Ï Bilýard boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilýard boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda

view-icon 1459
Paýtagtymyzyň “Älemgoşar” sport merkezinde bilýardyň “Erkin piramida” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi belli boldy. Final duşuşykda Aşgabadyň toparyndan Baýramgeldi Çakanowdan 5:0 hasabynda üstün çykan Annamämmet Annamämmedow (Mary welaýaty) altyn medalyň eýesi boldy.

Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Milli bilýard sporty federasiýasy tarapyndan guralan ýaryşa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden 60-a golaý türgen gatnaşdy.

Baş emin G.Abasow geçen çempionatlarda aşgabatlylaryň öňdeligi eýeländiklerini, indi bolsa ýeňijileriň orunlaryna maryly türgenleriň mynasyp bolýandygyny nygtady. Şu gezekki çempionatda A.Annamämmedowyň ýeňiş gazanmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu sebitiň ýene-de bir wekili Eziz Ataýew hormat münberiniň üçünji basgançagyna galmagy başardy.

Güýzde Aşgabatda ýurdumyzyň bilýard boýunça ýene-de bir çempionaty — “Utgaşdyrylan piramida” görnüşinde birinjiligi geçiriler. Şu bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlener. Bu topar şu ýylyň oktýabr aýynda Kazan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek dünýä çempionatynda baýraklar ugrunda göreşer.

Biziň bilýardçylarymyz halkara sport ýaryşlarynda ýeterlik derejede tejribe topladylar. Mysal üçin, geçen aýda Don boýundaky Rostowda dünýäniň toparlaýyn birinjiligi geçirildi, onuň barşynda türkmenistanlylar örän meşhur türgenlerden, şol sanda dünýäniň we Ýewropanyň häzirki çempionlaryndan üstün çykmagy başardylar. Munuň özi Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi. Olar biziň ildeşlerimiziň özboluşly oýun usullary barada gürrüň berdiler.

Halkara piramida konfederasiýasynyň wekilleri dünýä çempionatynyň final duşuşygynda baş eminlik eden Gurban Abasowyň eminlik edişine ýokary baha berdiler. Häzirki wagtda ildeşimize “Halkara derejeli emin” diýen ady bermek hakyndaky sertifikat taýýarlanylýar.

Ýöne biziň türgenlerimize esasy ýaryşlar indiki ýylda garaşýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler, onuň maksatnamasyna sportuň bilýard görnüşi hem girýär.