildi.

Sergi Döwlet muzeýiniň gaznalarynyň etnografiýa gymmatlyklary, gadymy milli lybaslar, ajaýyp şaý-sepler, halylar we haly önümleri, halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň gadymylygy, milletimiziň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän däp-dessurlary barada gürrüň berýän gymmatlyklar bilen açylýar.


Şeýle hem muzeýiň eýwanynda kitap sergisi guraldy. Onda milli nusgawy edebiýatyň täze neşir edilen eserleri, taryha we sungata, Gadymy Merwiň binagärligine degişli kitaplar, şahyrana ýygyndylar hem-de beýleki eserler goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimize we sungatymyza bagyşlanan işleri, çeper eserler sergide görnükli orun eýeleýär.

Binanyň birinji gatynda guralan sergide grafika, surat eserleri, türkmen şekillendiriş sungaty mekdebiniň wekilleriniň döreden şekilleri, Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň diplom işleri görkezilýär. Muzeýiň ikinji gatynda milli şekillendiriş sungatynyň eserleri, onuň “altyn gaznasyndaky” işler bilen tanyşmak bolýar. Gadymy Merwiň aýratynlyklary, hökümdarlaryň, serkerdeleriň, geçen asyrlaryň akyldarlarynyň suratlary, rowaýatlar bu ýerde görkezilýän eserlerde öz beýanyny tapypdyr.


Dürli çeperçilik usullary arkaly ýerine ýetirilen eserler, tebigy şekiller, halkyň durmuş pursatlary, döwürdeşlerimiziň suratlary has-da özüne çekijidir. Zenan keşplerini janlandyrýan eserlerde reňkleriň sazlaşygy, şahyranalyk, gaýtalanmajak milli öwüşgin äşgär duýulýar. Mähriban topragymyza bolan söýgini, täze eýýamda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, dürli ugurlara degişli şekilleri özünde jemleýän surat eserleri milli çeperçilik sungatynyň ýeten täze derejesini, türkmen jemgyýetiniň baý ruhy durmuşyny alamatlandyrýar.

Sergi bilen tanyşlyk bagşylaryň toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Munuň özi çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Ylmy maslahatyň barşynda medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşan sungaty we medeniýeti öwrenijiler, muzeý hem-de kitaphana işiniň hünärmenleri, şahyrlar, ýazyjylar, suratkeşler çeper döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, žurnalistler taryhy-medeni mirasy halkara derejesinde saklamagyň, öwrenmegiň we olary wagyz etmegiň meseleleri, türkmen halkynyň medeniýetiniň hem-de sungatynyň häzirki döwürde ýeten derejesi barada gürrüň berdiler. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ösdürilmelidigi barada aýdyldy.


Maslahata gatnaşyjylar ylmy-taryhy hem-de medeni barlaglaryň anyk netijeleri we milli sungatyň dürli ugurlarynyň kemala gelmeginiň hem-de olary ösdürmegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň alyp barýan oňyn halkara syýasaty, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna berilýän hemmetaraplaýyn goldaw Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär.

Bu ýere ýygnananlar milli medeniýetimiziň gülläp ösmegi, onuň çeşmeleriniň ylmy esasda öwrenilmegi, halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ýaş zehinleriň höweslendirilmegi ugrunda döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda yhlaslaryny we ussatlyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdylar.

Agşamlyk Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik toparynyň görkezen täze “Ata pendi” atly sahna oýnunda milli medeni ýörelgeler we halkymyzyň taryhy barada gürrüň berilýär.


Dürli wakalara, gündogar durmuşyna mahsus ýagdaýlara, halk döredijiliginiň gaýtalanmajak öwüşginlerine baý bolan sahna oýny şol döwrüň durmuşyny we milli medeniýetiň ajaýyp dünýäsini açyp görkezýär. Eserde dramaturgiýanyň bitewüligi, sahna keşpleriniň nuranalygy, sazyň we bezegleriň gözelligi sazlaşyp, on bäşe golaý aktýoryň yhlasyny özünde jemleýär.

Täze eseriň saz we çeperçilik bezegi milliligi bilen tapawutlanýar. Onda dutaryň we tüýdügiň ajaýyp owazlary sazlaşykly ulanylýar. Watansöýüjilikli aýdymlary eseriň täsirini artdyrýar.

Tejribeli ussatlaryň we ýaşlaryň zehinleriniň sazlaşygy sahnada taryhyň arabaglanyşygyny, halk hakydasyny, nesilleriň ruhy bitewüligini duýmaga ýardam edýär. “Ata pendi” eseri, göýä diýersiň, ýurdumyzyň häzirki gününe geçýän köprini alamatlandyrýan sahna baýramçylygy bilen jemlenýär. Eseriň ahyrynda dürli döwürler baglanyşýar we pederlerimiziň asylly ýörelgelerini aýawly saklaýan hem-de ösdürýän häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklarynyň möhüm ugurlaryny tassyklaýar.

Ýurdumyzyň meşhur teatrlarynyň biri bolan Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda dürli görnüşli oýunlar goýulýar. Olar sahna eseriniň muşdaklarynyň arasynda gyzgyn garşylanylýar. “Ata pendi” täze sahna eseriniň ilkinji görkezilişi munuň aýdyň subutnamasydyr, tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary hem-de ajaýyp gül desseleri sahna eserini döredijileriň ussatlygyna berlen ýokary bahadyr.

Döredijilik hepdeliginiň üçünji güni Mary welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen jemlendi. Açyk meýdançada halk aýdym-sazlary, häzirki zaman estrada aýdymçylarynyň çykyşlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Türkmen sungatynyň köp öwüşginli derejesini özünde jemleýän çykyşlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.