Şu gün “Olympic Aquatics Stadiumda” geçirilýän suwda ýüzmek boýunça ýaryşlaryň barşynda türkmen türgeni Merdan Ataýew 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde öz toparynda ilkinji gelip, şu aralykda täze milli rekordy goýdy — 56,34 sekunt.
Şonuň bilen birlikde, oňa şu görnüşde 2014-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlarynda gazanan öz netijesini gowulandyrmak başartdy. Şonda ol 100 metr aralygy 56,63 sekuntda geçipdi, bu bolsa ýurdumyzyň häzire çenli bolan rekordydy.
Rio-de-Žaneýroda 80 müňe golaý tomaşaçy ýerleşýän meşhur Marakana stadionynda dünýäniň 207 ýurdundan 10 müňden gowrak türgenleri bir ýere jemlän XXXI tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilenden soň, türgenleriň ýaryşlaryna badalga berildi. Şu gezekki Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşýan ýurtlaryň sany rekord derejededir. Ildeşlerimiz sportuň bäş görnüşinde — suwda ýüzmek, dzýudo, agyr we ýeňil atletika hem-de boks boýunça çykyş edýärler.
Olimpiada — 2016-nyň barşynda sportuň 40-a golaý görnüşleri boýunça medallar toplumynyň 306-sy ugrunda bäsleşiler. Şu gün bras arkaly 100 metr aralykda biziň toparymyzyň iň ýaş türgeni Darýa Semenowa öz ýüzüşinde birinji ýeri eýeläp, 1 minut 19,84 sekunt netije görkezdi. Özi-de, ýarpy aralyk geçilende (50 metr) ol 36,12 sekunt görkezdi. Bu bolsa milli rekorddan 0,3 sekunt ýokarydyr.
52 kilograma çenli agram derejesinde dzýudo boýunça ýaryşlarda halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa çykyş etdi. Laura Gomez (Ispaniýa) onuň garşydaşy boldy. Gynansak-da, biziň türgenimiz çekeleşikli göreşde ispan dzýudoçysyndan ýeňildi.
8-nji awgustda Olimpiýa meýdançasyna biziň boksçymyz — Arslanbek Açylow çykar. 75 kilograma çenli agram derejesinde ol Wengriýadan Zoltan Harça bilen güýç synanyşar.
Şol gün Riodaky Olimpiada gatnaşmak ugrundaky ýeke-täk yklym (Aziýa) ýollanmanyň eýesi bolan Ruşana Nurjowowa dzýudo boýunça ýaryşda (57 kilograma çenli) Wengriýanyň türgeni bilen öz ilkinji pälwançylyk tutluşygyny geçirer.
Soňra ildeşlerimiz agyr we ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda çykyşlaryny dowam ederler. Sportuň ýeňil atletika görnüşine Amanmyrat Hommadow (ýekedaban zyňmak) hem-de Ýelena Rýabowa (200 metre ylgamak), agyrlyk götermek boýunça ýaryşda bolsa Gülnabat Kadyrowa (69 kilograma çenli) we Hojamuhammet Toýçyýew (105 kilogramdan ýokary) wekilçilik eder.