Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda eminleriň okuw maslahaty geçirildi. Guşakly göreş boýunça halkara federasiýasynyň wekilleriniň hem çagyrylan sport okuw maslahaty sportuň bu görnüşleri boýunça Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna gabatlanyldy.
Okuw maslahatynyň baş maksady göreş boýunça eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Türkmen milli göreşi boýunça eýýäm iki gezek Aşgabatda we Orenburg şäherinde dünýä çempionatlary geçirilipdi, şonda Türkmenistanyň hünärmenleri eminlik etdiler. Bu ugurda işleri geçirmek, şol sanda daşary ýurt tälimçilerine we türgenlerine eminlik başarnyklaryny öwretmek üçin degişli halkara nusgaly şahadatnamalaryň bolmagy zerurdyr. Geçen ýylyň ahyrynda Bütindünýä göreş federasiýasynyň esaslandyrylmagy bilen ýörite okuw maslahatlaryny guramagyň zerurlygy has-da artdy.
Şeýle şahadatnamany almak üçin bu gezekki okuw maslahatyna gatnaşyjylar özboluşly synagdan geçmeli bolarlar, olar göreş boýunça synag häsiýetli Aziýa çempionatynda dürs eminlik etmegiň nusgasyny görkezmelidirler. Bu çempionatyň jemleri biziň türgenlerimiziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesiniň özboluşly synagy bolar.
Okuw maslahatynyň işine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan eminleriň 45-si, şeýle hem daşary ýurt hünärmenleri — Halkara guşakly göreş federasiýasynyň sport-tehniki toparynyň başlygy Wener Gaýnullin hem-de halkara derejeli eminler Halil Garifullin we Aýdar Islamgulow gatnaşdylar.
Maslahatda türkmen göreşi bilen bir hatarda, “Aziada — 2017”-niň maksatnamasyna girýän nusgawy guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatynda eminlik etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, daşary ýurtly hünärmenler maslahata gatnaşyjylary sportuň bu görnüşiniň düzgünlerine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen tanyşdyrdylar, öňde boljak bäsleşikleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de guşakly göreşi halkara derejesinde mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Iki göreş boýunça Aziýanyň synag çempionaty 26-njy iýunda badalga alýar. Sportuň bu görnüşleriniň nusgawy hem-de erkin ugurlary boýunça Aşgabatda geçiriljek bäsleşiklere 16 ýurtdan 300-e golaý türgen gatnaşar. Ýaryşlar 29-njy iýuna çenli dowam eder.