Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip yglan eden şu ýyly täze döwrüň nukdaý nazaryndan halkymyzyň medeni we taryhy gymmatlyklaryna täzeçe baha bermek mümkinçiligini döretdi. Milli Liderimiziň Ýylyň esasynda goýan umumadamzat maksatlary we watançylyk pikiri jemgyýetçilik durmuşynda döwrebap meýillere kuwwatly itergi berip, milli mirasymyza hem-de türkmen jemgyýetiniň durmuş-ykdysady ösüşinde taryhy tejribä has möhüm orny berdi.
Döwlet Baştutanymyz degişli ugurda esasy wezipeleri kesgitläp, esasy maksady: ata-babalarymyzdan miras galan ruhy genji-hazynamyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna has ynamly gadam urmaga ýardam etjek mümkinçilikleri tapmak we iş ýüzünde ulanmak maksadyny birinji orna çykarýar.
Şunda neşirýat işine we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, ýöriteleşdirilen döwürleýin edebiýata, alymlaryň we barlagçylaryň, ülkäni öwrenijileriň we taryhy-medeni baýlygymyzy wagyz edýänleriň makalalaryna möhüm orun berilýär.
Milli zenan geýimleri: taryh we häzirki döwür
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda çap edilen täze kitaplaryň hatarynda türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan zenanlaryň milli geýimlerine bagyşlanan “Mirasyň bezegi—türkmen zenany” atly neşir bar.
Täze kitap hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözleri bilen açylyp, olar halkymyzyň filosofiýasyny we medeniýetini öz içine alan milli amaly sungatyň ajaýyp nusgalarynyň ähmiýetini beýan edýär:
“Güneşli türkmen baharynyň täsin reňkleri, halkyň baş taryhy, milletiň gahrymançylygy, onuň çuňňur filosofiýasy aýal-gyzlaryň eli bilen döredilen ajaýyp eserlerde—keşdelerde, türkmen halysynyň gaýtalanmajak nagyşlarynda öz beýanyny tapdy”.
Neşir türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynyň özboluşly toplumy bilen tanyşdyrýan düşündirişli ýazgyly suratlary öz içine alýar. Onuň sahypalarynda gelin-gyzlaryň geýimleriniň we toý lybaslarynyň, şol sanda egin-başlarynyň, aýakgaplarynyň, halatlarynyň, bezeg şaý-sepleriniň suratlary ýerleşdirildi, dürli matalar, geýimleri biçmegiň däbe öwrülen usullary, türkmen tikinçiliginiň, keşde we örme önümlerini taýýarlamagyň aýratynlyklary barada gürrüň berilýär. Kitapda türkmen zenanlarynyň çeper dili, lybaslary geýmegiň düzgünleri, durmuş we dessur wezipeleri hakynda maglumatlary almak bolýar.
Täze kitapda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň gaznalaryndan suratly maglumatlar, muzeý gymmatlyklarynyň suratlary giňden ulanylýar. Arheologiki ekspedisiýalarynda ýygnalan maglumatlar hem milli lybaslaryň beýanynyň çeşmesi bolup durýar. Olar “arhiw” bölegi bolup, häzirki zaman suratlary bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de zenanlaryň milli geýimleriniň taryhyny açmak bilen çäklenmän, eýsem, däpleriň yzygiderliligini anyk görkezýär.
Bu barada kitabyň girişinde hem bellenilýär, onuň awtorlary özboluşly dünýägaraýşyň, türkmenleriň özboluşly maddy we ruhy medeniýetiniň nusgalary, asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli aýawly saklanan medeni mirasyň möhüm bölegi hökmünde gelin-gyzlaryň lybaslaryna ünsi çekýär.
Häzir ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Müsüriň iri muzeýlerinde Merwde taýýarlanan dürli reňkli ýüpek matalaryň nusgalary saklanýar. Bu şäher orta asyr Gündogarda diňe ajaýyp kümmetleriň, dünýäde iri kitaphanalaryň, obserwatoriýalaryň şäheri hökmünde däl-de, eýsem modalaryň we milli däpleriň, ýokary çeper medeniýetiň merkezi hökmünde hem şöhratlanypdyr. Keteniden gadym döwürden bäri türkmen zenanlarynyň, erkekleriň käbir geýimleri tikilipdir. Bu mata asyrlaryň dowamynda halk arasynda meşhur hasaplanyp geldi.
Halkyň medeniýetiniň we durmuşynyň täsin alamaty bolan gadymy türkmen geýimleri onuň däplerini, durmuşyny häsiýetlendirýär, ahlak dünýä garaýşynyň, özboluşly çeper nukdaýnazarynyň beýany bolup durýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň däbe öwrülen lybaslary, olaryň taýýarlanyşy hem-de çeper aýratynlygy, nyşan we dessur ugurlary bilen tanyşmak bilen biz halkyň mukaddes kalbyny açýarys. Biz özümiz üçin ussatlygyň syrlaryny açmak, olary aýawly saklamak bilen, geçmişden gymmatly sapak almak, diýmek, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy we zehini arkaly bu babatdaky düşünjämizi baýlaşdyrmak mümkinçiligine eýe bolýarys.
