Ï Türkmenleriň göçme öýleriniň has kämilleşen görnüşi – ak öýler – tebigat bilen ýakyndan baglanyşyklydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenleriň göçme öýleriniň has kämilleşen görnüşi – ak öýler – tebigat bilen ýakyndan baglanyşyklydyr

view-icon 2982
Türkmen sährasy bilen biz uzak ýöredik, ýüzlerçe kilometr ýol yzda galdy. Peýzažyň birmeňzeş görnüşleri: otlar, depeler, topbak ösümlikler ünsüňi kütekleşdirýär, käýerde hažžyk görünýär, başga bir ýerde skarabeý süýşüp barýar... Ynha-da ýoluň öwrüminiň aňyrsynda ak öler görünýär, onuň ýokarsyndan bolsa tüsse çykýar, megerem bize gyzgynjak çaý hödürlener.

Ak öýler tebigat bilen ýakyndan baglanyşykly, ondaky durmuş göçüp-gonup ýören halk üçin zerur bolupdyr. Bu onuň mikrodünýäsi, onuň kiçijik älemi. Tör, ak öýiň içiniň iň hormatly orny – erkekleriň we zenanlaryň oturýan ýerleri oňa birikýär, adatça bu orny öýüň hojaýny ýa-da aýratyn hormatlanýan myhmanlar eýeleýärler. Töre öýüň abadançylygyny, nesliň dowamatlylygyny alamatlandyrýan ak öýüň dini däp-dessurlary ýerine ýetirilýän bölegi - ojak birleşýär. Ojaga hormat goýmak türkmenleriň gadymy däp-dessurlarynyň hataryna degişlidir. Gadymyýetde “Ak öýde hemişe oduň ýanmagy üçin, hemişe onuň tüýnüginden tüssäniň hemişe çykyp durmagy gerek” diýip, aýdypdyrlar.


Halk yrymlaryna görä ojaga pederleriň we öýüň ruhy siňipdir. Şonuň üçin hem ojagy hemişe arassa saklapdyrlar, onda galyndylary hiç wagt ýakmandyrlar, otdan ätlemändirler, ony dürli täsir ediji zatlar bilen zaýalamandyrlar, ýanyp duran odunlary aýak bilen ölçermändirler, ýiti uçly zat bilen ody dörmändirler, arka tarap bilen ojagyň ýanyndan turmandyrlar. Adamsynyň öýüne gelen gelin ilkinji nobatda ojaga, onuň piri Mir Kulala salam beripdir. Ojagyň oduny bagt bilen deň hasap edipdirler, şonuň üçin hem onuň öýi taşlap gitmezligi üçin ody hiç wagt paýlaşmandyrlar we ony öýden çykarmandyrlar.

Ojagy bezemek üçin onuň – ak öýüň dini däp-dessurlary ýerine ýetirilýän ýeriniň ähmiýetiniň uly bolandygyna doly baha bermäge dokalan önümler şert döredýär. Ak öýüň durmuş ähmiýetli predmetleri çarwanyň öz ýaşaýyş jaýyny hemişe çeperçilik taýdan bezemäge çalyşmagy bilen häsiýetlendirilýär. Keçe we ýüň önümleri, dürli görnüşli matalar, owadan halylar, nagyşlar, örülen önümler ak öýe özboluşly owadanlygy beripdir we gaýtalanmajak milli aýratynlyklary döredipdirler.


Türkmenler, Orta Aziýanyň beýleki halklary ýaly, otda dogulmagy, ösmegi, umumy ösüşi, durmuş baradaky hakykaty beýan edýän gaty güýçli hudaýlylygy görüpdirler. Ak öýdäki ot günüň bir bölegi diýlip hasap edilipdir we ak öýdäki ojagy tegelek görnüşde ýasapdyrlar.

Gadymdan bäri ojagyň töweregini anyk praktiki ähmiýeti bolan P- görnüşli – ojakbaşyny palas we keçe önümleri bilen bezäpdirler, onuň gyralary hemişe ojaga bakypdyr. Ojakbaşy kompozisiýasy nagyş bezeginiň has gadymy usullaryna degişlidir. Adatça ussat zenanlar ýönekeý grafiki suratlary dürli güýçler we beýan edijilik bilen keseligine we dikligine çalyşýan görnüşde ulanypdyrlar, ýokary owadanlygy gazanmak bilen reňki, görnüşi we ölçegi hem ýerlikli ulanmagy başarypdyrlar. Halyçylar uly iş tejribesi bilen palas zolaklarynyň nagyşlaryny ussatlyk bilen ölçemegi başarypdyrlar, nagyşyň we reňkiň deňeçerliginiň kesgitli ulgamynyň berk saklanýan ýeri bolan merkezi meýdançany has owadan bezemäge çalşypdyrlar. Nagyşlar öý ojagyny goraýan nyşan hasaplanýan kesgitli sýužet we usul boýunça işlenilip taýýarlanylypdyr.

Suratly ojakbaşynyň ähli görnüşleri zolakly görnüşde reňkli inçejik gaýma bilen daşyna aýlanypdyr, ýöne owadan nagyşly ýapgyt örülen görnüşde – çyraz bilen aýlanypdyr. Hatda onuň ady hem günüň altyn şöhlelerini göz öňüne getirýän, şatlygy, amatlyklary we ýylylygy alamatlandyrýan “şöhläni” aňladýar. Bu owadan usul önüme stilistiki taýdan tamamlanmagy berýär.


XIX – asyrda XX asyryň başlarynda şular ýaly kompozisiýalar palas önümlerinde ýygy-ýygydan ulanylypdyr. Şular ýaly nagyşlary haly çuwallarynda, torbalarda, halyklarda, horjunlarda görmek bolýar.

Keçä tikilen palas usulynda ýerine ýetirilen ojakbaşynyň süýnmek şekiliniň nusgasy örän owadandyr. Bu ýerde owunjak nagyşlar biri-birinden ep esli aralykda ýerleşdirilendir, beýlekide – birnäçe gaýtalanaýan bir görnüşli usullar yzygiderli hatary düzmek bilen, nepis gaýma görnüşinde romb şekilli kombinasiýalar zolagy doly doldurýar.

Nagyşly keçe ojakbaşylary uly gyzyklanma döredýär. Bu önümler işiň inçeligi we nagyşlarynyň owadanlygy bilen tapawutlanýar. Gadymyýetde arassa ak reňkden, şeýle hem perimetr boýunça gara reňkli bezeg bilen reňkli ýüňden ownuk tegmilli gül bilen keçe ojakbaşylary ýasapdyrlar


Keçeden ýasalan ojakbaşy baý öwüşginleriň netijesinde adatdan daşary özboluşly görünýär. Önümiň çeperçilik taýdan mynasyplygy ýönekeý reňk serişdeleriniň ulanylmagynda, gülleriniň owadan ýerleşdirilişinden, başarjaňlyk bilen gurlan kompozisiýadan durýar. Bu bolsa türkmen zenanlarynyň zehinleriniň çeperçilik taýdan örän ýokarydygy barada gürrüň berýär.

Bu önümleriň nagyş gurluşy türkmenleriň özboluşlylygynda we gadymy çeper däp-dessurlarynda jemlenýär. Bu bolsa olary hakyky bezeg-amaly sungatyň eserleri diýip atlandyrmaga şert döredýär. Olarda halkyň estetiki duýgusy, onuň etniki gatnaşyklary beýan edilýär, asyrlaryň dowamynda tassyklanan berk kadalary saklanyp galypdyr.