Braziliýada bolýan türkmen türgenleri ýaryşlaryň öň ýanyndaky türgenleşiklerini dowam etdiler. Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň düzüminde dzýudo boýunça ýaryşda 52 kilograma çenli agram derejede halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa çykyş eder.
Ol Olimpiada gatnaşmak üçin uzak ýol geçdi. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa oýunlaryna arzyly ýollanma eýe bolmak üçin dünýä, Aziýa derejelerindäki ýaryşlarda we «Gran-pri» ýaryşynyň tapgyrlarynda yzygiderli ýokary netijeleri gazanmak zerur bolup durýar. Hereket edýän düzgünnama laýyklykda, dzýudoça dereje ýaryşlarynda çykyş edenligi üçin utuklar bellenilýär, şonuň üçin hem şeýle ýaryşlaryň diňe biriniň sypdyrylmagy hem pälwany dünýäniň iň esasy ýaryşyna gatnaşmakdan daşlaşdyryp biler.
G. Babamyradowa iri ýaryşlara yzygiderli gatnaşdy hem-de medallara esasy dalaşgärleriň biri hökmünde çykyş etdi. Çemengül Geldibaýewa bilen Gapur Babagulyýewiň şägirdi «Gran-pri» ýaryşlarynyň tapgyrlarynyň dördüsinde çykyş edip, iki gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy, şeýle hem ol bir gezek kümüş, ýene bir sapar bürünç medala mynasyp boldy. Ýazda geçen Aziýa çempionatynda Gülbadam üçünji orny eýeledi, geçen ýyl geçirilen dünýä çempionatynda bolsa ol öz agram derejesinde dünýäniň iň ezber dzýudoçylarynyň bäşligine girdi.
G.Babamyradowa köptaraply türgen diýmäge doly esas bar. Dzýudo boýunça gazanan üstünliklerinden başga-da, ol guşakly göreş boýunça dünýäniň çempiony boldy, şeýle hem sambo boýunça Dünýä kubogy we birinjilikleri ugrunda ýaryşlarda ýeňiş gazandy hem-de baýrakly orunlary eýeledi. Onuň üstesine hem 2014-nji ýylda geçirilen Aziýanyň IV kenarýaka oýunlarynda, açyk asmanyň astynda çäge «düşekçede» geçirilen sambo boýunça ýaryşlarda ol altyn we kümüş medallara mynasyp boldy. Umuman, Gülbadam halkara derejesinde onlarça baýraklaryň eýesi.
Rio-de-Žaneýroda geçjek Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryşlarda ýurdumyzdan ýene bir türgen, sport ussady Ruşana Nurjowowa çykyş eder. Onuň Olimpiada gatnaşmagy barada karar Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) tarapyndan kabul edildi. Bu gurama her Olimpiadanyň öňüsyrasynda yklymlar üçin ýaryşa gatnaşmaga goşmaça orun berýär. Oňa ýollanma alyp bilmedik, ýöne dünýä derejesindäki ýaryşlarda özüni oňat tarapdan görkezen türgenler mynasyp bolýarlar.
Ruşana «Gran-pri» ýaryşlarynyň tapgyrlarynda hem oňat netijeler görkezdi. Ýagny ol, iýunyň ahyrynda Budapeştde (Wengriýa) geçen ýaryşda ýedinji orny eýeledi, şu ýylyň maý aýynda geçen Aziýanyň çempionatynda bolsa 57 kilograma çenli agram derejesinde iň ezber dzýudoçylaryň bäşligine düşdi.
Olimpiýa ýygyndymyzyň düzüminde dzýudoçylarymyz ilkinjileriň hatarynda 7-nji we 8-nji awgustda ýaryşa girişerler. Häzirlikçe bolsa olar türgenleşik geçip, öz ussatlyk derejelerini kämilleşdirýärler, çünki bu ýaryşlarda duýdansyz hem çalasyn geçirilen tilsimler, köplenç halatda, ýeňşiň ykbalyny kesgitlär.