Bakja ekinleriniň şasy bolan örän süýji gawun – türkmen halkynyň esasy buýsançlarynyň biri bolup durýar. Bakjaçy ekerançylara uly hormat hökmünde bellenilýän Türkmen gawunynyň güni ajaýyp milli adatlary we dessurlary özünde jemleýär hem-de türkmen halkynyň taryhy pikirlenmesini we özboluşlylygyny beýan edýär.
Baýramçylygyň öňisyrasynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Azyk senagaty Döwlet birleşiginiň ýardam bermeginde bu datly bakja ekinini ösdürip ýetişdirmegiň taryhyna we däp-dessuryna bagyşlanyp, «Türkmenistan - datly gawunlaryň watany» ady bilen tematiki suratlaryň sergisi guraldy. Sergide görkezilen dürli žiwopis eserleri gawunyň örän tagamlylygyny we özüne çekijiligini beýan edýärler.
Ýurdumyzyň meşhur žiwopisçileri G.Babikow, Ýa.Annanurow, N.Ýerşow, Ç.Hümmedow, I.Mýagkow, M.Ýazyýew, N.Şahberdiýew, Ýe.Grişin, G.Hojagulyýew dagy ös eserlerinde –natýumortlarynda türkmen topragynyň eçilen baýlyklaryny ussatlarça beýan etmegi başarypdyrlar. Dürli ýyllarda döredilen suratlar, gaýtalanmajak tagamly we ýakymly ysly «waharman», «gökgürbek», «gülaby», «sarygülaby» ýaly gawunlaryň dürli görnüşleriniň dürli-dürli öwüşginlerini tomaşaça ýetirýärler. Çeperçilik bilen ýerine ýetirilen kendir matanyň ýüzünde käselenen gawunlar türkmen aşhanasynyň diňe bir tomus günleriniň datly nygmaty bolman, eýsem olar gyş günleriniň hem datly nygmatydyr. Mesem gyş günlerinde hem uzak wagtlap saklanýan «Garrygyz» gawuny aýratyn ýiti tagama eýedir.
Türkmenistanyň at gazanan hudožnigi S.Meredowyň «Dutaryň owazy» eserinde ene topragyň baýlyklaryny wasp edýän bagşynyň ruhubelent keşbini görýäris. Öňki planda bagşynyň öňünde gabyň içinde miweler we ir ýetişýän, halkyň arasynda “Zamça” diýlip atlandyrylýan iň bir süýji gawuny görýäris. Hudožnik tarapyndan gawunyň aýratynlygy altynsow öwüşgünlerde berilýär.
I.Mýagkow öz «Hasyl ýygymy» atly suratynda bakjaçylygyň fonunda hasyly harmana alyp barýan türkmen gyzlaryny şekillendiripdir. Bu iş açyk reňkde ýerine ýetirilipdir we olaryň durmuşa bolan höweslerini alamatlandyrýar.
Sergide gawunyň ösdürilip ýetişdirilýän taryhy ýerleriň peýzažlary görkezilýär. Bu Köneürgenjiň genji-hazynasy bolan aýyp «Törebeghanym» ýadygärliginiň şekili, hudožnik R.Berdiýewiň Maşady-Misserýan ýadigerlikler toplumyna bagyşlanan «Türkmenistan» peýzažydyr.
Orta asyrlaryň köp sanly çeşmeleri we XVIII-XIX asyrlaryň syýahatçylarynyň ýazgylary türkmen gawunlarynyň öňden bäri ýerli bazarlaryň iň bir möhüm azyklyk önümleriniň biri bolandygyna we köp mukdarda Gündogar ýurtlaryna äkidilendigine şaýatlyk edýär. Arap syýahatçysy Ibn Batutta, Köneürgençde bolup, ýerli gawunlara haýran galypdyr. Ol “... musulman dünýäsiniň ne bir gündogar, ne-de bir günbatar künjeklerinde şunuň ýaly gawunlar ýok. Paçagy gök, eti gyzyl, örän süýji we şunlukda özi hem gaty. Ony käseleýärler, günde guradýarlar – kak edýärler, gaba salyp Hindistanyň we hytaýyň uzak şäherlerinde äkidýärler. guradylan miweleriň arasynda ondan süýji tagamlysy ýok” diýip, ýazýar. Häzirki güne çenli türkmen gawuny öz bu ýokary derejesini saklap galypdyr. Türkmen topragynyň datly nygmaty öz ýiti tagamy bilen onuň gadyr-gymmatyny bilýänleri begendirip, baýramçylyk suratlary “şalyk derejesini” doly bahada beýan edýärler.