Düýn Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretleri içre gülläp ösýän eziz Diýarymyzyň çar künjegi halkymyzyň Arkadagy — milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän, mähriban Watanymyzyň keşbini düýpli özgerden beýik işlere bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna beslendi. Bu ajaýyp dabaralar agzybir halkyny ýürekden söýýän, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň öz ili bilen bir jan-bir tendigini — milli jebisligiň mizemezdigini alamatlandyrdy. Dabaralarda ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar türkmen halkynyň Gahryman Arkadagyna çäksiz buýsanjynyň, guwanjynyň, ak ýürekden alkyşlarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Şeýle dabaralaryň biri paýtagtymyzda — şäheriň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Arkadag” seýilgähinde geçirildi. “Arkadaga şöhrat bolsun, şan bolsun!” ady bilen geçirilen bu baýramçylyk konserti ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Geçen ýyl hut şu senede açylan bu seýilgähde açyk asmanyň astyndaky baýramçylyk sahnasy toý lybasyna beslenip, seýilgähiň bezeginde aýratyn orun eýeleýän dürli reňkli yşyklar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Ussatlyk derejesinde, ýokary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar biri-biriniň üstüni ýetirip, konserte gatnaşyjylara baýramçylyk şatlygyny bagyşlady. Aýdyň ertirleriň kepiline, eşret çeşmesiniň gözbaşyna öwrülýän tutumly işleriň sakasynda duran mähriban Arkadagymyza bagtyýar türkmen halkynyň çäksiz söýgüsiniň belent beýanyna öwrülen bu dabara ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, köp sanly jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlardyr talyp ýaşlar, şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Özüniň ynsanperwerlige ýugrulan adyl syýasaty bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen mizemez ýörelgesi, beýik geljegi nazarlap, aýdyň ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty, türkmen topragynda höküm sürýän abadançylyk, bagtyýarlyk dabarada edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Belent joşguna beslenen aýdym-sazlaryň, tanslaryň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly, jan Watanymyz Türkmenistan belentden wasp edildi. Dabara gatnaşýan mähelläniň ýüzünde uçganaklaýan bagt alamatlary her bir ynsanyň ýüreginde eziz Watanyna, onuň parasatly Baştutanyna bolan mähir-muhabbet duýgularyny joşa getirdi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şol sanda Ahal ýaýlasynda şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar hem giň gerime eýe boldy. Welaýatyň etrapdyr şäherlerinde geçirilen saz-söhbetli dabaralar köp öwüşginliligi bilen tapawutlandy. Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky Medeniýet köşgünde guralan şowhunly dabara hem welaýatda ýaýbaňlanan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi. Ol ýerde welaýatyň medeniýet we sungat, sahna ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Günbatar sebitiň şäherlerinde we etrap merkezlerinde uludan tutulan baýramçylyk çäreleri baý many-mazmuna eýe boldy. Balkanabat şäher häkimliginiň we şäher medeniýet merkeziniň welaýat kitaphanasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda guralan baýramçylyk konsertine gelen balkanlylar türkmen halkynyň asuda we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän eziz Arkadagymyza çäksiz alkyş aýtdylar. Bu ýerde milli mirasymyzyň görnükli nusgalarynyň biri bolan “Küştdepdiniň” uly joşgun bilen köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi toýçy mähelläni buýsandyryp, tükeniksiz lezzet paýlady.
Daşoguzyň welaýat merkezinde ýerleşýän Baş Baýdak meýdançasynda hem köňülleri joşgunly daşoguzlylar beýik işleri bilen döwrümizi has-da gözelleşdirýän, her bir ojaga rysgal-döwlet, bereket-bolçulyk peşgeş berýän sahawatly Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan arzuw-alkyşlaryny beýan etmek üçin ýygnandylar. Ata-baba ýagşy işleri, beýik tutumlary, eşret eçilýän ajaýyplyklary köňülleriň kelamyna, dilleriň senasyna öwürýän, bir agza bakmagyň, bir maksada gulluk etmegiň däbine eýerýän welaýatyň agzybir ilaty hormatly Prezidentimize uzak ömür, berk jan saglyk, bütin adamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler. Bu dabarada döwletliligiň, bagtyýarlygyň, abadançylygyň, milli Lider bilen halkyň bitewüliginiň belent ruhy jemlendi.
Türkmenabat şäherindäki Baş Baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna hem edara-kärhana işgärleri, dili senaly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýat merkeziniň ýaşaýjylary ýygnandylar. Olaryň öňünde Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri, ussat estrada aýdymçylary, tans, şahandaz folklor toparlary, şeýle-de çeper höwesjeň ýaşlar çykyş etdiler.
Ýaňy-ýakynda Medeniýet hepdeligini üstünlikli jemlän Mary topragynda hem şeýle baýramçylyk çäreleri guraldy. Turuwbaşdan ýokary ruhubelentlige beslenen dabara Gahryman Arkadagymyzyň welaýatyň ilatyna sowgat beren “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki toý meýdançasynda geçirildi. Ol ýerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlardan daşary guralan amaly-haşam, şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi hem dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri döretdi. Görkezilen baýramçylyk çykyşlaryndan göwün guşy ganatlanan welaýatyň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýtdylar.
Halkyň eziz Arkadagyna bolan belent söýgüsi, ynamy, çäksiz buýsanjy bu dabaralarda aýdyň ýüze çykdy. Bu ajap günde — milli Liderimiziň doglan gününde halkymyzyň Gahryman Prezidentimize bolan iň ýakymly duýgulary aýdym bolup, saz bolup, ýürekleriň törüne has-da berk ornaşdy.