Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň “Erteki gürrüň berijilik sungaty” Aziýa komitetiniň maslahaty boldy. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen duşuşyga Koreýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň alymlary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda paýtagtymyzda geçirilen bu halkara çäresi halkymyzyň ajaýyp ruhy-medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge, ony aýawly saklamaga we dünýäde giňden wagyz etmäge, sebitiň halklarynyň milli eposlaryny, rowaýatlaryny ýygnamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
“Erteki gürrüň berijilik sungaty” Aziýa komiteti Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde suhangöýlük babatda medeni alyşmalary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Maslahatyň barşynda dilden aýdylýan halk döredijiligini öwrenmek boýunça milli synlar, özboluşly eserleriň bitewi binýadyny döretmek ýörelgeleri öňe sürüldi. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen çagalar üçin ertekiler bezegli ýygyndylary taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. “Imagination of Asia” ady bilen geçen ýyl bezegli görnüşde belli rowaýatlaryň we milli epiki eserleriň esasynda neşir edilen täze kitap şeýle tejribäniň ilkinjisine öwrüldi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň dilden-dile geçip gelen halk döredijiliginiň meşhur gymmatlyklary bolan “Görogly” şadessany ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň nusgawy eserleriniň sanawyna goşuldy. Dilden-dile geçirilýän eserleri halk suhangöýleri ösdürýärler. Olar ýerine ýetirilende beýan etmek, aýdym, onuň şekillendirilişi we milli saz gurallarynda ýerine ýetirilýän sazlar bilen utgaşdyrylmagy möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu özboluşly döredijiligiň milli ýörelgelerini wagyz etmek biziň günlerimize ýetip gelen dessanlary täzeden açmak maksady bilen, Aziýa ýurtlarynda suhangöýleriň festiwal bäsleşigini geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi.
Maslahatyň barşynda ýygnananlara türkmen dessançy bagşylarynyň “Görogly” şadessanyndan ussatlyk bilen ýerine ýetiren parçalarynyň özüneçekijiligini duýmak mümkinçiligi döredildi. Maslahata gatnaşyjylar muzeýiň zallarynda ýerleşdirilen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, gadymy we häzirki zaman gymmatlyklar bilen tanyşdyryldy.
Ertir Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda belli türkmen ýazyjylary, şahyrlary, çagalar üçin eser döredýän awtorlar, suratkeşler bilen duşuşyklar geçiriler. Bu ýerde çagalara niýetlenip ýurdumyzda neşir edilýän kitaplaryň dürli görnüşleri görkeziler.
Daşary ýurtly myhmanlar paýtagtymyzda bolmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we “Köne Nusaý” taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp görerler.