Ï Türkmen ýeňil atletikaçylary olimpiýa bäsleşigine başlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýeňil atletikaçylary olimpiýa bäsleşigine başlaýarlar

view-icon 1173
XXXI Olimpiýa oýunlarynda türkmen ýeňil atletikaçylary dünýäniň iň güýçli türgenleri bilen bäsleşige girişdiler. Sport ussady Ýelena Rýabowa Olimpic Stadiumyň ylgaw ýodajygyna çykyp, 200 metr aralykda çärýek final ýaryşlarynda bäsleşdi.

Sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşiklere gatnaşýanlaryň sany has köp boldy — 70-den gowrak ýeňil atletikaçy ylgaw ýodalaryna çykdy. Olaryň hatarynda 2015-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala eýe bolan Mişel — Li Ahýe (Trinidat we Tobago), ýeňil atletikanyň estafeta görnüşi boýunça Göwher liganyň hem-de dünýä birinjiliginiň ýeňijisi Simone Feýsi (Ýamaýka), geçen ýyldaky Ýewropa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşyjy Natalýa Strohowa (Ukraina) we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hajy Rahmanowdan tälim alýan Ý.Rýabowa altynjy ýodajykda ylgap, 25,45 sekunt wagt görkezdi.

17-nji awgustda ýene bir türkmen türgeni Amanmyrat Hommadow ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşlara gatnaşar. Onuň öň ýanyndaky günde bolsa agyr atletikaçylar bäsleşerler. Şunda biziň ýurdumyza wekilçilik edýän Hojamuhammet Toýçyýew 105 kilogramdan ýokary agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşer.