Ï Türkmen türgenleri dünýäniň esasy ýaryşyna gatnaşmaga geldiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri dünýäniň esasy ýaryşyna gatnaşmaga geldiler

view-icon 1242
Türkmenistanyň wekiliýeti uzak ýol aşyp, tomusky Olimpiýa oýunlarynyň paýtagty Rio-de-Žaneýro (Braziliýa) şäherine geldiler. Dünýäniň esasy ýaryşlaryna 5-21-nji awgustda 126 döwletden 10 müňden gowrak türgen gatnaşar. Olar sportuň 28 görnüşi boýunça dürli derejeli baýraklaryň 308-si ugrunda göreşerler. Häzir ýurdumyzyň toparynyň agzalary täze howa şertlerine öwrenişmek bilen birlikde güýçli türgenleşik işlerini geçýärler.


Mysal üçin, suwda ýüzüjilerimiz Olimpic Aguatics Centre suw toplumynda ýaryşa taýýarlanýarlar. Suwda ýüzmek boýunça esasy ýaryşlar hem şu ýerde geçiriler. Milli ýygyndymyzyň düzüminde sport ussady Merdan Ataýew bilen 14 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär Darýa Semýonowa çykyş ederler. M.Ataýew bu ýaryşda 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça, D.Semýonowa bolsa 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmek boýunça çykyş eder. Bu türgenleriň bir ýaryşyň dowamynda ençeme gezek birnäçe medaly gazanmagy başarandyklary guwandyryjy ýagdaýdyr.


Şu ýylyň ýaz paslynda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) geçen suwda ýüzmek boýunça ýaryşda D.Semýonowa 14-15 ýaşly türgenleriň toparynda 50, 100 we 200 metr aralyklara brass usulynda ýüzmek boýunça iki altyn we bir bürünç medal gazanmak bilen tapawutlanmagy başardy. Türkmenistanyň çempionatynda bu aralyklara geçirilen ýaryşlaryň üçüsinde hem ol ynamly ýeňiş gazandy. Iýulyň başynda Russiýanyň Ýakutsk şäherinde geçen «Aziýanyň çagalary» atly VI Halkara sport oýunlarynda Darýa 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde 1 minut 18 sekunt wagt görkezip, täze milli rekordy goýdy.

D.Semýonowanyň aýtmagyna görä, ol Olimpiada gatnaşmak barada eden arzuwynyň bary-ýogy ýedi ýyldan soň hasyl boljagyny göz öňüne hem getirmändir. Şonda ol Aşgabadyň Suw-sport toplumyna ilkinji gezek gadam basypdy. Hojamämmet Hojamämmedowyň şägirdi Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndy toparynda iň ýaş türgen bolup durýar.


Darýanyň tälimçisi hem öz wagtynda, 2004-nji ýylda Gresiýanyň paýtagty Afinada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik edipdi. Bu ýerde gadymy döwürde olimpiýa oýunlary ýüze çykypdy. Şeýle hem Gresiýada 1896-njy ýylda ilkinji Olimpiýa oýunlary geçirilipdi.

Merdan Ataýew arkanlygyna ýüzmek boýunça gysga aralyklara ýaryşlarda, birnäçe ýyl bäri öňdeligi elden bermeýär. Mundan başga-da, ol beýleki görnüşlerde hem milli rekordlary goýmagy başardy. Şu ýylyň ýazynda geçirilen Türkmenistanyň ýüzmek boýunça çempionatynda ol erkin ýüzmek boýunça 50 metr aralyga, şeýle hem 50,100 we 200 metr aralyklara ýüzmekde dört gezek ýeňiş gazanyp, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Bu bolsa çempionatyň aňrybaş netijesidir!


Ýöne Merdan Inçhonda (Koreýa Respublikasy) geçen XVII tomusky Aziýa oýunlarynda suwda ýüzmek boýunça aýgytlaýjy ýaryşa gatnaşmagyny özüniň iň uly üstünligi diýip hasaplaýar. Şol ýaryşda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Aziýanyň iň güýçli suwda ýüzüjileriniň sekizligine düşmegi başardy. Şol ýaryşda ol 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça 56,63 sekunt wagt görkezip, täze milli rekordymyzy hem goýdy. Rio-de-Žaneýroda geçjek Olimpiýada-da Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň şägirdi rekord netijäni ýene-de ýokary götermek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmaz.


Bütindünýä oýunlarda ildeşlerimiz suwda ýüzmekden başga-da dzýu-do (Gülbadam Babamyradowa bilen Ruşana Nurjowowa), ýeňil atletika (Amanmyrat Hommadow bilen Ýelena Rýabowa), agyr atletika (Hojamuhammet Toýçyýew bilen Gülnabat Kadyrowa) hem-de boks (Arslanbek Açylow) boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.