Konsert Ata Ablyýewiň “Ynam” simwoliki atly eseri bilen açyldy. Toparyň bagşylarynyň we dutarçylarynyň ilkinji kakuwlary bütin konserte özüniň oňaýly täsirini ýetirdi. Anyk depgin, joşgunlylyk, saz baýlygy tomaşaçylarda garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşini beýan etdi.
Talyplar üçin, ol haýsy kafedradan we näçinji ýylynda okaýandygyna garamazdan, hasabat konserti – şanly waka bolup durýar. Olar bu konsertiň dowamynda tomaşaçylar bilen ýylyň dowamynda saz dünýäsinde gazananlary bilen paýlaşýarlar.. Konsertiň uçurymlary üçin bu konsert – aýratyndyr, ol täze, döredijiligiň kämillik ýolunyň tapgyrynyň başlanýandygy bilen şatlyklydyr, şol bir wagtyň özünde hem, öňde duran bilim alan ýokary okuw mekdepleri bilen hoşlaşmaklary gynançlydyr.
Üflenip we urlup kakylyp çalynýan gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde bäşinji ýylyň talyby Maýa Orazberdiýewa Nury Muhadowyň “Gel Türkmenistana” diýen aýdymyny yhlas bilen ýerine ýetirdi. Oňa üçünji ýylyň talyby Rahym Nuryýewiň dirižýorluk etmegi täsin ýagdaýdyr.
- Şu ýylyň hasabat konsertiniň esasy aýratynlyklarynyň biri – konserwatoriýanyň uçurymlarynyň we birinji ýyl talyplarynyň bilelikdäki çykyşlary, - diýip, ylmy-döredijilik boýunça prorektor Rasul Amangeldiýew gürrüň berýär, – şeýle hyzmatdaşlyk özünde töwekgelçiligi gizleýär, ýöne täze gelenlere ýerine ýetirijilik ussatlygynda ýokary ýyl talyplarynyň deňine ýetmäge höwes döredýär!
Onuň sözlerini tassyklaýan mysal hökmünde alyp baryjy konsertiň indiki sanyny Antonio Wiwaldiň “Iki skripka üçin konsertini” yglan edýär. Ony birinji ýyl talyp Akmyrat Gurbanow
Konsertiň maksatnamasyna çykyşlaryň 28-si girdi. Olaryň arasynda toparlaýyn, orkestr we solo sanlar bar. Aram Haçaturýanyň, Isaak Dunaýewskiniň, Nikola Rimskiniň-Korsakowyň, Ioganes Bramsyň, Fredrik Şopeniň we ýewropanyň beýleki klassikleriniň eserleri bar. Konserwatoriýanyň hory “Bibijan” türkmen halk aýdymyny uly üstünlik bilen ýerine ýetirdi.
Aman Amanowyň we Röwşen Baýramowyň wokal ýerine ýetirmeklerinde Daňatar Öwezowyň we Andrian Şapoşnikowyň “Aýna”, “Şasenem we Garyp” hem-de Weli Muhadowyň “Ganly saka” operalaryndan bölekleriň üçisi görkezildi.
Tomaşaçylar Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň orkestri bilen skripkalar üçin Konserti ýerine ýetiriji Näzik Rahmedowany uly el çarpyşmalary bilen garşy aldylar. Bu bäşinji ýylyň talyby örän ýakynda programmanyň bu sanyny hem öz içine alýan solo konsertini berdi. Bu zehinli skripkaçy öňden tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardy, skripka saz guraly onuň elinde inçelik bilen tomaşaçynyň göwnüni awlamagy başarýar. Bu sapar hem Näzik öz tomaşaçylarynyň göwnünden turmagy başardy.
Konsert Suhan Tüýliýewiň “Döwletli döwran” kontatasynyň dabaraly ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.