Ï Kerwen Ýowbasarow – milli dessançylyk mekdebiniň iň zehinli wekilleriniň biri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kerwen Ýowbasarow – milli dessançylyk mekdebiniň iň zehinli wekilleriniň biri

view-icon 4572
Asyrlaryň dowamynda türkmenleriň toý-dabaralarynyň biri hem dessan aýdýançysyz geçmändir. Olar ruhy başlangyçlary birleşdirýän, aýdym-sazy, halk pähimini we türkmen nusgawy eserlerini ýaýradyjy bolup çykyş edipdirler. Dessançy asyrlaryň dowamynda halk kalbynyň aýdymçysy, medeni mirasy ýörediji diýlip hasap edilipdir.

Biziň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bu sazly-epiki žanryň däbe öwrülen ýerine ýetirijilik usullary bar. Milli dessançylyk mekdebiniň iň zehinli wekilleriniň biri hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi, ýerine ýetirijilik usulynyň dürli ugurlaryny ussatlyk bilen kämil ýerine ýetirýän Kerwen Ýowbasarowdyr.

Kerwen Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda eneden boldy. “Ata kesbi ogla halal” diýilşi ýaly, Kerwene dessanlara bolan söýgi kakasyndan geçdi. Ýowbasarowlaryň maşgalasynda meşhur dessançylar ýygy-ýygydan ýygnanýardylar. Aýratyn hem ýaşajyk Kerwene bagşylaryň toýlarda edýän çykyşlary ýaraýardy. Çaga gyzyklanmasy bu sungatyň gizlin syrlaryna aralaşmaga ýardam berdi. Kerwen raýon sazçylyk mekdebine girdi. Bu ýerde oňa Türkmenistanyň halk bagşysy, ussat aýdymçy we zehinli mugallym Hojamyrat Öräýew halypaçylyk etdi,

Sazçylyk mekdebini tapawutly ekstern bolup tamamlan Kerwen 1997-nji ýylda Türkmen döwlet konserwatoriýasynyň Türkmenistanyň halk bagşysy Oraznepes Döwletnazarowyň synpyna okuwa girdi. Kerwen okuw ýyllarynyň dowamynda dutarda we gyjakda saz çalmagy kämil ele aldy. Dessançylyk sungatynyň sungaty öwreniş seljermesiniň gözbaşlaryny ol “Daşoguz welaýatynda dessan aýtmak sungaty” atly ylmy işinde giňden beýan etdi. Onuň bu ylmy işi 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaş alymlarynyň bäsleşiginde ikinji baýraga mynasyp boldy.

- Men dessany emosional täsir edişi boýunça ony ýokary çeperçilik esere deňeýärin, - diýip, Kerwen gürrrüň berýär. – Onuň içinden çylyşyrymly sýužetler, pähimli gahrymanlar, gahrymanlaryň inçeden ruhy gaýgylanmalary, halk pähimleri, çuňňur edep eriş-argaş bolup geçýär. Dessanyň poetikasy adamyň kalbynda çuňňur adalatly we oňat hereketleri oýarmak bilen, kuwwatly durmuş tassyklaýjy äheňe eýedir. Dessançy, wokal maglumatlaryndan we saz guralyna ussatlyk bilen erk etmekden başga hem, her bir obrazy gowy özleşdirmeli hem-de ýatkeşligiň gowy bolmagyna mümkinçilik berýän artistlik ukybyna eýe bolmaly. Sebäbi her bir dessan – köp baplardan durýan örän uly eser. Deňeşdirip görsek, “Hüýrlukga-Hemra” dessanynyň bir babynda 50-ä çenli aýdym bolup bilýär. Ökde dessançy bolsa bäşden hem gowrak dessany ýatdan bilip, olary ýerine ýetirmegi başarmaly. Meselem, meniň repertuarymda 8 dessan, nusgawy şahyrlar Magtymgulynyň, Zeliliniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Seýdiniň sözlerine köp sanly aýdymlar we 150 töweregi “tirme” aýdymlar bar. Dessançy gowy bilimli we köp okan adam bolmaly. Sebäbi dessanlarda köne sözler, dialektizmler, başga halklaryň dillerinden geçen sözler kän gabat gelýär, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda ol ýerine ýetirýän dessanyna kämil düşündirişleri bermäge taýýar bolmaly

Kerwen türk dilleri festiwallaryna ýygy-ýygydan gatnaşýar. Onuň ýerine ýetiriş ussatlygyna Germaniýada, Awstriýada, Şweýsariýada folklora ýokary baha berýänler güýçli el çarpyşmak bilen hoşallyk bildirdiler.

- Men “göýenderlere” – dessany gowy görýänlere ýygy-ýygydan gabat gelýärin. Olar – sazanda däl, ýöne dessan barada dessançydan köp bilýän zatlary bar. Şular ýaly ussatlara daşary ýurtlarda, şol sanda ýewropa ýurtlarynda hem, gabat gelmek örän ýakymly.

Gadym wagtlardan bäri dessançylyk sungatynda kada bar. Onda ussat dessançy öz bilýän zatlaryny şägirde geçirmeli. Kerweniň hem buýsanýan şägirtleri bar. Olardan Şäher Täjewi, Röwşen Hallyýewi, Mämmet Nuryýewi, Gülnar Sapargeldiýewany göwkezmek bolar.

Dessançy özboluşly ýerine ýetirijilik döredijiliginde döwrüň we nesilleriň arabaglanyşygyny berýän edýär, türkmen halkynyň aýdym-saz medeniýetini baýlaşdyrýar. Bagşyçylyk sungaty – ruhlylygyň we folkloryň ajaýyp sinbiozy, janly miras bolup durýar. Onda döwriň poetikasy we amala aşyrmalaryň ritm sazlaşygy bar.