Ï Halkara ýaryşlarynda üstünlikler gazanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ýaryşlarynda üstünlikler gazanylýar

view-icon 1327
Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda badalga alan küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri “rapid” düzgüni boýunça medallaryň eýýäm üçüsini (bir altyn we iki kümüş) gazandylar. Bu ýaryşyň öň ýanynda bolsa küşt boýunça iri halkara ýaryş Izmir şäherinde (Türkiýe Respublikasy) geçirilip, onda ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üsti bürünç medal bilen ýetirildi.

Yklym derejesinde geçirilýän ýaryşa dünýäniň 16 ýurdundan — Hytaýdan, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Hindistandan, Siriýadan, Iordaniýadan, Filippinlerden, Täze Zelandiýadan, Mongoliýadan we beýleki ýurtlardan küştçüleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Rapid boýunça ýaryşlaryň düzgünine laýyklykda, bäsdeşlere her eden göçüminden soň 10 sekunt goşmak bilen bir döw üçin 15 minut wagt berilýär.

Biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde 15 ýaşa çenli toparda çykyş eden Soltan Myradow birinji orny eýeledi. Bu toparda onuň bilen bilelikde altyn medal ugrunda türgenleriň 36-sy bäsleşdi. Oýunlaryň barşynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň şägirdi bir oýunda hem utulman, mümkin bolan ýedi utukdan 6,5 utuk toplady. Bu üstünlik ýaş küştçiniň dünýäniň sport giňişliginde ilkinji ýeňşi bolup, türgeniň öňünde täze mxmkinciliklere ýol açýar.

13 ýaşa çenli türgenleriň toparynda altyn medal ugrunda 3 türgen bäsleşip, olaryň her biri 6 utuk toplady. Türgenleriň arasynda watandaşymyz Azat Nurmämmedow koeffisiýentleriň gatnaşygynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýaş toparda hormat münberine çykmak ugrunda çekeleşikli göreşe türgenleriň 49-synyň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Kümüş medallaryň ýene-de biri 11 ýaşa çenli gyzlaryň toparynda gazanyldy. Bu ýerde 5,5 utuk toplan Läle Şöhratowa tapawutlandy. Biziň ýaş küştçi gyzymyz ýaryşyň ýeňijisi — Eýranyň toparyndan Zöhre Heýdariden bary-ýogy 0,5 utuk yza galdy.

Häzir Aziýa çempionaty nusgawy küşt boýunça bäsleşikler bilen dowam edýär. Onda döw üçin her göçümden soň 30 sekunt goşmak bilen 1,5 sagat wagt berilýär. Ýaryşyň bu düzgüninde hem köp sanly janköýerler türgenlerimizden gowy netijelere garaşýarlar. Ýaryş 18-nji iýula çenli dowam eder.

Türkiýede geçirilýän halkara ýaryş dünýäniň ondan gowrak ýurdundan türgenleriň 150-ä golaýyny ýygnap, ol her ýyl guralýar. Onuň “Çeşme” ady Gara deňziň kenaryndaky şypahana zolagynyň ady bilen baglydyr. Bäsleşikler açyk bolup, olara erkekler we zenanlar gatnaşýar. Biziň toparymyzyň düzüminde bürünç medaly FIDE-niň ussady Bahar Hallaýewa gazandy. Türkmenistanyň ýokary ligadaky çempionatynyň üç gezek ýeňijisi 5,5 utuk toplap, belli türgenlerden—halkara ussatlaryndan we grossmeýsterlerden öňe geçmegi başardy.

Häzir Ýakutskide (Russiýa Federasiýasy) “Aziýanyň çagalary” atly halkara sport oýunlary dowam edýär. Oňa ýurdumyzyň hem küşt boýunça ýygyndy topary gatnaşýar, erkekler topary bolsa şu günler Moskwada badalga alan iri ýaryşda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşýär. Biz bu ýerden hem uly umyt-arzuwlar bilen hoş habarlara garaşýarys.