Paýtagtymyzda ýerleşýän Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalaryň awtomatlaşdyrylan bitewi maglumat-gözleg ulgamynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu ulgam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi has-da ösdürmek, häzirki zaman şertlerde kitaphana işini hem-de ilata edilýän kitaphana hyzmatlaryny kämilleşdirmek, bilimli, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek maksadynda döredildi.
Çärä welaýat, etrap, şäher kitaphanalarynyň, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tutuş Orta Aziýa sebitinde iri kitaphana bolup durýar. Kitaphananyň ýedi gatly binasy 24 inedördül metre golaý meýdany eýeleýär. Onuň ýerasty üç gatynda kitaplar saklanýar. Bu ýerde ähli zallarda we otaglarda bolşy ýaly, degişli howa döredilip, onuň derejesine we çyglylygyna berk gözegçilik amala aşyrylýar.
Kitaplaryň we žurnallaryň 6 milliona golaý nusgasyny öz içine alýan kitaphananyň gaznalarynda aýratyn gymmatly neşirler, ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň baýlygy hasaplanýan gadymy golýazmalaryň täsin nusgalary saklanýar.
Kitaphana bir wagtyň özünde okyjylaryň 1100-sini kabul edip bilýär. Binanyň dört gatynda ýerleşen köpsanly okalga zallarynda rahatlyk we asudalyk höküm sürýär. Bu ýerde 150 we 40 orunlyk maslahat zallarynyň ikisi, audio-wideo otagy, internet-zal, kompýuter merkezi, ylmy işgärler üçin otaglar, kitap ussahanalary bar.
Kitaplary dikeldýän döwrebap barlaghanasynyň bolmagy netijesinde kitaphanada seýrek duş gelýän kitaplaryň aýawly saklanmagyny üpjün etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň esasy usulyýet merkezi hökmünde welaýatlaryň kitaphanalarynyň gaznalaryna neşirleri abatlamakda we dikeltmekde ýardam edýär.
Tehnologiýalarynyň ösmegi bilen düýbünden täze görnüşdäki elektron kitaphanalaryny döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Munuň özi maglumat bermek hyzmatlaryny artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, dürli maglumatlara elýeterliligi üpjün etmäge hem-de ulanýanlaryň sanyny artdyrmaga ýardam edýär.
Kitaphanalaryň bitewi elektron ulgamy esasy düzümleriň ikisine—ýokary tizlikli kompýuter ulgamyna, ol merkezi kitaphanalaryň hemmesini birleşdirer hem-de — türkmen hünärmenleriniň “Microsoft” korporasiýasynyň ýurdumyzdaky wekilleri bilen bilelikde işläp taýýarlan ýörite maksatnamalaýyn üpjünçiligine esaslanýar.
Elektron sanaw Türkmenistanyň tutuş kitap gaznalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, “Elektron kitaphanasy” diýen tehnologik serişdäniň bolmagy netijesinde sanly görnüşe geçirilen ýazgylardan peýdalanmak bolýar, maglumatlary gözläp tapmak, kitaplaryň elektron görnüşlerini almak bolýar. Çagalar, çeper, ylmy we beýleki ýöriteleşdirilen edebiýatlar türkmen, rus, iňlis we beýleki dillerde bolup, okyjylaryň giň topary hem-de dürli köpçülik üçin niýetlenendir. Elektron sanawlaryň täze görnüşlerini—tematiki, elipbiý, ulgamlaýyn we beýleki görnüşlerini işläp taýýarlamak dowam edýär.
Serwerler toplumynyň tehniki mümkinçilikleri saklanýan nusgalaryň 11 milliona çenlisini bellige almaga mümkinçilik berýär. Ulgam okyjylaryň 600 müňden gowragyna hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Maglumatlaryň umumy elektron binýady paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi kitaphanalarynyň 76-syny birleşdirdi, indi okyjylar Türkmenistanyň islendik künjeginde olaryň arhiwlerinden peýdalanyp bilerler.
Şu günki waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek üçin döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şertleri döretmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Maglumatlaşdyrmak işiň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda netijeli ugur bolup durýandygy hemmelere mälimdir. Onuň häzirki zaman jemgyýetde ösmegini sanly maglumatlary—okuw kitaplarynyň, döwürleýin neşirleriň we maglumat beriji materiallaryň elektron görnüşleri bolmazdan göz öňüne getirmek kyndyr.
Bularyň hemmesi türkmen medeniýetini öwrenmekde, söz ussatlarynyň edebi döredijiliginiň belentliklerine, halkymyzyň görnükli alymlarynyň işlerine, şol sanda daşary ýurt dillerine terjime edilen işlerine halkara bileleşiginiň ünsüni çekmekde täze mümkinçilikler açýar.
Munuň özi edebi terjimäniň ylmy işlerde halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde uly orun eýeleýändigi bilen baglylykda has möhümdir. Ol diňe türkmen medeniýetiniň dünýäniň dürli künjeklerinde duş gelýän gymmat bahaly merjenlerini däl-de, eýsem, nusgawy türkmen edebiýatynyň eserlerine dil we edebi seljermesini, medeniýetleri ösdürmegiň we özara täsirinde olaryň dil aýratynlyklaryny gözläp tapmagy öz içine alýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, türkmen halkynyň edebi mirasy, ýazuw, ylmy we çeper işler, halk döredijiliginiň eserleri we beýlekiler boýunça maglumatlaryň giňişleýin elektron binýady döredildi. Şol gymmatlyklar milli we dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyny düzdi.
Bularyň hemmesi hünärmenler-taryhçylar, edebiýaty öwrenijiler, Gündogary öwrenijiler, dilçiler, etnograflar, arheologlar üçin, şeýle hem okyjylaryň giň topary, şol sanda talyplar we mekdep okuwçylyry üçin iş goldanmasy bolup hyzmat edip biler. Bu olar üçin synpdan daşary okaýşyň özboluşly görnüşine, şeýle hem türkmen edebiýatyny, medeniýetini we taryhyny çuňňur öwrenmek, milli mirasa sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek üçin esas bolar.