Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iýun aýynda Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda bu mukaddes toprak gadymy medeni we taryhy ýadygärlikleri bilen şan-şöhraty äleme dolan beýik pirleriň mekanydyr diýip belledi. Munuň özi Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen hem tassyklanylýar.
2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilen Daşoguzda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna gabat gelmeginde çuňňur many bar. Milli ruhy-medeni gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň aýawly saklanmagy, olaryň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi we ösdürilmegi durmuş ulgamyny nazarlaýan we türkmen jemgyýetiniň gülläp ösmegine, onuň ruhy, aň-bilim mümkinçilikleniň ýokarlanmagyna gönükdirlen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
GDA gatnaşýan ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen şäherleriniň eýýäm ikinjisiniň Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde özüniň gadymy taryhyny, medeniýetini, oňyn ösüşiň ýolunda häzirki döwürde ýeten derejesini äşgär etmäge mümkinçilik aldy. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda şeýle dereje Mary şäherine berildi. Ol ýerde Arkalaşygyň çäklerinde halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny, medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini alamatlandyran giň möçberli çäreler uly üstünliklere beslenipdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň mirasy türki halklaryň milli medeniýetinde, olaryň däp-dessurlarynda we gymmatlyklarynda haly göli bolup, ata-babalarymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine goşan ägirt uly goşandyna, şeýle hem medeniýetleriň özara baýlaşmagyna şaýatlyk edýär. Gadymy we orta asyrlarda Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç şeýle merkezler bolup hyzmat edipdir. Häzir rowaýata öwrülen bu ýadygärlikler UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň ähmiýeti şunuň bilen çäklenmeýär. Bu şäherler häzir hem diňe syýahatçylar we alymlar üçin däl-de, eýsem, medeniýet işgärleri üçin hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Arkalaşygyň medeni paýtagty bolmak – bu milli barabarlygy kesgitleýän türkmen medeniýetiniň dürli görnüşlerini hem baýlygyny görkezmegiň ajaýyp mümkinçiligi bolup durýar. Daşoguz şäheri hem Mary ýaly bu abraýly derejä baý taryhy-medeni mirasynyň bolmagy netijesinde eýe boldy.
Daşoguz şäheri – ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezi döwrebap düzümi taryhy mirasa aýawly garamak bilen sazlaşykly utgaşdyrýar. Şol miras bolsa dünýäniň alymlarynyň üns merkezinde durýar. Taryh we häzirki döwür Daşoguzda sazlaşykly utgaşýar. Olar umumy medeni mirasyň gymmatlygyna göz ýetirmäge hem-de dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri hökmünde ähmiýetini duýmaga mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda XII-XIII asyrlaryň sepgidinde köneürgenç türkmenleriniň berkarar döwleti gülläp ösüp, bu ýerde beýik akyldarlar ýaşapdyr we döredipdir. Bu gadymy toprakda ýaşan we döreden Nejmeddin Kubra we Mahmyt Zamahşary, Abu Reýhan Biruni we Ibn Sina, Mahmyt Pälwan, Nurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende, Gurbanaly Magrupy ýaly Gündogaryň beýik alymlarynyň we meşhur şahyrlarynyň ady giňden bellidir. Olar dünýä ylmynyň hem-de medeniýetiniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşupdyr, halkymyzyň şan-şöhratyny belende göteripdir. Bu ýerden Beýik Ýüpek ýoly geçýär.
Welaýatyň çäklerinde, dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Köneürgençde beýik pir Nejmeddin Kubranyň kümmeti, bu ýerde keramatly adamlaryň jaýlanandygyna şaýatlyk edýän “Üç ýüz altmyş” gadymy gonamçylygy ýerleşýär.
Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşen “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we biziň günlerimize çenli gelip ýeten ajaýyp binagärlik toplumlaryny özünde jemleýär.
Welaýatda şeýle hem Gündogaryň meşhur aýdymçysy we sazandasy Aşyk Aýdyň Piriň metjidi ýerleşýär, onuň aramgähi döredijilik işgärleriniň zyýarat edýän künjegine öwrüldi. Beýik Piriň ýadygärliginden uzak bolmadyk ýerde türkmenleriň esasy saz guraly bolan dutaryň ýadygärliginiň bina edilendigi buýsançly ýagdaýdyr.
Emma taryhy 400 ýyla uzap gidýän Daşoguz şäherine Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi, diňe bir onuň geçmişine goýýan sarpa däldir. Daşoguz okgunly ösýän, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan medeni gymmatlyklary bilen tapawutlanýan häzirki zaman şäheridir. Häzirki täze taryhy eýýamda bu ýerde durmuş-medeni maksatly desgalaryň onlarçasy bina edildi we gurluşygy dowam etdirilýär.
