Ï Dürli döwürlere degişli bolan zenan geýimlerine degişli bolan zatlar medeni däp-dessurlaryň ösüşini beýan edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dürli döwürlere degişli bolan zenan geýimlerine degişli bolan zatlar medeni däp-dessurlaryň ösüşini beýan edýär

view-icon 756
>Zenan gözelligi hemme döwürlerde moda bilen berk baglanyşykly bolupdyr – şol döwür we jemgyýetçilik durmuşy üçin mahsus bolan zenan geýimleriniň kämilligini we aýratynlyklaryny görkezýär. Diňe bir bezegiň ýönekeý bir bölegi bolman, eýsem medeni däp-dessurlaryň, daşymyzy gurşap alýan dünýä we durmuş derejesine düşünýänligini beýan etmek bilen, moda bölekleri zenan geýimleriniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr.

Zynjyra düzülip, ýerine ýetirilen, owadan gymmat bahaly daşlardan we demirlerden bezelen, ýa-da agaçdan we süňkden ýasalan, saçgysgyçlar, parfýumeriýa gaplary, pudra gutulary, bezeg şaý-sepleri, bezeg bölekleri we gadymy gündogaryň zenanlarynyň beýleki bezeg bölekleri zergärçilik sungatynyň, jemgyýetçilik sütünleriniň, dine ynanmagyň we dünýägaraýşyň üýtgemegini beýan etmek bilen, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.


Müňlerçe ýylyň dowamynda ýaşan hudaý aýallaryň şahsyýeti zenanlaryň durmuşa bolan höweslerini kesgitledi. Daşky açyk keşbi bolsa derejäniň, tejribäniň we garaýşyň, bedeniň we owadanlygyň birleşdirilen beýany bolup, öz-özüňi beýan etmegiň gurallarynyň biri hökmünde bolup galdy. Bu akym yslam döwründe ösboluşly däp-dessurlaryň, el işlerinden we kümüş şaý-seplerinden bezelen hakyky matalaryň estetikasyndan döredilen zenanlaryň milli geýimleriniň we baş gaplarynyň öwüşgininiň dowamy boldy.

Gadym wagtlarda saçgysgyçlar süňkden taýýarlanypdyr we zoomorf ýa-da ösümlikleriň sýužetleri bilen bezelipdir. Gündogarda nar miwesi has meşhur bolupdyr. Daşky görnüşi boýunça “täç geýdirilen” nar özüniň ýokarsyndaky täji ýanyp duran gyzyl reňke öwürýär. Gurhana laýyklykda, nar – behişdi miwe bolup, maşgala bagtynyň, baýlygyň we köp hasyllylygyň nyşany hasap edilýär. Şonuň üçin hem nar bezegi öz eýesine maşgala bagtyny berýän we gülläp ösüşi wada berýän doga bolup hyzmat edipdir. Naryň şekilini çekmek häzirki zaman orta aziýa zergärçilik sungatynyň ussalarynyň önümlerine hem mahsusdyr.


Zergär bezeglerinde tegelek görnüşler gülleýän tebigaty, gaýtadan dikelişi alamatlandyrypdyr, dünýä baradaky ýyldyz proýeksiýasynda bolsa – gün alamatlandyrypdyr. Orta Aziýada guşlar hem mukaddes “gün” personažy hasap edipdirler. Täze gelen güni buşlaýan Horazyň keşbi gadymy ussalaryň arasynda meşhur bolupdyr. Horaz adatdan daşary başarnyga eýe, keselleri kowýar, ruhuň güýjüni janlandyrýar diýlip hasap edilipdir.


Simrug mifologik guşy – guşlaryň şasy – gaýtadan dikelişi, ýagşylygyň, adalatlylygyň we bagtyň ýokarydygyny alamatlandyrypdyr. Bu ertekilerdäki guşuň adamlaryň aňynda howandar hökmünde kabul edilmegi ýönelige däldir, ol dürli zenan aksessuarlarynyň çeper bezegleriniň we dekoratiw taýdan bezelmeginiň bölegi bolmak bilen, binagärlik bezeginde, haly göllerinde gabat gelýär.

Zenan durmuşynda has köp ulanylýan esbaplaryň biri hem darak bolupdyr. Olar agaçdan ýa-da süňkden ýasalypdyr, bir taraplaýyn we iki taraplaýyn bolupdyr. Daraklar saç daramagyň goşmaça üstüni ýetirmek bilen, çeper ýerine ýetirilen sýužetler bilen nagyşlanypdyr.


Kosmetiki serişdeleriň toplumy gadymy modaçylarda dürli-dürli bolupdyr, şonuň ýaly hem olary saklanýan gaplar hem dürli bolupdyr. Ynsanyň tebigatyň ýakymly yslaryny saklap galmak we ulanmak synaglary dürli parfýumeriýalaryň döremegine we ösdürilmegine getiripdir we olar adamzadyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Dürli ýakymly ysly suwukluklar we ýaglar owadan kiçijik gaplarda saklanypdyr. Olar Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen arheologiki gazyp agtaryş işlerinde ýüze çykaryldy. Olar aýnadan, daşdan we demirden ýasalypdyr.


Türkmen halkynyň dürli arheologiki döwürlerine we etnomedeniýet däplerine degişli bolan zenanlaryň durmuşda ulanýan ajaýyp predmetleri muzeýleriň aýratynlyklary we zenanlaryň ruhy-taryhy babatda tutýan ornunyň beýany bolmak bilen, häzirki zaman dizaýnerlerini zergärçilik sungatynyň iň gowy däplerine, taryhy-mental aýratynlygyna we medeniýet-estetiki ewolýusiýanyň simbiozyna eýermek bilen, özboluşly we ýokary çeperçilik taýdan taýýarlanan önümleri döretmäge ruhlandyrýar