Ï Türkmen sirk sungatynyň nobatdaky üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen sirk sungatynyň nobatdaky üstünligi

view-icon 1136
Türkmen sirkiniň wekili Gazagystanyň paýtagty Astanada iýul aýynyň birinji ongünlüginde geçirilen “Aziýanyň ýaňy” IX Halkara sirk sungaty festiwalynyň kümüş medalyna eýe boldy.

Festiwala Russiýadan, Gazagystandan, Belarusdan, Gollandiýadan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan we Efiopiýadan sirk artistleri — akrobatlar, ýüp üstünde ýöreýänler, gözbagçylar we bu sungatyň beýleki görnüşleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabatdan gimnastikaçy Selbi Şyhyýewa howada ýerine ýetirilýän “Polotno” atly özboluşly çykyşy bilen uly bäsleşigi açdy. Ol binanyň gümmeziniň astynda dürli öwüşginli lentalara beslenip, ýeňil hem çeýe tilsimleri bilen tomaşaçylarda tolgundyryjy täsirleri galdyrdy, şonda ol ätiýaçlandyryş enjamlaryndan peýdalanmady. Selbi näzik owazly sazyň ýaňlanmagynda uçup barýan ajaýyp guş kimin, çykyşyň esasy tilsimini örän täsirli ýerine ýetirdi — lentalar bilen aşaklygyna okgunly gaýdyp, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Netijede, eminler topary oňa “Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we hünär derejesi” atly kümüş medaly gowşurdy. Selbi şeýle hem Gazagystanyň Döwlet sirkiniň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Mundan bir ýyl ozal S.Şyhyýewa howada tilsimleri ýerine ýetirýän gimnastikaçy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet sirkinde şunuň ýaly çykyşyny görkezipdi. Öňler ol “Kauçuk” atly çykyşy görkezýärdi, soňra at üstündäki tilsimleriň inçe tärlerini ele alyp, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy boldy. Indi ol barha belentliklere galýar... Bir söz bilen aýdanyňda, Selbi özüniň zehini hem-de tutanýerliligi bilen sirkiň dürli ugurlarynda ukybyny görkezýär. Muňa hünär derejesini we döredijilik başarnygyny ösdürmek üçin döredilen şertler hem oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda milli sirk sungaty ösdürilýär. Ençeme ýyllardan soň, 2010-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady, onuň binasynyň durky toplumlaýyn täzelenilenden hem-de häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandan soň, tehniki taýdan has çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirmek üçin mümkinçilikler döredildi. Bu sene häzirki zaman türkmen sirk sungatynyň kemala gelmeginiň ýolunda möhüm ähmiýetli tapgyr boldy.

2012-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak, sirk artistleriniň döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek ugrunda milli Liderimiz sirkiň döredijilik toparyna ABŞ-nyň 50 müň dollaryny berdi.

Häzirki wagtda türkmen sirki tomaşa-şagalaň ulgamynda öz mynasyp ornuny eýeleýär. Sirkde guralýan çykyşlara tomaşa etmegi çagalar has-da gowy görýärler, olar üçin bu ýerde täsin dünýä açylýar, sirk zalynda çeýelik we näziklik, gözellik hem-de zehin dabaralanýar. Şeýlelikde, sirk sungatynyň terbiýeçilik ähmiýeti hem bardyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sirk sungaty arkaly milli mirasymyzy wagyz etmek barada aýtmak bilen, bu ugry hem üns merkezinde saklaýar.

Biziň Watanymyzyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary we “Türkmen jigitleri” milli mirasymyzy Ýer ýüzünde işjeň wagyz edýärler, olar geçen ýyllaryň dowamynda abraýly halkara bäsleşikleriň ençeme baýraklaryna mynasyp boldular.

“Galkynyş” topary Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda çykyş edip, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdylar hem-de sirk sungatynyň bütindünýä festiwallarynyň ýeňijileri hökmünde kuboklara mynasyp boldular. 2015-nji ýylda Hytaýda geçirilen Halkara festiwalyň Baş baýragyna mynasyp bolan bu topara hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Toparyň agzalarynyň we sirk artistleriniň belleýişleri ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli berýän ünsi hem-de ýokary bahasy olary ruhlandyrýar hem-de täze ýeňişleri gazanmaga, ýadawsyz döredijilik gözleglerini alyp barmaga, işe täzeçe çemeleşmäge borçly edýär.

Muňa türkmen sirk gimnastikaçysynyň “Aziýanyň ýaňy” IX Halkara festiwalynda gazanan şu gezekki üstünligi hem şaýatlyk edýär.