Şäheriň ýaşaýjylary Daşogzuň häzirki derejesine buýsanýarlar, milli Liderimiz Gurbanguly berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Ruhyýet köşgi, N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeý, welaýat kitaphanasy, “Bagt köşgi” hem-de milli binagärlik sungatynyň iň gowy ýörelgeleri göz öňünde tutulyp, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň bezeg aýratynlyklary peýdalanylyp gurlan ak mermerli metjit şäheriň keşbini açyp görkezýär.
Daşoguz welaýaty dikeldiş-sagaldyş mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň myhmanlarynyň gelip görmäge isleg bildirýän meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biridir. Bu ýerde ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklar we ýörelgeler dürli senetleriň, aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň ösüşinde öz beýanyny tapýar. Olar barha kämilleşmek bilen , halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti bolup durýar.
Muňa 2012-nji ýylda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwallary, soňky ýyllarda guralan iri halkara ylmy maslahatlary, şeýle hem Medeniýet hepdeligi hem-de onuň çäklerinde guralan Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň halkara sergisi, daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda geçirilen sungat ussatlarynyň konserti hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda we Köneürgençde “Beýik Ýüpek ýolunda medeniýetleriň söhbetdeşligi” atly halkara maslahat geçirildi, onuň işine 37 döwletden alymlar gatnaşdylar.
Şonuň bilen birlikde, “Arkalaşygyň medeni paýtagty—2016” atly çäreler maksatnamasy bu şähere medeni durmuşy has-da many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga hem-de ösdürmäge, halkara derejesinde ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny äşgär etmäge we jahankeşdeleri çekmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.
30-njy martda Daşoguzda bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berlendigini ýatladýarys. Şol gün halkara derejesindäki çäreleriň tutuş toplumy geçirildi, olar GDA gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, alymlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik we ylmy gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.
Şähere Arkalaşygynyň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi mynasybetli GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara gaznasynyň, döwletleriň birnäçesiniň medeni ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, žurnalistleriň, Arkalaşyga girýän ýurtlaryň sungat ussatlarynyň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Ruhyýet Köşgünde geçirilen dabara aýratyn üns berilmegine mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata iberen Gutlagynda bu wakanyň Türkmenistan bilen GDA ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, dünýäde halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmekde aýratyn ähmiýeti bellenilýär.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew döwletara gatnaşyklarynyň netijesi häsiýetde ösdürilmeginde, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça medeni paýtagt derejesiniň aýratyn orny bellenildi, ol oňyn döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, GDA giňişliginde ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýän yzygiderli çäreleri, ýurdumyzda birnäçe iri medeni forumlaryň guralmagyna ýardam berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Şähere 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi hakyndaky güwänamany gowşurmak dabarasynda ajaýyp häzirki zaman keşbe eýe bolan bu gadymy türkmen şäheriniň GDA-nyň giňişliginde emele gelýän medeni durmuşa uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi, iri möçberli çäreler, aýdym-sazly maksatnamalar bolsa köpçüligiň uly gyzyklanmasyna eýe boljakdygyna hem-de köpsanly şatlykly duşuşyklara, hakyky baýramçylyga öwrüljekdigine ynam bildirildi.
Ruhyýet köşgünde geçirilen konsert ilkinji baýramçylyk çärelerinňi biri boldy. Oňa Türkmenistanyň we Arkalaşyga girýän ýurtlaryň birnäçesiniň sungat ussatlary gatnaşdylar. Täsin gündogar köşgüni şekillendirýän görnüşde bezelen ýagdaýda geçirilen bu tomaşada medeniýetleriň gatnaşyklary, halklaryň dostlugy, olaryň döredijilik gatnaşyklary öz beýanyny tapdy.
Şäheriň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralara gabatlanyp guralan çärelerde etnografiki çykyşlar, köpsanly sergiler ýaýbaňlandyryldy, olar milli senetkärleriň taýsyz nusgalaryny äşgär etdiler. Welaýatyň döredijilik toparlary, asyrlaryň dowamynda şan-şöhrata eýe bolan demirgazyk welaýatyň bagşy-sazandalary myhmanlary aýdym-sazlar bilen garşylaýarlar.
Şol günler binagärlik keşbinde gadymy Köneürgenjiň ussalarynyň şöhrat gazanan gurluşyk sungatynyň milli däplerini utgaşdyran Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde sergileriň açylyşy boldy. Olarda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda, Russiýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan suratkeşler bar.
Sergi guralýan zalda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň dürli gymmatlyklary, milli lybaslar, halk saz gurallary, ajaýyp şaý-sepler, halylar, durmuş ulgamyna degişli serişdeler, türkmen halkynyň ýaşaýşyna degişli senetleriň birnäçe nusgalary görkezilýär.
