Braziliýada dowam edýän Olimpiýadada türkmen türgenlerimiz dzýudo we boks boýunça ýaryşlarda çykyş etdiler. Düýn bolsa, ozal habar berlişi ýaly, suwda ýüzmek boýunça
ýaryşlarda ildeşimiz Merdan Ataýew arkanlygyna 100 metr aralyga ýüzmek görnüşinde 56,34 sekund wagt görkezip, Türkmenistanyň milli rekordyny goýmak bilen özüniň ozalky üstünligini 0,3 sekunda golaý gowulandyrdy.
75 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça sport ussady Arslanbek Açylow özüniň ilkinji tutluşygyny geçirdi. I Ýewropa oýunlary-2015-iň bürünç baýragynyň eýesi Wengriýanyň toparyndan Zoltan Adam Harç onuň garşydaşy boldy. Türgenler güýçleri boýunça deň ýagdaýda boldy, ýöne jemleýji jaňdan soň eminler topary ýeňşi ildeşimiziň garşydaşyna berdi.
Şu gün dzýudo boýunça ýaryşda ýygyndymyza Ruşana Nurjowowa wekilçilik etdi. 57 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji duşuşygynda ol Wengriýaly dzýudoçy zenan Hedwij Karakasdan ýeňildi.
10-njy awgustda agyr atletika boýunça ýaryşlarda Olimpiadanyň ýaryş meýdançalaryna Gülnabat Kadyrowa çykar. Ol 69 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder. Ildeşimiz ýer ýüzüniň esasy ýaryşlaryna ýollanmany şu ýylyň baharynda geçirilen Aziýa çempionatynyň barşynda gazandy. Ol birden götermekde 95 kilogramlyk agramy galdyrmaga hötde gelip, bürünç baýragyň eýesi boldy, itip galdyrmakda 110 kilogram göterip, dördünji orna eýe boldy we iki görnüşiň jemi boýunça 205 kilogram netije görkezip, iň gowularyň ilkinji altylygyna düşdi.
Türkmenistandan ýene-de bir agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew Olimpiadada 16-njy awgustda çykyş eder. Ol ýokary agram derejesinde (105 kilogramdan ýokary) ýer ýüzüniň iň güýçli pälwanlary bilen bäsleşer. Dört ýylda bir gezek geçirilýän esasy sport wakalaryna ýollanmany H.Toýçyýew yklym ýaryşlary arkaly gazandy. Şonda ol birbada milli rekordlaryň üçüsini – birden götermekde (190 kilogram), itip galdyrmakda (237 kilogram) we iki görnüşiň jemi boýunça (427 kilogram) rekordlary goýdy.
Tomusky oýunlaryň ahyrky günlerinde medallar ugrunda ýeňil atletikaçylar ýaryşyp başlar. Biziň ýurdumyzdan 200 metr aralyga ýaryşda sport ussady Ýelena Rýabowa gatnaşar. Şu aralyga onuň şahsy rekordy 24,27 sekunda deňdir.
Ýekedaban zyňmakda meşhur ýeňil atletikaçy türkmen maşgalasynyň neslini dowam edýän Amanmyrat Hommadow çykyş eder. Şu görnüşde onuň iň oňat şahsy netijesi 70 metr 65 santimetre deňdir. Bu aralyk ýurdumyzyň kubogy ugrundaky geçen ýylky ýaryşda hasaba alyndy.