Ï Seljuklar eýýamynyň sungaty dünýä medeniýetiniň hazynasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seljuklar eýýamynyň sungaty dünýä medeniýetiniň hazynasynda

view-icon 2487
24-nji iýulda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Nýu-Ýorkuň Metropoliten muzeýinde “Köşk dünýäsi we Älem: seljuklaryň beýik eýýamy” ady bilen 27-nji aprelde başlap, üç aýa golaý dowam eden sergi öz işini tamamlaýar. Şunuň ýaly wekilçilikli gözden geçirilişe ýurdumyz ilkinji gezek gatnaşdy. Onda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Köneürgenjiň muzeýiniň gymmatlyklary görkezildi.

Bu çäräniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilmegi has-da ähmiýetlidir. Çünki onda köp sanly daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar seljuk imperiýasynyň gülläp ösen döwrüni äşgär edýän ähmiýetli gymmatlyklar bilen tanyşdyryldy.

Serginiň işine gatnaşanlar taryhy gymmatlyklar bilen tanşyp, onuň ady rowaýata öwrülen Beýik seljuk döwletiniň gadymy medeniýeti we sungaty bilen tanyşmaga oňyn mümkinçiligi döredendigini kanagatlanma bilen bellediler.


Metropoliten muzeýiniň Yslam sungaty departamentiniň baştutany Şeýla Kenbi Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde serginiň esasy ugurlary, wezipeleri we ýurdumyzyň muzeýleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň berdi.

— Serginiň esasy ugry hem-de ony guramagyň maksady barada aýdaýsaňyz?

— Hemişelik gözden geçirilişi ýola goýanymyzdan soň, ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça sergileri guramaga taýýarlyk görmek wagtynyň ýetendigini duýduk. Şunlukda, biziň ugrumyza degişli gymmatlyklary görkezmek, şeýle hem yslam sungatynyň iň wajyp tapgyrlarynyň birine täzeden garamak mümkinçiligini döretjek ugur barada oýlandyk. Seljuklar sungaty hut şu ugra laýyk gelýär. Ozal seljuklar döwletine bagyşlanan ýörite sergi hiç haçan guralmandy. Şeýlelikde, bu gözden geçirilişi guramagyň wagtynyň ýetendigini aýtmak isleýärin.


— Sergide Türkmenistandan başga ýene-de haýsy ýurtlar öz gymmatlyklaryny görkezdi?

— Sergide Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Kanadadan, Irlandiýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Daniýadan, Italiýadan, Gresiýadan, Gruziýadan, Kuweýtden, Saud Arabystanyndan, Katardan hususyýetçileriň we döwlet edaralarynyň ygtyýarynda bar bolan gymmatlyklar görkezildi.

— Seljuklar eýýamynyň sungatyna göz ýetirmekde Siziň üçin haýsy ugur has möhüm hem-de gymmatly bolup durýar?


— Bu babatda goşmaça bir zat aýdasym gelýär. Ol hem Gadymy Merwdäki Soltan Sanjaryň, Yspyhandaky Jami metjidiniň, Konýedäki, Siwasdaky we Diwrigidäki seljuklar döwrüniň binalarydyr. Şu binagärlik ýadygärlikleri we olaryň mirasdüşerleri syrçaly senetkärçiligi ýokary derejä göterdiler we dürli şekilli metal hem-de ajaýyp ýüpek, dokma önümlerini döretdiler.

— Siziň pikiriňizçe, sungatyň seljuk ugry boldumyka ýa-da bu gürrüň häzirki zaman sungat taryhçylarynyň çaklamalarymyka?


— Bu barada kesgitli bir zat aýtmak örän çylşyrymly bolup durýar. “Seljuk sungaty” diýlip atlandyrylýan sungat eserleriniň köpüsi diýen ýaly, seljuklar döwleti synandan soň, XII asyryň ahyrynda, emma XIII asyryň 20-nji ýyllaryna — mongollaryň çozuşyndan öňki döwre gabat gelýär. Şol bir wagtyň özünde hem bu sungat “Seljuk sungaty” diýlip atlandyrylýar. Çünki onuň görnüşi we ýerine ýetirilişi seljuklar we olaryň mirasdüşerleri bilen baglanyşyklydyr. Olar seljuklaryň we olaryň mirasdüşerleriniň howandarlygynda ýerine ýetirilipdi.

— Häzirki zaman sanly tehnologiýalary muzeý sergisine täsir edýärmi we şonuň bilen baglylykda Metropoliten muzeýiniň guraýan sergisiniň bezegine we mazmunyna bolan çemeleşmeler üýtgedimi?


— Hawa, gürrüňsiz üýtgedi. Bu gezekki sergide küýzeleriň her bir böleklerini goşmaça şekiller bilen açyp görkezmek üçin sanly tehnologiýalary ulandyk. Eger şol bolmadyk bolsa, onda senetkärçiligiň ähli ugurlaryna göz ýetirip bolmazdy. Şeýle hem bizde tebigy we binagärlik aýratynlyklarynyň şekili bar. Munuň özi görkezilýän gymmatlyklara öz döwrüne we ýerleşen ýerine görä göz ýetirmek mümkinçiligini üpjün edýär. Sergä gelýänler bu täzelige oňyn baha berdiler.

— Muzeýiň esasy wezipeleri nämelerden ybarat?


— Eger gysgaça aýtsak, biziň maksadymyz gymmatlyklary ýygnamakdan, öwrenmekden, saklamakdan we ony görkezmekden ybarat. Ýöne biziň işimiziň düýp mazmuny sungatyň adamlaryň ruhuny götermegini we olaryň dünýäniň ýurtlarynyň medeniýeti we taryhy bilen tanyşmagyny üpjün etmekden ybarat.

— Metropoliten muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen sergini Türkmenistanda guramak meýli barmy, eger şeýle bolsa, siz haýsy mowzugy teklip ederdiňiz?


— Munuň özi örän ajaýyp pikir, ol biziň medeni gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrar. Öz tarapymdan bu pikiri ikelläp goldaýaryn. Serginiň mowzugy barada zerur çözgütler kabul edilenden soň gürrüň edip bolar. Meniň pikirimçe, siziň ýurduňyzyň halkyny XVII asyryň ahyryndan XX asyryň başlaryna degişli 12 müň gymmatlygy özünde jemleýän “Amerikanyň bezeg sungaty” gaznasynyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak has-da gyzykly bolsa gerek. Siziň bilşiňiz ýaly, muzeýiň gaznasynda nusgawy Antik we Gadymy Müsür döwründen häzirki zamanyň ähli ussatlarynyň diýen ýaly eserlerine we döreden heýkellerine çenli bolan gymmatlyklar bar. Şunlukda, eger siziň ýurduňyzda sergi guralsa, onda görkeziljek gymmatlyklar barada türkmen tarapynyň sözüni diňlemeli bolar.