Mary şu günler uly we ajaýyp döredijilik baýramçylygynyň ruhuna beslenen ýurdumyzyň medeni durmuşynyň merkezine öwrüldi. Şu gün bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasyny bagşylaryň birleşen toparynyň konserti hem-de Lebap we Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary düzdi.
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada agşamara uly türkmen toýy ýaýbaňlandy. Düýn bolsa bu ýerde türkmen obasynyň keşbi emele getirildi. Ak öýlerde, owadan bezelen sekilerde etnografik sergiler guraldy. Olarda amaly-haşam sungatynyň iň oňat nusgalary hem-de däp bolan hünärmentçilik işleri görkezildi. Bu ýerde sungat hakynda gürrüň berýän kitap önümleri hem-de Marynyň suratkeşleriniň işleri görkezilýär. Kitap sergisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine hormatly orun berildi.
Köp sanly tomaşaçylar ajaýyp işler bolan haly önümleriniň, keçeleriň, ketenileriň, milli el işleriniň taýýarlanylyşyna syn etmäge mümkinçilik aldylar. Olaryň gölleriniň öwüşgini halk bagşylarynyň we sazandalarynyň sungatyna çalymdaş.
Şunuň ýaly owadan görnüşde bezelen meýdança ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan bolan dutarçylaryň ýüzüsini birleşdiren sazandalar toparynyň çykyşlary üçin ajaýyp sazlaşygy döretdi. Olar gözbaşy asyrlaryň çuňluklaryna uzalyp gidýän aýdym-saz sungatyny halkymyzyň neneňsi yssy mähir bilen garşylaýandygyny ussatlarça görkezdiler. Ady belli ussatlar bilen bir hatarda konsertde “Ol şirwan perdäňden çalsana bagşy” diýen at bilen ýaş bagşy-sazandalar gatnaşdy. Bu bolsa halypa-şägirt mekdebiniň deňsiz-taýsyz ähmiýetini ýüze çykarýar. Şonuň netijesinde milli medeniýetimiz özüniň ähli baý köp görnüşliliginde özboluşlylygyny saklap galdy.
Bagşylaryň sazlary türkmen medeniýetiniň uly gatlagydyr, ýokary hünär ussatlygynyň nusgasydyr. Ol köpasyrlyk çeperçilik däpleriniň esasynda kemala geldi hem-de göni ýerine ýetiriliş tejribesinde her täze nesil tarapyndan kämilleşdirildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda bagşyçylyk sungatynyň öwrenilýändigi we giňden wagyz edilýändigi halk sazandalaryna hem-de bagşylaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet tarapyndan olara “Türkmenistanyň halk bagşysy” diýen hormatly at berilýär. Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda hem-de ýöriteleşdirilen sungat mekdeplerinde bagşylary taýýarlamak boýunça bölümler hereket edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde şu ýyl Ahal welaýatynda bagşylaryň festiwaly geçirildi. Ol bu sungatyň ösdürilmegine we giňden wagyz edilmegine ýardam berýär.
Hemme döwürlerde dutarçylar ýurdumyzda aýratyn hormatdan peýdalanypdyr, çünki olaryň çalýan sazlarynda halkyň durmuşy we onuň kalby beýan edilipdir. Bagşylaryň aýdym-sazlary türkmenleriň gözel duýgulary we umytlary barada tolgundyryjy gürrüňleri özünde jemleýär. Döwlet Baştutanymyzyň öz kitaplarynyň birini milli saz sungatyna bagyşlap, ony “Ile döwlet geler bolsa...” diýip atlandyrmagy ýöne ýerden däldir. Milli Liderimiz beletlik, uly söýgi we aýratyn hormat bilen türkmen owazynyň hem-de mukamlary düzmegiň aýratynlyklaryny, halypaçylyk däpleriniň nesilden-nesle geçijiligini hem-de dürli döredijilik mekdepleriniň döreýşini beýan etdi, asyrlaryň dowamynda bagşylaryň türkmen medeniýetinde tutýan ornuny görkezdi. Uly göwrümli iş şöhratly halk sazandalary, dürli milli saz gurallary, meşhur bagşylaryň we sazandalaryň arhiw fotosuratlary barada baý maglumatlary özünde jemleýär.
Konsertiň maksatnamasyna kakylyp çalynýan saz gurallarynda ýerine ýetirilen sazlar, dessanlardan bölekler hem-de ajaýyp türkmen şahyrlarynyň söýgi goşgularyna döredilen aýdymlar girdi. Häzirki nesil halk sazlaryny ýerine ýetirmegiň däplerini saklaýar we ösdürýär. Muny bolsa ýaş bagşylar örän ussatlyk bilen görkezdiler.
Köpasyrlyk döredijilik däpleriniň esasynda kemala gelen türkmen bagşyçylyk sungaty diňleýjilere öz tolgundyryjy täsir ediş güýjüni ýitirmedi. Haýran galdyryjy çykyşlar, folkloryň inçe mazmuny hem-de halk mukamlarynyň ähli gözelligini köpçülige ýetirmäge bolan isleg — bular sazandalaryň üstünligini emele getiren ýagdaýlar boldy. Şol ýerine ýetirijiler bolsa bu ajaýyp döredijilik agşamynyň köp sanly tomaşaçylarynyň joşgunly el çarpyşmalary bilen sylaglandy.
Döredijilik forumynyň nobatdaky güni Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti bilen tamamlandy. Mary welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlanan ajaýyp çykyşlarda ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmen baýramçylyklarynyň bezegi bolan gadymy mukamlar hem-de döwrebap estrada aýdym-sazlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.