Türkmen küştçüleri dünýä derejesindäki ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, janköýerlerimizi begendirýärler. Golaýda Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda ildeşlerimiz alty medala (3 altyn we şonça-da kümüş medala), Moskwada erkekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda bolsa ýene-de 3 altyn we 2 kümüş medala mynasyp boldular.
Yklym derejesinde geçirilen ýaryşa 16 ýurtdan-- Hytaýdan, Hindistandan, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Mongoliýadan, Siriýadan, Iordaniýadan, Filippinlerden, Täze Zelandiýadan we beýleki ýurtlardan türgenleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, türkmenistanlylar çempionatyň başynda “rapid” görnüşinde tapawutlandylar. Şol ýaryşda dürli ýaş derejesindäki toparlarda ildeşlerimiz 1 altyn we 2 kümüş medaly eýelemegi başardylar. Klassyki ýaryşlaryň hem-de blis-bäsleşigiň netijeleri boýunça türgenlerimiz ýene-de 3 medala—2 altyn we 1 kümüş medala mynasyp boldular.
Ýeňişleriň birini biziň toparymyza Azat Nurmämmedow ýetirdi (13 ýaşa çenli toparda). “Rapid” görnüşinde onuň ikinji ýere mynasyp bolandygyny bellemelidiris, ine, indi bolsa ol “klassyki” görnüşde ýeňiş gazanmagy başardy. Tiz oýnalýan küştde ikinji ýeri eýelän Läle Şöhradowa 11 ýaşa çenli türgenleriň arasynda blis-ýaryşda altyn medala mynasyp boldy. Onuň uýasy Leýla Şöhradowa bolsa kümüş baýragy eýeledi.
Moskwada geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň toparynyň düzüminde halkara derejeli sport ussady Ýusup Atabaýew iki gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna galdy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby “blis” görnüşinde grossmeýsterleriň toparynda hem-de klassyki ýaryşda tapawutlanmagy başardy. Bäsleşikleriň ikisinde hem ildeşimiz ýekeje döwde hem utulmady. Şeýlelikde, ol 12 gezek ýeňiş gazandy we 9 duşuşykda deňme-deň oýnady.
Munuň özi ýaş we zehinli türkmen küştçüsiniň ilkinji üstünligi däldir. Ý.Atabaýew baýraklaryň onlarçasyna mynasyp boldy, olaryň köpüsi halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanylan altyn medallardyr. Mysal üçin, geçen ýyl Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen dünýäniň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşda ol wise-çempion bolmagy başardy. Munuň özi dünýä derejesindäki hormatly baýrak ugrunda göreşýänleriň düzümine girmäge hukuk berdi.
Şu gezekki üstünlik Ýusuba halkara görkezijisini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. “Halkara grossmeýster” kadasyny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan üç bal toplandygyny bellemelidiris. Indi Ý.Atabaýewiň ýokary küşt derejesine eýe bolmagy üçin bary-ýogy 40 utuk gerekdir. Munuň özi şeýle reýting ýaryşlarynda iki gezek üstünlikli çykyş etmegi aňladýar. Türkmenistanly türgeniň durnukly ýokary görkezijileri gazanýandygyny nazara alanyňda, onuň eýýäm ýakyn geljekde grossmeýster adyna eýe boljakdygyna göz ýetirýärsiň.
Moskwada geçirilen ýaryşlarda altyn medallaryň ýene-de birine Mergen Kakabaýew mynasyp boldy. Ol halkara ussatlaryň toparynda tapawutlandy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplady (5 utuş we 4 deňme-deň). Bu ýeňiş ildeşimize—FIDE-niň ussadyna halkara ussadynyň birinji balyny toplamaga mümkinçilik berdi.
Biziň toparymyzyň düzüminde grossmeýster Maksat Atabaýew kümüş medala mynasyp boldy. Ol “blis” görnüşinde wise-çempion boldy. Özi-de, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň wekili, edil ýeňiji ýaly, 8,5 utuk toplamagy başardy. Diňe koeffisiýentiň gatnaşygy boýunça ol doganyndan asgyn geldi.
Kümüş medallaryň ýene-de birini ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň iň ýaş wekili—17 ýaşly Saparmyrat Atabaýew gazanmagy başardy. Ol klassyki ýaryşlarda çykyş etdi. Özüniň ýaşdygyna garamazdan, Aşgabadyň sport küşt-şaşka mekdebiniň türgeni has tejribeli türgenlerden, şol sanda gorssmeýsterden birjek-de pes durmaýar. Tejribäniň görkezişi ýaly, köp halatlarda şu ýaryşlarda ýeňiji bolýar. Şu halkara ýaryşynda ol diňe dogany Ýusupdan asgyn geldi.
Häzirki wagtda türgenlerimiz Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmaga işjeň taýýarlyk görýärler. 2012-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen küşt boýunça esasy ýaryşlarda S.Atabaýewiň 16 ýaşa çenli türgenleriň toparynda altyn medala mynasyp bolandygyny ýatlatmalydyrys. Bu gezek dürli ýetginjekler toparlarynda ýurdumyzyň 20 gezek çempiony bolan (rekord görkeziji) özüniň üstünligini gaýtalamaga synanyşar.