Ï “Rehimliligiň müň elli hudaýy” tansy hytaýyň çeperçilik toparynyň konsert programmasynyň esasy sany boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Rehimliligiň müň elli hudaýy” tansy hytaýyň çeperçilik toparynyň konsert programmasynyň esasy sany boldy

view-icon 1185
Horeografiki aýdymy eşitmeýän gyzlaryň ýigrimisinden ybarat bolan topar ýerine ýetirýär. Owadan geýimler, sazlaşykly çalynýan saz we tansçy gyzlaryň ussatlygy bütin zaly geň galdyrdy. Örän takyklyk we ýeňillik bilen ýerine ýetirilmek, baý horeografiki dil göwnüňi göterýär. Ýerine ýetirilende wirtuoz we filosofiki many berýän müň elli Guanin tansy rehimliligi we özara kömegi beýan etmek bilen, kuwwatly durmuş tassyklaýjy güýji özünde jemleýär.


Hytaý halk hekaýalarynda adamlara kömek berýän rehimli Guanin jadygöý barada rowaýat meşhurdyr. Kömek isleýänleriň ählisine kömek bermek üçin goluny uzadýan jadygöý Guanin, rowaýata görä, müň sany elini ösdüripdir. Onuň hytaýyň garyplaryna köp rehimlilik edendigi üçin Hudaýlar ony hudaý aýal derejesine göteripdirler hem-de jadygöý Rehimliligiň müň elli hudaýy diýlip atlandyrylypdyr. Bu sýužet özboluşly we tehniki taýdan kämil tansyň esasyny düzüpdir.


Hytaýdan gelen aýdym-saz topary 1987-nji ýylda döredilipdir. Toparyň ýolbaşçysy Ýuý Lýanyň aýdyşy ýaly, toparyň agzalarynyň eýerýän esasy ugurlary öz-özüňe hormat goýmak, biri-biriňi goldamak, kämillige tarap ymtylmak bolup durýar. Mümkin, şolaryň netijesinde Hytaýyň ähli künjeklerinden eşdişi erbet bolan artistler topara goşluşdylar. Bu topar tiz wagtyň içinde hem öz ýurdunda, hem daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe boldy. Şondan bäri dünýäniň 60 golaý ýurtlarynyň ady gastrolyň sanawyny düzýär. Olaryň çykyşlarynyň derejesiniň şeýle ýokary derejede bolandygy sebäpli ABŞ-ky “Kennedi-sentr” we Italiýadaky “La Skala” ýaly meşhur teatrlaryň sahnalary bu toparyň artistleriniň hyzmatynda boldy.


Tansçy zenanlaryň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen türkmen tomaşaçylary hem tanyş boldular. Tomaşaçylar “Gizlin bagyň tansy”, “Aşyk bolan kebelekler” kompozisiýasyny we beýleki wirtuoz ýerine ýetirmeleri we yhlasly çykyşlary güýçli el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Hytaýly eşdişi erbet bolan artistleriň çykyşlary bir wagtyň özünde sungatyň durmuşa çydamlylyk we özgerdiji güýje eýedigini görkezdi.