Ï “Agama” alpinistler klubynyň agzalary dag gerişleriniň üçüsine - Lenin pigine, Damawanda we Elbrusyň belentliklerine çykmagy başardylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Agama” alpinistler klubynyň agzalary dag gerişleriniň üçüsine - Lenin pigine, Damawanda we Elbrusyň belentliklerine çykmagy başardylar

view-icon 1230
Türkmen alpinistleri klubyň ýigrimi ýyllykdan gowrak taryhynyň dowamynda ilkinji gezek dünýäniň dag gerişleriniň üçüsine - Lenin pigine (7134 m, Merkezi Týan-Şan), Damawanda (5671 m, Eýran Yslam Respublikasy) we Elbrusyň (5633 m, Russiýa Federasiýasy) belentliklerine çykmagy başardylar.


Ilkinji habarlaryň biri aşgabatly türgen Alikber Ahmedowyň dünýäniň iň beýik gerişleriniň biri bolan Lenin pigine çykandygy barada boldy. 27-nji iýulda “ýedi müňlük” beýiklige çykan Türkmenistanly sport ussady halkara toparynyň düzüminde onuň gerşinde Türkmenistanyň baýdagyny dikdi. Bu biziň tejribeli wekilimiziň birinji üstünligi däldir. Ol Hanteňriniň beýikligine (Týan-Şan) çykdy, amerikan yklymy boýunça syýahatçylyk etdi. Ol ýerde biziň ildeşimiz Ankagua daglarynyň belent gerişlerine çykdy, Kawkazda Elbrusyň beýikligine çykdy, Alplarda geçen ýaryşlara gatnaşdy.


Şu ýyl aşgabatly türgen eýýäm daga çykmaklygyň ajaýyp taýýarlygyny görkezmegi başardy. Ol ýurtda geçirilen kubok ýaryşlarynyň ählisiniň diýen ýaly ýeňijisi bolmagy başardy. Maý aýynda Elbrusda, - Vertical SkyMarathon we Mt Elbrus (3700-5642 metr) geçen iň çylşyrymly halkara ýaryşlaryna gatnaşmak bilen, baýrakçylaryň üçlügine girmegi başardy, iki aý geçenden soňra bolsa Týan-Şanyň gerşine - “ýedi müň” metr beýiklige çykanlaryň biri boldy.

Ýaş türgenler – “Agama” klubynyň agzalary, Türkmenistanyň dag gerişlerine çykmak boýunça tejribeleri bolan Karen Bortýakow we Anton Reşetnýak ilkinji sapar klassiki ugry – Elbrusyň eteginden onuň gerşine çenli (5633 metr) geçdiler.


Aşgabatly we balkanabatly alpinistleriniň ýene-de bir topary Eýran Yslam Respublikasynyň iň beýik nokady – Damawand wulkanyna çykmagy amala aşyrdylar. “Mert” alpinistler klubyndan Begenç Mämmmedow we Witaliý Sogdeýew, “Agama” alpinistler klubyndan Roman Anoşkin, Ýewgeniý Ýarykin we Dmitriý Winokurow güýçli ýelli çylşyrymly şertlere we pes temperaturaly howa garamazdan beýiklige çykmagy başardylar we ol ýerde Türkmeniň Döwlet baýdagyny parlatdylar.


Aşgabadyň “Agama” alpinistler kluby Pamiriň, Týan-Şanyň, Kawkazyň we beýleki dag gerişleriniň iň kyn ugurlary boýunça ýörişe gatnaşan onlarça türgenleri-alpinistleri taýýarlady. Gyş paslynda Köýtendagyň iň belent nokady bolan Aýrybaba belentligine çykmak ýaş türgenler üçin gowy mekdep boldy. Häzirki wagtda klub 14 ýaşdan 70 ýaş aralygyndaky dag syýahatçylygyny söýýänleriň ýüzden gowragyny özünde jemleýär. Klubyň binýady bolan “Demirýolçy” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda sport-köpçülikleýin çärelerini geçirmek maksady bilen, gaýa çykmaklygy söýýänleri taýýarlamak üçin türgenleşik diwary döredildi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda bu ýerde 5 ýaşdan 12 ýaş aralygyndaky çagalar topary okuw sapaklaryny geçýärler. Ýaş türgenleri taýýarlamak maksatnamasy geljekde türkmen gaýa çykyjylaryny Tokioda geçiriljek Olimpiada-2020- ä gatnaşmagy nazarlaýar. Onuň maksatnamasynda HOK Assambleýasynyň 129-njy mejlisiniň çözgüdi bilen sportuň gaýa çykmak görnüşi hem girizildi. “Agama” alpinistler klubynyň golaý geljek meýilnamalarynda - şu ýylyň sentýabr aýynda alpinizm (skaýraning) boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň nobatdaky tapgyryny geçirmek we Halkara syýahatçylar güni mynasybetli Harslaňyň beýikligine köpçülikleýin çykmak bolup durýar.