Ï Medeniýet hepdeligi — 2016: dabaraly ýapylyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi — 2016: dabaraly ýapylyşy

view-icon 962
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününde Mary welaýatynyň merkezinde Medeniýet hepdeliginiň jemleýji çäresine öwrülen uly baýramçylyk konserti boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlanan uly möçberli forumy ajaýyp wakalara baý boldy. Şol wakalar ýurdumyzyň medeniýetiniň ägirt uly mümkinçiligini hem-de Türkmenistanda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan uly işleri şöhlelendirdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dört ýyl mundan ozal başy başlanan däp özüniň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezdi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen halkymyzyň baý mirasyny hem-de taryhy-medeni gymmatlyklaryny öwrenmekde we gorap saklamakda gazanylanlary beýan edip, olary mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam berdi.

Döredijilik çärelerine meşhur ýerine ýetirijiler, ussat döredijilik toparlary hem-de görnükli folklor-etnografik toparlar, şeýle hem uly sungatda öz ýoluna başlaýan artistler gatnaşdylar. Uly döredijilik baýramçylygynyň ajaýyp keşbi ýurdumyzyň medeniýetini has-da ösdürmäge, döredijilik işgärleriniň hünäriniň ýokarlanmagyna täze depgin we kuwwatly itergi beren köpsanly hem-de dürli çäreleri özünde jemledi.


Hepdeligiň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşirýat önümleriniň sergileri, şygryýet agşamy hem-de bagşylaryň konserti geçirildi, “Saýathan” operasynyň hem-de “Ata pendi” sahna oýnunyň ilkinji görkezilişleri, “Bagtyýar nesiller” atly çagalar döredijilik baýramçylygy, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak konsert çykyşlar boldy. “Medeni miras—halkyň ruhy dünýäsi” atly ylmy maslahatyň işi taryhy-medeni mirasy hem-de bu ulgamda häzirki zaman gazananlaryny gorap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň wajyp meselelerine bagyşlanyldy.

Forumyň geçen günlerinde birek-birek bilen özara pikir alşylyp, döredijilik hakda gürrüň edildi, ussatlaryň köpsanly çykyşlary guraldy, täze zehinler ýüze çykdy. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar, şeýle hem “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler, häzirki zaman sungatynyň köklerine kuwwat berýän türkmen halkymyzyň gadymy we özboluşly baý medeniýeti bilen tanyşdylar.

Marynyň merkezinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasynyň ýanynda gadymy keşpde şekillendirilen döredijilik şäherçesi ýerleşdirildi. Muzeýiň zallarynda sungat eserleriniň sergisi guraldy. Mary welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdança aýdymçylaryň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda her günki çykyşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda bolsa teatr we opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler.


Öz binagärlik keşbi we bezelişi boýunça ajaýyp ýerine ýetirilen “Türkmeniň ak öýi” binasy Medeniýet hepdeliginiň ähmiýetine hem-de döredijilik taýdan baýlaşmagyna laýyk gelýär. Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gala-konserti geçirilip, ol Maryda guralan döredijilik çäreleriniň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Ägirt uly türkmen ak öýi görnüşindäki bu bina geçen ýyl açyldy. Bu ýerde uly dabaralary we medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan hem-de sahnasynda dürli ýurtlaryň sungat ussatlaryny jemlän dostluk konserti bu ýerde geçirilen ilkinji çäre boldy.

“Türkmeniň ak öýüniň” eýwanynda halkymyzyň iň gowy köpasyrlyk çeperçilik däplerini özünde jemlän türkmen şekillendiriş sungatynyň nusgalary görkezildi. Bu ýerde halylaryň hem-de haly önümleriniň owadan sergisi guraldy.

