Ï Türkmen ussady ýapon tälimçilerine taekwondo boýunça sapak berýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ussady ýapon tälimçilerine taekwondo boýunça sapak berýär

view-icon 1315
“Ussat” halkara derejesiniň eýesi (ITF, VII dan), Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde sport mekdepleriniň bäşisinde söweş sungatynyň bu görnüşi boýunça tälim beriş okuwlaryny geçdi. Olaryň dowamynda Aziýa yklymynda belli hünärmen hasaplanylýan watandaşymyz tälimçilik işleriniň gizlin syrlary barada gürrüň berdi.


Koreý başa-baş tutluşygynyň bu görnüşi boýunça türkmen türgenleri dünýä sport giňişliginde öňdäki orunlary eýeleýärler. Muňa mysallar köpdür. Geçen ýyl Özbegistanyň Buhara şäherinde taekwondony esaslandyryjy Çoý Hong Hiniň ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen halkara ýaryşda türkmen türgenleri umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýeläp, kuboga mynasyp boldular. Şonda türkmenistanlylar jemi 19 medal — sekiz altyn, üç kümüş we sekiz bürünç medal gazandylar. Şu ýyl Gazagystanyň Almaty şäherinde guralan Aziýa çempionatynda bolsa, biziň ýygyndy toparymyz 20 medala (dört altyn, alty kümüş we on bürünç) mynasyp bolup, iň güýçli toparlaryň üçlügine girdi.


Tokioda bir hepde dowam eden okuw maslahatyna diňe bir ýapon tälimçileri däl-de, ýaşajyk türgenler hem-de gara guşaklaryň eýeleri gatnaşdylar. Olaryň köpüsi dürli derejeli halkara ýaryşlarynda türkmenistanlylar bilen güýç synanyşypdylar.

Tälim beriş okuwlary tamamlanandan soň, Aýdogdy Atabaýew tälimçilik okuwlaryna gatnaşyjylardan synaglary kabul etdi, soňra degişli şahadatnamalar gowşuryldy.


Häzirki wagtda türkmen taekwondoçy türgenleri ITF boýunça ýetginjekleriň we weteranlaryň arasynda awgust aýynda Italiýada geçirilmegi göz öňünde tutulýan Dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler.