Ï Dünýäniň esasy ýaryşlaryna taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýäniň esasy ýaryşlaryna taýýarlyk görülýär

view-icon 1609
Türkmen türgenleri Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde 5-nji awgustdan 21-nji awgusta çenli geçjek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmeklerini dowam etdiler. Ýöne, dünýäniň iň esasy ýaryşyna gatnaşmaga gelendiklerini olar milli ýygyndymyzyň ýerleşen binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny germek bilen has öň äşgär etdiler. Braziliýanyň Polisiýa uniwersitetiniň sport desgasynda bolsa biziň ýeňil atletikaçylarymyz jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görýärler.


Mälim bolşy ýaly, olimpiýa ýygyndymyzyň hatarynda sport ussady Amanmyrat Hommadow ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşda, Ýelena Rýabowa bolsa 200 metre ylgaw ýaryşynda çykyş eder. Türgenlerimiziň ikisinde hem halkara ýaryşlarynda çykyş etmek boýunça ýeterlik tejribe bar. Onuň üstesine hem A.Hommadow Olimpiýa oýunlarynda eýýäm ikinji gezek ýurdumyza wekilçilik edýär. Ol 2008-nji ýylda Pekinde geçen Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşypdy.

Amanmyrat ýeňil atletika bilen meşgullanyp, maşgala ýoluny dowam edýär. Onuň kakasy Annaçary Hommadow ozal ýadro iteklemek boýunça ussat türgendi, ol häzir saýlap alan sport görnüşi boýunça Türkmenistanyň iň güýçli türgeni bolan öz oglunyň tälimçisidir.

Amanmyrat indi köp ýyllaryň dowamynda milli we dünýä derejesindäki ýaryşlarda yzygiderli ýokary netijeler görkezmek bilen sport muşdaklaryny begendirip gelýär. Geçen aýda Gazagystanda bolan iri halkara ýaryşynda hem türkmen ýekedaban zyňyjysy diňe ýer eýeleriniň toparynda çykyş eden türgenden yza galyp, kümüş medala mynasyp boldy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 26 ýaşly uçurymynyň gazanan beýleki üstünlikleriniň hatarynda onuň 2010-njy ýylda Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilen XVI Aziýa oýunlarynda dördünji orna mynasyp bolandygyny görkezmek bolar.


Häzirki wagtda A.Hommadowyň şahsy rekordy 70 metr 65 santimetre barabardyr. Ol bu netijäni geçen ýyl Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda görkezdi. Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiadada Amanmyrada oýunlaryň baş stadiony Marakana garaşýar. Ol bu ýerde 17-nji awgustda çykyş eder. Şonda Amanmyrat öz görkezijisini üzül-kesil ýokarlandyrmaga hyýallanýar.

60, 100 we 200 metr aralyklara ylgamakda ýurdumyzyň ençeme gezek çempiony, dürli halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan hem-de baýrakly orunlary eýelän Ýelena Rýabowanyň hem öňünde şeýle wezipe bar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hajy Rahmanowyň 25 ýaşly şägirdi dünýä we Aziýa çempionatlarynda, yklym derejesindäki toplumlaýyn ýaryşlarda ýurdumyza yzygiderli wekilçilik edýär. 2012-nji ýylda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçen Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynda Ý.Rýabowa 60 metre ylgawda 7,66 sekunt wagt görkezip, täze milli rekordymyzy goýdy.


Ýelena ýeňil atletika bilen meşgullanmagynyň arasyna az-kem arakesme salyp, uly sporta dolanyp geldi hem-de örän gysga wagtyň içinde öňki ussatlyk derejesini dikeltmegi başardy. Onuň tälimçisiniň pikiriçe, häzirki wagtda olimpiýaçy türgenimiz sportda tejribeli türgenleriň hataryna girýär hem-de onda ýokary netijeleri görkezmäge doly mümkinçilik bar.

Ý.Rýabowa hem şol meşhur Marakana stadionynyň ylgaw ýodasyna 15-nji awgustda çykar. Ol öz çykyşyny deslapky saýlama ylgawlaryndan başlaman, bada-bat çärýek final ylgawlaryndan başlar.

Ildeşlerimiz ýeňil atletika ýaryşlaryndan başga-da, dzýudo, boks, agyr atletika we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlarda çykyş ederler.