Teatr möwsümi tamamlandy, ýöne Puşkin teatrynyň döredijilik topary ýaş tomaşaçylar üçin tomusky oýny taýýarlady. Aktýorlar ýörite awtobusda teatr lybaslary we beýleki zatlary bilen Türkmenistanyň ähli sebitlerinden gelen çagalaryň tomusky dynç alýan ýerleri bolan ajaýyp Gökdere jülgesine gidýärler. Çagalar sagaldyş merkezleriniň sahna meýdançalarynda rus halk ertekisi esasynda goýlan “Maşa we aýy” atly göçme oýun görkezilýär.
Maşadan galan rollaryň (artist Adelina Nazarowa) ählisiniň teatryň mekdep-studiýasynyň uçurymlarynyň ýerne ýetirýändikleri bellärlikdir. Ýaş aktýorlar Puşkin teatrynyň däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirýärler. Bu sapar olar çagalar sagaldyş merkezinde “Bagtly çagalyk” atly oýny görkezdiler. Oglanjyklar we gyzjagazlar teatr sungatyny gowy görýärler, şonuň üçin hem olar tomaşaçylar zalyny doldurdylar.
- Her bir ertekiniň ýaş tomaşaçylara öwüt beriji esasy bolmaly, - diýip, režisýor-oýun goýujy Gaýyp Jumaýew gürrüň berýär, - we biz “Maşa we aýy” atly ertekini oýun goýmak üçin saýlap almazdan öňürti kärdeşlerimiz bilen ol häzirki zaman çagalary üçin gyzykly bolarmy diýip, pikir alyşdyk. Näme-de bolsa gyzykly bolar diýen netijä geldik... Sebäbi Maşajyk hakyky söweşiji. Howply zolaga düşmek bilen, ol ruhdan düşmän halas bolmagyň ýoluny gözleýär. Mälim bolşy ýaly, batyrlyk – bu gorkyny ýeňip geçmek. Gyzjagazyň ugur tapyjylygy, maksada okunlylygy we batyrlygy häzirki zaman çagalaryna öýkünmek üçin nusga bolup durýar.
- Biziň gahrymanymyzyň ýene-de bir gowy häsiýeti bar – ol alçak, - diýip, baş roly ýerine ýetiriji Adelina Nazarowa oýun barada gürrüňini dowam etdirýär. – Oňa Syçanjyga we Aýa kynçylyksyz özüni aldyrmak başardýar. Men öz gahrymanymy gowy görýärin, - Maşajyk edil gün şöhlesiniň bir bölejigi ýaly: Enesi bilen Atasynyň ýanyna baryp, olaryň öýüni şatlykdan doldurdy, aýynyň kürenine düşüp, arassalady, gutapjyklary bişirdi – ol ýerini şatlyk gurşap aldy. Oňa hemmeler guwanýarlar, açyk göwünli we mähir paýlaýar.
Aktýor Öwez Şarlyýew Atanyň keşbini gowy döretmegi başarypdyr. Onuň gahrymany – tomaşaçylary güldürýän we keýpini çaglaýan ýeser, şadyýan, agsaklaýan we tans edýän gülkünç personaž.
- Men öz gahrymanymy çagalar söýer ýaly keşpde döretmek isledim diýip, Öwez gürrüň berýär. – bu ertekide dramatizm köp - ilki agtygy azaşýar, soňra ýyrtyjynyň sürenine düşýär... Tomaşaçylar üçin haýsydyr bir olaryň ünsüni sowujy zat gerek, ol bolsa şadyýan atanyň paýyna düşdi.
Tomaşaçylar oýnuň ahyrynda wakanyň şowly tamamlanan Maşajygyň başdan geçirmelerini gyzgyn garşy aldylar. Oýnuň oňyn hereketlerine içgin aralaşan öňdäki hatarlarda oturan tomaşaçylar spektakla gatnaşyjylar bilen bilelikde tans etdiler. Oýun dostlukly el çarpyşmalar we hakyky ýylgyryş bilen garşy alyndy. Bu bolsa ýaş nesilleriň aktýorlaryň sahna eserine beren iň gowy bahasydyr.
Döredijilik topary “Maşa we aýy” oýnuny teatryň sahnasynda görkezmegi maksat edinýär. Ol nähili bolar – nusgawyny ýa-da häzirki zaman eserimi – oňa biz oýna tomaşa edenimizde bileris.