2014-nji ýylyň dekabr aýynda döredilen bu sport guramasy 2015-nji ýylda Türkmenistanyň taýboks boýunça birinji çempionatyny üstünlikli geçirdi. Onda sportuň bu görnüşinde milli ýygyndynyň öňdebaryjy düzümi kesgitlendi. Häzirki wagtda onuň düzüminde 18 ýaşdan 29 ýaşa çenli bolan türgenleriň 19-sy bar. Olaryň netijeli taýýarlyk görmekleri üçin içki ýaryşlar we okuw-türgenleşik işleri yzygiderli geçirilýär.
Balkanabat, Daşoguz, Mary, Tagtabazar, Türkmenabat şäherlerinde taý boksy boýunça sport klublary işjeň işleýär. Aşgabatda “Söweşjeň ellikler” sport kluby sportuň bu görnüşi boýunça çempionlyk rezerwleriň ýeri hökmünde bolup durýar. Rasul Rasulow, Nabat Batyrowa, Rüstem Baýramdurdyýew, Mustapa Saparmyradow ýaly türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemek bilen, Watanymyzyň abraýyny goradylar. Şeýlelikde, 2014-nji ýylda Taýlantda (Bangkok ş.) geçirilen Aziýa kenar oýunlarynda biziň ildeşimiz Nabat Batyrowa zenanlaryň arasynda 3-nji orny eýelemegi başardy.
2015-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýede (Antaliýa ş.) geçirilen Ýewropanyň açyk Kubogynda “Söweşjeň ellikler” klubynda tälim alýan Muhammetberdi Rowşanow 71 kg derejede çempion bolmagy başardy. Şol ýyl biziň türgenimiz Rasul Rasulow 91 kg agram derejede Taýlantda (Bangkok ş.) talyplaryň arasynda geçirilen dünýä Kubogynda 3-nji orny eýeledi. Şu ýylyň maý aýynda Şwesiýanyň Ýonçýoping şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Rüstem Baýramdurdyýew (57 kg çenli) we Mustapa Saparmyradow (67 kg çenli) her biri kümüş medaly gazanmagy başardylar.
Türkmenistanyň taý boks boýunça Federasiýasyna Türkmenistanyň sport ussady, 2001-nji ýylyň dünýä çempiony we 2003-nji ýylyň Kubogynyň çempiony Orazmuhammet Bäşimow ýolbaşçylyk edýär. Ol on üç ýaşynda öz agasy bilen boks bölümine geldi. Ol sportda uly üstünlikler gazandy: 1990-1991-nji ýyllaryň boks boýunça milli we bütinsoýuz çempionatlarynyň çempiony, 1991-nji ýylda “Dinamo” SS çempiony, 1993-nji ýylda Udmurtiýanyň (Ižewsk ş.) Açyk çempionatynyň ýeňijisi, 1995-nji ýylda Türkiýede geçirilen “A” derejedäki Halkara çempionatynyň ýeňijisi. Orazmuhammet Bäşimow 1995-nji ýylda 60 kg agram derejede dünýäniň iň güýçli boksçylarynyň onlugyna girdi.
1999-njy ýylda ol kikboksing bilen meşgullandy. 2001-nji ýylda dünýä çempiony, 2003-nji ýylda bolsa Dünýä kubogynyň çempiony diýen ada mynasyp boldy, Irlandiýada, Awstriýada, Italiýada, ABŞ-da dört gezek kümüş medalynyň eýesi boldy, Gresiýada (iki) we Fransiýada geçirilen dünýä çempionatlarynda üç gezek bürünç medaly aldy, GDA çempionatynda ikinji orny eýeledi.
Häzirki wagtda ol Aşgabadyň “Söweşjeň ellikler” sport klubynyň ýolbaşçysy we türgenleşdirijisi. Türgenleri Aziada-2017-ä taýýarlaýar. Biz hem, şeýle tejribeli halypanyň ýolbaşçylygynda biziň ýygyndy toparymyz ýurdy mynasyp görkezer diýip, ynam bildirýäris.