Ï Oraza baýramy—ruhy ýörelgeleriň dowamat dowamlylygynyň, halkyň jebisliginiň, taryhy-medeni mirasa aýawly garamagyň baýramydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oraza baýramy—ruhy ýörelgeleriň dowamat dowamlylygynyň, halkyň jebisliginiň, taryhy-medeni mirasa aýawly garamagyň baýramydyr

view-icon 4006
Türkmenistanda yslam dini diňe bir din bolman, eýsem milliligi kesgitleýän, nesilden nesle geçip gelýän dünýägaraýyşdyr. Merkezi Aziýa arheologiýasy babatda dünýä belli alym Wadim Mihaýlowiç Masson „Türkmenleriň halky yslam dini“ diýen kesgitleme girizdi, ol köp babatda milli özboluşlylygyň—dini erkinligiň, gaýry dinlere sarpa goýmagyň, parahatçylyk söýüjiligiň we hoşmeýilli goňşuçylygyň özboluşly aýratynlyklaryny beýan edýär.


Yslam dininiň esasy kadalryna eýerip, şol sanda Remezanda her ýyl otuz günläp oraza tutup, türkmen halky beden we ruhy kämillige, ýagşy işleri ileri tutmaga we erk-ygtyýaryny taplamaga isleg-niýetinden ugur alýar. Tutuş bir aýlap, agyz beklenilip, ýagşy işler amal edilýär, „agzaçar“ sadakasy berilýär.


Remezan aýynyň ýigrimi ýedinji gijesi—Gadyr gijesi iň gadyrly, keramatly gijedir. Biribar şol agşam mukaddes Gurhanyň ilkinji aýatlaryny iberipdir, şonuň üçinem bu gije päl-niýetiň arassa bolmaly. Ozaldan gelýän ýol-ýörelgä laýyklykda, adamlar bu gije Hydyr atany görjek bolup, uzak gije ýatmaýarlar, ynançlara görä, ol päk niýetli, arassa adamlara görünýärmiş. Her maşgala şol agşam ýagşy geljek, abadan durmuş, saglykdyr bagt diläp aýat-töwür okaýar. Däp bolşy ýaly, Gadyr gijesi mynasybetli Tärkmenistanyň Prezidenti tussaglaryň günäsini geçmek barada Permana gol çekip, olara dogry ýola düşmäge mümkinçilik döredýär.


Oraza baýramy Remezan aýynyň tamam bolanyny aňladýar. Şol gün türkmenistanlylar gapysyny giňden açyp, bol saçak ýazýarlar, bir-birine myhman baryp, goňşulara tagam hödürleýärler, sowgat berýärler. Belent ruhlylygyň, şatlygyň, agzybirligiň we abadançylygyň nyşamy bolan bu güni bilelikde baýram edýärler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: „Oraza baýramy ruhy-ahlak tämizligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýan, mähriban halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özüne jemleýän gadymy baýramlaryň biridir“—diýip, nygtaýar.


Oraza baýramynyň giňden bellenilmegi ýurdumyzyň esasy Kanunynda- Konstitusiýasynda bellenilen Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň dünýewiligi bilen sazlaşykly utgaşyp gidýär. Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolunmagy bilen dine halkyň ruhy medeniýetiniň bir bölegi hökmünde garalýar. Dini däp-dessurlara degişli gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň bary ýatyryldy, ähli ýerde metjitler gurlup ugrady,ençeme ýyldan soň türkmen zyýaratçylary her ýyl yslam dininiň mukaddes ýerlerine—Mekge—Medinä haja gidip başladylar, döwletimiz olar üçin ýörüte uçar bermek ýaly çykdajylaram öz üstüne alýar.


Milletiň ruhy-taryhy tejribesine, onuň möhüm bölegi bolan milli dünýägaraýşyň içinden eriş-argaç bolup geçýän dini garaýşa we onuň bilen bagly däp-dessurlara aýawly çemeleşmek täze eýýamyň maksatlarynda ahlak ýörelgeleriň ileri tutulýanlygyna şaýatlyk edýär.