Ýurdumyzyň muzeýleriniň etnografiýa zallarynyň köpsanly gymmatlyklary türkmenleriň geýinmek medeniýetiniň gözellik nukdaýnazaryndan hem, hil nukdaýnazaryndan hem ýokary bolandygy barada aýdyň düşünje berýär, çünki geýimler elde dokalan matalardan taýýarlanyp, owadan keşdeler bilen bezelipdir, olaryň nagyşlary bolsa gadymy döwürde özboluşly ähmiýete eýe bolupdyr. Dürli nagyşlar bilen bezelen zenan geýimleri owadanlyk babatda hem çuňňur mana eýedir. Ýeri gelende aýtsak, olar diňe toý lybaslaryna däl-de, eýsem, gündelik geýilýän zenan geýimlerine hem degişlidir. Özboluşly bezeg şaý-sepleri hem milli lybaslaryň aýrylmaz bölegine öwrülip, türkmen gelin-gyzlarynyň ömür syrdaşy bolup geldi.
Türkmen zenanlarynyň däbe öwrülen lybaslary wagtyň geçmegi bilen üýtgäpdir, olaryň käbir alamatlary könelse, käbir nusgalary özgeripdir, täze görnüşleri peýda bolupdyr. Emma biziň günlerimize çenli olarda taryhy ösüşiň dowamynda halkymyza degişlidiginiň alamatlary saklanyp galypdyr. Häzirki döwrüň modasynda gaýtadan galkynýan döredijilik mowzugy hem öz beýanyny tapýar. Täze matalar ulanylýar, köýnegiň biçüwi üýtgeýär, emma nagyşlar hemişe gadymylygyny saklap galýar. Häzirki döwrüň lybaslaryny taýýarlaýanlar halk döredijiliginden özleri üçin egsilmez genji-hazynanyň üstüni açýarlar, bu bolsa olara häzirki zaman türkmen zenanlarynyň dürli öwüşginli keşbini döretmäge ýardam edýär. “Mirasyň bezegi — türkmen zenany” atly täze kitapda ýerleşdirilen suratlar hem munuň şeýledigine güwä geçýär.
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan çapa taýýarlanan hem-de “Ylym” neşirýatynda çap edilen kitapda milli geýimleriň aýratynlyklarynyň, olary taýýarlamak işleriniň, tikinçiligiň, dokmaçylygyň ähmiýetini düşündirýän sözlük ýerleşdirildi.
Elbetde, “Mirasyň bezegi—türkmen zenany” türkmen halkynyň medeni mirasynyň egsilmez baýlyklaryna gyzyklanma bildirýänler üçin ajaýyp sowgat bolar. Täze neşir ösüp gelýän nesli estetik taýdan terbiýelemäge, ýaşlarda öz medeniýetine we onuň öçmejek gymmatlyklaryna söýgi duýgusyny kemala getirmäge ýardam eder.
“Miras” žurnaly
Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň her çärýekde neşir edilýän ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň sahypalarynda çap edilýän ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur alymlarynyň makalalary okyjylar köpçüligini täze açyşlar we türkmen halkynyň taryhy hem-de ruhy- medeni mirasyny öwrenmek boýunça geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeleri bilen tanyşdyryp, türkmen, rus we iňlis dillerinde umumadamzat ösüşi bilen baglylykda döwletimiziň berkararlygynyň hem-de okgunly ösüşiniň möhüm tapgyrlaryny şöhlelendirýär.
Žurnalyň “Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde Türkiýe Respublikasynyň Jumhuryýet uniwersitetiniň professory B.Ýujeliň görnükli serkerde hem-de Beýik Mogollar imperiýasyny esaslandyran, kyssa görnüşinde tutuş türki edebiýatynyň iň gymmatly eserleriniň biri bolan “Babyrnama” atly eserini hem-de “Diwan” eserini döreden Zahireddin Muhammed Babyryň edebi döredijiligine bagyşlanan makala hödürlenilýär. Professoryň belleýşi ýaly, bu eserler Babyryň döwleti döretmek we onuň gülläp ösmegini üpjün etmek ýaly möhüm meselelere filosofiki garaýyşlaryny şöhlelendirip, öz döwrüniň gymmatly çeper resminamasy hökmünde uly ähmiýete eýedir.
Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Abu Reýhan Biruni adyndaky Gündogary öwreniş institutyndan filosofiýa ylymlarynyň doktory R.Bahodirowyň makalasy bu awtoryň “Miras” žurnalynyň sahypalarynda çap edilen makalalar toplumynyň dowamy bolup durýar. Alym makalasynda XI-XIII asyrlaryň alymlarynyň golýazma traktatlarynyň esasynda ylymlaryň gurluşynda dürli toparlara degişli etmek, Türkmenistanyň we tutuş Orta Aziýanyň çäginde ylmy pikiri kemala getirmek we ösdürmek meselelerine garaýar.
Şu bölümde gadymy milli däpleriň ösüşiniň taryhyna hem-de türkmenleriň topraga tagzym etmek däplerine bagyşlanan makala hem ünsüňi çekýär. Bu tema türkmen halkynyň maddy we maddy däl ruhy-medeni mirasyny öwrenmek we aýawly saklamak babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ajynyýaz adyndaky Garagalpak Döwlet mugallymçylyk institutynyň professory K.Kurambaýewiň “Magtymgulynyň şygryýetiniň aşygy” atly makalasynda döredijilik gözlegleriniň dowamatlylygy, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Orta Aziýa halklarynyň şygryýet mekdebiniň ösmegine we kemala gelmegine eden täsiri bilen baglanyşykly meseleler öz aýdyň beýanyny tapýar. Žurnalyň “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölüminde ýerleşdirilen makalada deňeşdiriş seljermäniň esasynda meşhur garagalpak şahyry S.Nurumbetowyň joşgunly şygyrlary barada gürrüň berilýär. Magtymgulynyň şygryýeti onuň üçin döredijilik kämilliginiň nusgasyna öwrüldi.
“Lingwomedeniýetiň taryhyndan” atly makalada bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek, milli işgärleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek babatda Türkmenistanda “dil medeniýeti” ylmynyň ösüşiniň käbir meselelerine garalýar.
Köpöwüşginli suratlar bilen bezelen “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn bilen jemlenýär.
“Demokratiýa we hukuk” žurnaly
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sanyny çapdan çykardy.
Neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şöhlelendirilýär. Žurnalyň şu sanynyň sahypalarynda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde, Mejlisiň deputatlary bilen duşuşykda eden çykyşlary çap edildi.
“Mirasa sarpa goýmak — milli ösüşimiziň binýadydyr” hem-de “Türkmenistanyň halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösüşi” atly makalalar döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde medeni ulgamda halkara gatnaşyklara bagyşlanýar. Olarda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda geçirilýän iri möçberli medeni çärelere syn berilýär.
2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Munuň özi ýurdumyzyň bu ulgamda alyp barýan işjeň halkara işinde gazanýan üstünlikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Makalalarda şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda özara gatnaşyklarynyň maksatnamalaýyn-hukuk binýady hem-de usullary barada gürrüň berilýär.
“Milli kanunçylykda adamyň durmuş hukuklarynyň kepillendirilişi”, “Hususylaşdyrmagyň ykdysady ähmiýeti we hukuk esaslary”, “Jenaýat kanunçylygynda adalat ýörelgesiniň binýatlyk ähmiýeti” atly makalalarda döwrebap hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen konstitusion özgertmeleriň wajyplygy hem-de ähmiýeti barada gürrüň berilýär. Makalalarda bellenilişi ýaly, netijeli kanunçylyk binýady, kazyýet we hukuk goraýjy edaralar ulgamy raýatlaryň bähbitleriniň hemmetaraplaýyn goralmagyny üpjün edýär. Degişli jemgyýetçilik guramalaryň alyp barýan işleri hem muňa ýardam edýär.
Çap edilen makalalaryň arasynda “Adam hukuklaryny goramak — döwletiň kepili” atly makala bar. Makalada hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen Karara aýratyn üns berilýär, şol resminama laýyklykda, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy.
Ilaty, şol sanda eneleri we çagalary durmuş taýdan netijeli goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda her bir maşgalanyň maddy üpjünçiligini we ruhy kämilligini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça iş ýüzünde netijeli çäreler görülýär. Ösüp gelýän nesliň mynasyp terbiýelenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şunda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda aýallaryň zähmete bolan hukugyny üpjün etmekde döwletiň hukuk taýdan goldamak baradaky tagallalaryna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, žurnalyň sahypalarynda milli kanunçylykda aýallaryň hukuklaryny şöhlelendirýän makala çap edildi.
Ýurdumyzda ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan ösmegi, bilim, hünär almaga bolan kepillendirilen hukugynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berilýär. “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda hukuk terbiýesiniň orny” atly makala bu meselä bagyşlanýar.
“Senenama” atly umumy sözbaşynyň astynda hukuk ulgamynda tejribe alyşmaga bagyşlanan abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen dürli forumlaryň gysgaça syny ýerleşdirildi.
Žurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde ýokary çap usulynda neşir edildi.