Ï Sambo boýunça Aşgabatda tamamlanan Aziýa çempionatyna ýokary halkara bahasynyň berilmegi – täze sport ýeňişlerini gazanmaga ajaýyp mümkinçilikdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sambo boýunça Aşgabatda tamamlanan Aziýa çempionatyna ýokary halkara bahasynyň berilmegi – täze sport ýeňişlerini gazanmaga ajaýyp mümkinçilikdir

view-icon 1195
Aşgabatda Aziýa çempionaty tamamlandy. Oňa kontinentiň ýigrimiden gowrak döwletinden 400-den köpräk türgen gatnaşdy. Toparlaýyn hasapda ýeňişi türkmen atletleri gazandylar. Olar jemi medallaryň 66-ny gazanyp, olaryň 21-si – altyn, 26-sy – kümüş, 19-sy bürünç medallardyr.

Bu bäsleşikler türkmen paýtagtynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýralyk görmegiň test bäsleşikleri boldy. Bu ýaryşlar biziň ýurdumyzyň Azianyň we Okeaniýanyň ýurtlarynyň 62-nden türgenleriň gatnaşjak öňde duran kontinentiň iri oýunlaryna taýýarlygyny kesgitlemäge şert döretdi.

Bu günki gün bu “synag” örän üstünlikli tabşyryldy diýip, ynam bilen aýdyp bileris. Bu barada sambo boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşyjylar gürrüň berýärler.

Hususan-da, Aziýanyň sambo birleşiginiň prezidenti Alamjon Mullaýew çempionatyň guralyşy örän ýokary baha mynasyp diýip, belledi.


– Ilki bilen men Türkmenistanyň Sambo federasiýasyna, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine, 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetine Aziýa çempionatyna şeýle ýokary derejede tüýýarlyk görülýändigi üçin hoşallygymy bildiresim gelýär. – Türkmenistanda geçirilen bu çempionat – kontinental möýberde ilkinji sport çäresi bolup durýar. Ol ýurduň iň iiri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezdi.

Çempionatda ussatlygyň ýokary derejesini görkezen türkmen türgenleriniň üstünliklerini aýratyn belläsim gelýär. Bu bolsa sportuň ösdürilmegine, aýratyn hem söweş sungaty boýunça, uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Milli sambo federasiýalarynyň ählisiniň wekilleri Olimpia şaherçesinde türgenler üçin döredileýen oňyn mümkinçiliklere, ajaýyp sport toplumlaryna baha berdiler. Şu sambo boýunça Aziýa çempionaty we biziň ýurdumyzda ýylyň dowamynda geçiriljek beýleki test ýaryşlarynyň Aziada 2017-de paýtagty mynasyp görkezjekdigine men berk ynanýaryn.

Çempionatyň geçirilen günlerinde Olimpia şäherçesiniň başa-baş söweş sungatynyň sport toplumynyň maslahat zalynda Azia sambo geňeşiniň kongresi geçirildi. Bu mejlise ýurtlaryň 20-den wekiller gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň sambo federasiýasynyň prezidenti, Sebitiň Merkez Aziýa sebitiniň samboçylarynyň prezidenti Ata Adaýewi Aziýanyň sambo geňeşiniň wise-prezidentligine bir agyzdan ses berdiler.


Şeýle hem sambo boýunça aziýa federasiýalarynyň ählisiniň geçirýän işleri we goldamaklary netijesinde kontinentde sambo sportuň çalt depginler bilen ösýän görnüşine öwrüldi. Sambo Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy – munuň örän uly üstünlikdigini belläp geçmelidiris.

Halkara sambo federasiýasynyň PR we marketing Departamentiniň ýolbaşçysy Natalýa Ýuharýewa tamamlanan çempionata örän ýokary baha berdi:

– Men bu iri göwrümli sport çäresine gatnaşandygyma örän şatdyryn. Biz üçin – Halkara sambo federasiýasynyň wekilleri üçin – bu, bir tarapdan, gözden geçiriş, beýleki tarapdan – açyş. Türkmenistan özüniň oňyn amala aşyrmalary bilen bizi haýran galdyrdy, hemme zat sport howasyndan dem alýar, öňde dura Azia oýunlary bilen ýaşaýar. Bizde türkmen myhmansöýerligi we dostlugy uly täsir galdyrdy we Aziýanyň başlanmagyna çenli galan wagtda sport dünýäsinde Türkemnistanyň halkara derjesiniň ýokarlandyrylmagy üçin örän netijeli bolmagyny arzuw edýäris.

Umumytopar hasapda türkmen samboçylarynyň gazanan ýeňişleri bilen gutlaýaryn. Aýratyn hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemekleri üçin döredilen ajaýyp şertleri aýratyn bellemek isleýärin.


– Islendik ýaryşlaryň üstünliginiň möhüm bölegi bolup, aýratyn hem halkara derejesindäki ýokary hilli eminlik etmek möhüm bölegi bolup durýar – diýip, Halkara sambo federasiýasynyň eminler toparynyň başlygy Ýewgeniý Seliwanow öz beren interwýusynda belledi. Biz Türkmenistana sambo boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge kömek bermek üçin geldik. Onuň başlanmagyna çenli Halkara sambo federasiýasynda Türkmenistandan bir emin hem ýokdy. Biz milli federasiýasynyň haýyşyna seslendik we sertifikasilaşdyrmagy geçen eminler üçin okuw maslahatyny geçirdik. Biz üçin şeýle ýokary derejede guralan çärelere getnaşmak uly hormat bolup durýar. Biz mundan beýläk hem öňde duran oýunlara taýýarlyk görmakde Türkmenistana ählitaraplaýym ýardam bermäge taýýar we Aziada-2017-niň dünýäniň sport wakalarynyň sene ýazgysyna aýdyň sahypa bolup girjekdigine hiç-hili şübhelenmeýäris.

Sambo boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Ýöne Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň öňünde toplanan tejribäni seljermek we öz işini Aziada-2017-ä raýýarlyk görülýän aýgytlaýjy tapgyrynda işjeňleşdirmek wezipesi durýar. Halkara hünärmenleriniň beren ýokary bahhasy bolsa – iri göwrümli amala aşyrmalaryna barýan ýolda ajaýyp höweslendirme bolup durýar.