Ï Türkmenistanyň ýygyndy topary — Aziýa çempionatynyň ýeňijisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýygyndy topary — Aziýa çempionatynyň ýeňijisi

view-icon 1207
Ildeşlerimiz kikboksing boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda (K-1 ugry boýunça) üstünlikli çykyş edip, 10 medala, şol sanda 6 altyn we 4 kümüş medala mynasyp boldular. Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen ýaryşa Aziýa ýurtlarynyň birnäçesiniň güýçli kikboksçulary gatnaşdylar. Toparlaýyn hasapda Türkmenistanyň ýygyndysy öňdeligi eýeledi.

Altyn medallara Hudaýguly Kömekow (54 kilograma çenli agramlyk derejede), Nariman Aýdogdyýew (60 kilograma çenli agramlyk derejede), Merdan Mämmedow (67 kilograma çenli agramlyk derejede), Berdi Bekmyradow (75 kilograma çenli agramlyk derejede), Azamat Jumakulyýew (86 kilograma çenli agramlyk derejede) mynasyp boldular.

71 kilograma çenli agramlyk derejede türgenlerimiz Goçmyrat Jumanyýazow we Şöhrat Ýagmyrow degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler.

Şeýle hem kümüş medallara Gadam Abdyýew (63,5 kilograma çenli agramlyk derejede), Serdar Mämmedow (81 kilograma çenli agramlyk derejede), Şöhrat Pirimanow (91 kilograma çenli agramlyk derejede) mynasyp boldular. Sport hünärmenleri türkmen kikboksçularynyň ýokary ussatlyk görkezendiklerini bellediler. Ildeşlerimiz başarjaňlyk bilen hereket edip, güýçli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardylar. Biziň türgenlerimizi Aziýa çempionatyna ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiý taýýarlady.

Milli kikboksing federasiýasynyň başlygy Halmyrat Izmaýlowyň belleýşi ýaly, biziň ýygyndy toparymyz ynamly ýeňiş gazanyp, öz öňünde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi. Bu ýaryşlar şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda Koreýa Respublikasynda geçiriljek gündogar başa-baş söweşi boýunça dünýä oýunlarynyň öňüsyrasynda kikboksçular üçin uly synag boldy.