Şu baýramçylyk gününde ajaýyp konsert zalyna hökümet agzalary, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, welaýatyň we Mary şäheriniň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasy, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerine hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzy watandaşlarymyzy baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda onuň aýratyn ähmiýetini belledi. “Bu ýyl medeniýet we sungat işgärlerimiziň baýramy has-da uly many-mazmuna eýe bolýar. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dabaralar medeniýet, sungat ussatlarymyzyň beýik özgertmelerimize mynasyp goşant goşýandyklaryny, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasy hasaplanylýan milli mirasymyzy belentden wasp edýändiklerini aýdyň görkezýär” diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Türkmenistanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, “Biziň milli mirasymyz halkymyzyň aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim-parasat terezisidir. Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr. Türkmen medeniýeti dünýäniň taryhynda müdimi orun alan maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzyň bir bitewi ulgamydyr”.


Dabara ussat aýdymçylaryň, estrada ýerine ýetirijileriniň, ýurdumyzyň sahnalarynyň dogup gelýän ýyldyzlary bolan milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, Diýarymyzyň dürli künjekleriniň belli tans toparlarynyň hem-de folklor toparlarynyň gatnaşmagyndaky gala-konsert bilen dowam etdi.

Konsert “Arkadagyň saýasynda, mirasyma sarpa bar!” diýen aýdym-sazly çykyş bilen açyldy. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň – türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeniýetini öwrenmäge, onuň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge ýardam berýän ösüşlere beslenen uly möçberli özgertmeler eýýamynyň senasy bolup ýaňlandy. Bu çykyş hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat baradaky edebi eserlerine we işlerine bagyşlanyldy.

Türkmen halkymyzyň Arkadagyny—mähriban ýurdumyzy rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şöhratlandyrýan aýdym onuň özboluşly dowamyna öwrüldi. Artistleriň çykyşlary milli mirasymyzyň baýlygyny, täze taryhy eýýamda milli medeniýetiň yzygiderli ösüşini beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Konsertde halk mukamlary, häzirki zaman owazlary, söýgi hakyndaky eserler, şol sanda milli we dünýäniň nusgawy sazlary ýaňlandy. Ýurdumyzyň meşhur tans toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki halk döredijilik äheňleri boýunça çykyşlar tomaşanyň bezegi boldy.

Häzirki zaman enjamlar hem-de sahnanyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, owadan keşbi uly çykyşy guraýjylaryň täzeçil çözgütleriniň amala aşyrylmagyna ýardam etdi.

Köpsanly tomaşaçylar ajaýyp aýdym-saz çykyşlaryna el çarpdylar. Şol çykyşlaryň her biri özüne çekiji boldy, türkmen halkynyň özboluşly däpleri beýanyny tapan folklor çykyşlary täsir galdyrdy. Konsert maksatnamasynda gadymy dessanlar hem-de häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň eserleri, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ählisiniň wekilleriniň tanslary utgaşykly sazlaşdy.


Medeniýet hepdeligini geçirmek gezeginiň özboluşly berilmegi “Türkmeniň ak öýüniň” sahnasyndaky dabaranyň esasy pursatlarynyň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.

Döwürleriň hem-de nesilleriň hemişelik arabaglanyşygynyň özboluşly nyşany bolan gadymy küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi gala-konsertiň kalplary joşduran jemleýji bölegine öwrüldi.

Döredijilik çäresi watançylyk aýdymy bilen tamamlandy. Onuň dabaraly owazy astynda monitorlarda täze taryhy eýýamyň döredijilik gadamlaryny, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň üstünliklerini şöhlelendirýän şekiller görkezildi. Dabara gatnaşyjylar ör turup, mähriban Arkadagymyza aýratyn çuňňur hoşallyk duýgulary bilen türkmenistanlylaryň ýüreklerini ata Watanymyza bolan buýsanç duýgusy bilen doldurýan bu watançylyk aýdymyny ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk konserti türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine hem-de döredijilik üstünliklerine atarýan we bu ugurda jebisleşdirýän sungatyň beýik güýjüniň senasy bolup ýaňlandy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar ýurdumyzda hemmetaraplaýyn döredijilikli işlemäge we döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygyna örän amatly şertleriň döredilendigi, forumy iň ýokary derejede geçirmek mümkinçiligi baradaky ýadawsyz aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ähli güýçlerini we zehinlerini hem-de ylhamlaryny milli medeniýetimizi has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, söýgüli Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmagyň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.