Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününde Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda «Saýathan» operasynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy.
Emele gelen däbe görä, şu günki tanyşdyrylyş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda esaslandyrylan hem-de Türkmenistanda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyldy, bu gün milli sungatymyzyň taryhyna türkmen operasynyň gaýtadan dikeldilen senesi hökmünde girdi. Şondan bäri opera eserleriniň görkezilişi ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda her ýyl geçirilýän we häzirki zaman sungatynyň gazananlaryny açyp görkezýän Medeniýet hepdelikleriniň maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
“Saýathan” operasyny zehinli kompozitor Aman Agajykow döretdi. Bu işe kompozitor Nurygandym Hojamuhammedow hem goşandyny goşdy. Alty Garlyýew hem-de Atamyrat Atabaýew tarapyndan ýazylan librettonyň esasyny gadymy “Saýatly-Hemra” halk dessany düzdi. Meşhur opera aýdymçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa sahna oýnunyň maslahatçysy boldy.
Bu dessan ilkinji gezek Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy golýazmalar esasynda neşir edildi hem-de gadymy edebiýatlar kitaphanasynyň eserleriniň üstüni ýetirdi. Türkmen folklorynyň iň gadymy we köp ýaýran görnüşleriniň biri bolan dessanlar halkyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, olarda köpasyrlyk taryh, ahlak we durmuş däp-dessurlary beýan edilýär.
Dessanda wasp edilýän ajaýyp we belent söýgi duýgulary häzirki wagtda, köp asyrlardan soň hem adamlaryň kalplaryny hoşniýetli duýgulara besleýär.
Spektakly döredijileriň aýtmaklaryna görä, bu halk dessanynyň saýlanyp alynmagy Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda teatrlarda goýulýan sahna eserleri üçin häsiýetlidir.
Köpöwüşginli we täsirli sahna oýny tomaşaçylara türkmen däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny aýdyň duýmaga mümkinçilik berýär. “Saýatly-Hemra” dessanynyň ähli gazallarynyň diýen ýaly aýdym hökmünde uly baýramçylyklarda, şeýle hem maşgala dabaralarynda höwes bilen ýerine ýetirilýändigi bu dessanyň halk tarapyndan söýlüp diňlenýändigine şaýatlyk edýär. Operany döredijiler dessany gaýtadan, döredijilikli işläp, onuň folklor saz we wakalar binýadyny häzirki döwre kybaplaşdyrdylar.
Sahna oýny tomaşaçylara şahyrana ýüzlenme bilen açylýar, onda taryhy-medeni mirasy gorap saklamagyň, ony geljekki nesillere ýetirmegiň ähmiýeti barada aýdylýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, ony dörediji hem-de ruhlandyryjy — halkymyzyň Arkadagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan medeni syýasaty wasp edilýär, bu syýasat bolsa türkmen sungatyna giň ýol açdy.
Sahna oýnundaky wakalar ajaýyp we buýsançly Saýathan atly gyz hakynda hekaýat bilen başlanýar, sazanda ýigit Hemra bu gyzyň söýgüsini gazanmak üçin ýola düşýär. Eseriň gahrymanlary başlaryna düşen synaglardan, öňlerinde goýulýan päsgelçiliklere garamazdan, mynasyp geçýärler, ähli durmuş külpetlerine döz gelýärler. Spektaklyň öňe sürýän pikirleriniň biri hem sungat baradaky gürrüňdir. Onda dutar çeper sungatyň nyşany hökmünde görkezilýär. Eseriň saz bezegi heňi boýunça milli folklora ýakyndyr.
Täze sahna eseriniň saz bezeginde giň göwrümli sahnanyň berýän mümkinçilikleri netijeli peýdalanylýar, operada hor aýdymlary, köp hereketler ulanylypdyr. Köpçülikleýin sahnalaryň ählisi halkyň ruhuna ýugrulyp, durmuşyň ähli gowy taraplaryny açyp görkezýän ýomaklar bilen baýlaşdyrylypdyr.
Sahna oýnunda keşpleriň aýdyňlygy, sazyň we teatr lybaslarynyň gözelligi utgaşykly sazlaşýar. Zenan milli şaý-sepleriniň peýdalanylmagynda özboluşly bezelen sahnalarda mirasa sarpa goýmak meselesi öz beýanyny tapýar. Olar diňe bir sahnada bolup geçýän wakalara aýratyn öwüşgin çaýmak bilen çäklenmän, sahnanyň doly derejeli janly keşplerine öwrülýär, bezeg görnüşleriniň her biri sahna boýunça hem-de onuň ýokarsynda erkin hereket edýärler, gündogar minaralaryny, zyndanlary ýada salýan diňlere öwrülýärler, ol ýerde gahrymanlar ejir çekýär, belent arzuw-hyýallar emele gelýär, gizlin ýerlerde gahrymanlaryň duşuşyklary bolup geçýär.
“Saýathan” operasynda baş keşpleri Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary ýerine ýetirýär. Olar sungat ussatlarynyň ýardam bermeginde bu ynamy aňryýany bilen ödediler. Döredijilik ussatlygynyň, tejribesiniň we ýaşlyk hyjuwynyň sazlaşygy türkmen medeniýeti üçin häsiýetli bolup, nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Bu oýna şeýle hem Döwlet simfoniki orkestri, Döwlet hory, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň artistleri gatnaşdylar.
Bahasyna ýetip bolmajak ahlak gymmatlyklaryny wasp edýän bu spektakl biziň döwrümiziň — milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden we ruhlandyrýan täze taryhy eýýamyň ýaşaýjylaryna ruhy ýüzlenmäni özünde jemleýär.
Opera eserindäki wakalar Watanymyzy, Arkadagymyzy, sungatyň beýik güýjüni wasp edýän watançylyk aýdymy bilen jemlenýär.
Tomaşaçylar ajaýyp aýdymyň sözlerini ör turup diňlediler. Ter gül desseleri hem-de dowamly el çarpyşmalar tomaşaçylaryň artistlere bildiren mynasyp hormat-sarpasy boldy.