Binanyň ikinji gatynyň eýwanynda milli şekillendiriş sungatyna degişli işler görkezilýär. Bu ýerde grafika, şekillendiriş, küýzegärlik, heýkeltataşlyk, şeýle hem ýurdumyzyň şekillendiriş sungaty mekdebiniň okuwçylarynyň döreden işlerine, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň eserlerine aýratyn orun berlipdir. Bu suratlarda dürli ýörelgelere, äheňlere eýerýän işler, Köneürgenjiň binagärlik ýadygärliklerini, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny, halkyň durmuşyna degişli pursatlary we döwürdeşlerimiziň portretlerini görmek bolýar.
Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar welaýatyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan milletiň baý taryhy we medeni mirasyna şaýatlyk edýän gymmatlyklar bilen tanyşdyryldy. Häzirki döwürde muzeý gaznalarynda türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna degişli gymmatlyklaryň 11 müňden gowragy saklanýar. Olar arheologik tapyndylardan, gadymy milli lybaslardan, ajaýyp halylardan, halk ussalarynyň kümüşden döreden zergärçilik önümlerinden, öý hojalygyna degişli serişdelerden, sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsi barada gürrüň berýän maglumatlardan, arhiw resminamalaryndan ybaratdyr.
Muzeýiň belli halk sazandalarynyň, ussat bagşylarynyň, türkmen halk sazlaryny we nusgawy eserlerini wagyz edijileriň döredijiligine bagyşlanan bölümi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Aýawly saklanan gymmatlyklar sebitiň aýdym-saz döredijiliginiň ýüz ýyldan gowrak döwri öz içine alýan ösüşi, halk döredijiliginiň görnükli wekilleri barada gürrüň berýär. Bu ýerde belli türkmen dessanlaryny aýdyjylaryň, Magtymguly Pyragynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mollanepesiň sözlerine döredilen we milli saz medeniýetiniň altyn gaznasyna giren fotosuratlar, ýazgylar görkezilýär.
Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanylan çäreleriň çäklerinde myhmanlar welaýat merkezinden 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän “Köneürgenç” Döwlet taryhy-medeni toplumyna baryp gördüler we UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilen binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşdylar. Bu tanyşlygyň barşynda myhmanlar beýik seljuklar eýýamynyň kuwwatly güýje hem-de döredijilik mümkinçiliklerine eýe bolmagynyň derejesine baha bermäge mümkinçilik aldylar.
Köneürgenjiň ajaýyp ýadygärlikleri diňe bir özüniň binagärlik gözelligi bilen däl-de, eýsem, heniz üsti açylmadyk taryhy syrlary bilen hem ýurdumyzyň we daşary ýurt alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Alymlaryň köpüsi iýun aýynda geçirilen “Türkmenistan ruhy-medeni gymmatlyklara baý ülkedir” atly Halkara ylmy-amaly maslahatynda duşuşypdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda edebiýaty, medeniýeti, sungaty öwrenijiler, taryhçylar, dilçiler, binagärler, arheologlar hem-de GDA ýurtlarynyň medeni-ynsanperwer ulgamynyň beýleki wekilleri bar. Ýurdumyzyň ylmyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlarynyň, ýurdumyzyň medeni merkezleriniň alymlary, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň we ýörite orta okuw mekdepleriň mugallymlary wekilçilik etdiler.
Halkara forumynyň geçirilen günlerinde welaýat dolandyryş merkezinde amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy. Sergide ýurdumyzyň neşirýat önümleri, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öçmejek milli gymmatlyklar – uçar ganatly ahalteke bedewleri, ajaýyp türkmen halylary, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri barada gürrüň berýän, şeýle hem Daşoguz welaýaty bilen tanyşdyrýan neşir önümleri görkezildi. Daşoguzda geçirilýän çäreleriň maksatnamasyna “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, welaýatyň medeni we ylmy merkezlerine baryp görmek çäreleri girýär.
Şu ýylyň ikinji ýarymynda Daşoguz Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde ýene-de birnäçe çäre geçirer. Aşgabatda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Kitap—hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol” atly ХI Halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde paýtagtymyzda we Daşoguzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň neşir önümleriniň sergisi guralar. Şeýle hem GDA ýurtlarynyň döwlet we milli kitaphanalarynyň direktorlarynyň ganaşmagynda “Halklaryň gadymy mirasyny aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde kitaphanalaryň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Noýabr aýynyň başynda “Görogly” türkmen şadessanynyň ähmiýetine hem-de onuň dünýä medeniýetindäki ornuna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan GDA assosirlenen agza bolmak bilen, bu döwletara birleşiginiň giňişliginde açyk hem-de deňhukukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.