Lebap welaýat merkezinde tamamlanan “Dowamatyň ýaňlary” atly döredijilik gözden geçirilişiň çäklerinde görkezilen açdym we saz sungaty žanr we stilistiki taýdan köp ugurly boldy. Ol ony gurnaýjylar - Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Maddy däl milli miras müdirliginiň hünärmenleri üçin açyş we gymmat bahaly sungaty öwreniş material boldy.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň folklor topary gadymy toý däp-dessurlarynyň žiwopis palitrasyny: lirizmden doly “Enejan”, “Jorajan” gyz aýdymlaryndan başlap, “Ýar-ýar”, “Ýaralleý”, “Öleň”, “Ýarawjan” tans-aýdym kompozisiýalaryny we dört setirli degişme aýdymlar bolan “Degişme” we “Ýeňňejan” ýaly aýdymlaryna çenli ýerine ýetirdiler. Belent, köp owazly we ýarym tonlara ulaşýan däp-dessur sahnalary ýurdumyzyň demirgazyk sebitlerinde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda giň ýaýran milli urlup çalynýan dep saz guraly bilen utgaşyp gitdi. Depde ýerine ýetirijileriň ýurduň günortasynda – Kakada hem ýaşaýandyklary köpleriň ýadyna hem düşen däldir.
Balkan welaýaty hem žanr taýdan köp ugurly aýdym-saz dessurlary görkezdi. Bu sebitlere mahsus bolan däp-dessur we “Küşt depdi”, “”Hymmyl, “Gazal” ýaly dabaraly aýdymlar bilen bir hatarda “Läle” we “Monjuk atdy” we “Nesihatlar” ýaly maslahat beriji aýdymlar hem ýaňlandy.
“Çapak” milli tansy Lebap welaýatynyň ýerine ýetiriş sungatynyň esasysy boldy. Bu tansyň döreýiş taryhy hem täsindir: geçmişde, haçan-da erkek adamlar söweşe gidenlerinde, olaryň ýanýoldaşlary ol esgerlere güýçli güýç berer diýen umyt bilen, bu tansy ýerine ýetiripdirler. Wagtyň geçmegi bilen bu tans kämilleşdirilip, baýramçylykdyr dabaralaryň ajaýyp bezegine öwrülipdir. Häzirki wagtda “Çapak” – toý folklorynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu festiwalda ony Saýat etrabynyň döredijilik topary ýerine ýetirdi.
Türkmen halkynyň taryhy-medeni tejribesiniň, onuň saz-estetiki däp-dessurynyň beýanyna öwrülen bu festiwal wagtyň we nesliň aýrylmaz baglanyşygyny görkezdi.