Ï Türkmen pälwanlary öňde barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen pälwanlary öňde barýarlar

view-icon 1532
Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda guşakly göreşiň “erkin görnüşi” ugry boýunça Aziýa çempionaty badalga aldy, bäsleşiklerde türkmen türgenleri sportuň bu görnüşi boýunça özleriniň güýçlüdigini görkezdiler. Biziň pälwanlarymyz jemi 27 medala — 12 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medala eýe bolup, ýaryşlaryň birinji gününde umumy toparlaýyn hasapda öňdäki orny eýeleýärler.


Bu ýerde geçirilen türkmen göreşi boýunça Aziýa çempionatynda hem ýer eýeleriniň iki günüň dowamynda jemi 48 medala (22 altyn, 14 kümüş we 12 bürünç) eýe bolandyklaryny ýatladýarys. Bu görkeziji hem biziň toparymyza iň gowy toparlaryň hatarynda ýokary derejäni eýelemegi üpjün etdi. Şunda ikinji orun eýelän Gyrgyzystanyň ýygyndy topary bilen (jemi 10 medal – iki altyn, bir kümüş we ýedi bürünç) aratapawut örän uly boldy. Düýnki üstünligi bu gün nusgawy guşakly göreş boýunça türkmen türgenleri berkidýärler.

Ýene-de final tutluşyklary diňe biziň türgenlerimiziň gatnaşmagynda geçirildi. Olaryň birinde, 62 kilograma çenli agram derejede hünärmenler dünýäniň iki gezek çempiony hem-de göreş boýunça birinji Aziýa çempionatynyň ýeňijisi, halkara derejeli sport ussady Tirkişgeldi Aýazow üstünlik gazanar diýip çakladylar, emma, ýaş we geljegi uly Şatlyk Jumanazarow tejribeli bäsdeşini 8:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu üstünlik onuň milli ýygyndy toparymyzyň düzümine girizilmegine tarap ýol açýar.


Tomaşaçylar milli ýygyndy toparyň tälimçisi, halkara derejeli sport ussady we zehinli türgen Nasiba Surkiýewany aýratyn şowhunly garşyladylar. Ol diňe bir guşakly göreş boýunça däl-de, sambo we dzýudo boýunça hem bäsleşiklere gatnaşýandygy bilen tanalýar. Final duşuşykda özbegistanly türgenden üstün çykmak üçin Nasiba bary-ýogy bäş sekund ýeterlik boldy: ol bäsdeşini öz üstünden arkanlygyna oklap, onuň ýagyrnysyny ýere degirdi. Bu biziň türgenlerimiziň şu çempionatda gazanan üçünji medalydyr: ol degişlilikde göreşiň nusgawy we erkin görnüşlerinde altyn we bürünç medallary alypdy.

Türkmen türgenleri Rozymyrat Medow (68 kg. çenli) we Derýa Abdyýew (75 kg. çenli) degişlilikde aýgytlaýjy tutluşyklarda özbek we gyrgyz pälwanlaryny ýeňdiler. Munuň üçin olara iki minutdan hem az wagt ýeterlik boldy. Eminler olaryň arassa ýeňiş gazanandyklaryny hasaba aldylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Allanur Goçow (57 kg çenli), Garmämmet Şamämmedow (82 kg çenli), Seydi Batyrow (100 kg çenli), Rejepaly Orazalyýew (100 kg-dan ýokary), Laçyn Badaglyýewa (52 kg çenli), Zöhre Madraýimowa (58 kg çenli), Gülnar Haýytbaýewa (63 kg çenli) we Şirin Kubaýewa (77 kg-dan ýokary) altyn medallara eýe boldular.


Mälik Annabaýew (57 kg çenli), Mekangeldi Berdiýew (82 kg çenli), Kerim Gurbanow (90 kg çenli), Zarina Abdyrahmanowa (58 kg çenli), Dinara Hallyýewa (63 kg çenli), Rano Uzakowa (70 kg çenli), Orazgül Seýidowa (77 kg çenli) we Maksuda Egemberdiýewa (77 kg-dan ýokary) kümüş medallara, Ýagşymyrat Annamyradow (75 kg çenli), Hanmuhammet Patdyýew (90 kg çenli), Hoşgeldi Hanaýew (100 kg çenli), Wepa Orazmyradow (100 kg-dan ýokary), Gülfiýa Jumaýewa (52 kg çenli) hem-de Jahan Muhammedowa (77 kg çenli) bürünç medallara mynasyp boldular.

Umumytoparlaýyn hasapda ýeňiji bellidir, 9 medal bilen (bir altyn, üç kümüş we bäş bürünç) Özbegistanyň ýygyndy topary ikinji, 8 medal (bir altyn, iki kümüş we bäş bürünç) bilen Gyrgyzystanyň topary üçünji orunlary eýelediler.

Mälim bolşy ýaly, guşakly göreş we türkmen göreşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şu gezekki yklym derejeli ýaryşlaryň görkezişi ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy topary ýokary netijeler gazanmaga ukyplydyr.

Aziýa çempionatynyň soňky güni, 29-njy iýunda nusgawy guşakly göreş görnüşi boýunça erkekleriň arasynda sekiz agram derejesinde hem-de zenanlaryň arasynda alty agram derejesinde bäsleşikler geçiriler.