Ï Türkmenistan-Russiýa: iki dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Russiýa: iki dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklary

view-icon 946
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Ol dostlukly ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guraldy. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu medeni çäre netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjek ähmiýetli wakadyr.

Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda, şol sanda iki halkyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýän ynsanperwer ugurda täze derejä çykdy. Hut şunuň özi bu çäräniň baş maksady bolup, ol medeniýet we sungat ulgamynda tejribe alyşmaga, döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga hyzmat edýär.


Medeni çäräniň çäklerinde Moskwa we Wladimir şäherlerinde meýilleşdirilen duşuşyklar russiýalylara türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreder. Şol däpleriň öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy we giňden wagyz edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň biziň ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda guralmagynyň çuňňur manysy bar.

Moskwada geçirilýän foruma gatnaşmak üçin wekilçilikli topar geldi. Onuň düzümine Türkmenistanyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, şol sanda meşhur artistler, opera aýdymçylary, estrada ýerine ýetirijiler, bagşylar, aýdym-saz we tans toparlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdi.

Ýurdumyzyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary, Moskwada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatiki wekilhanalarynyň wekilleri we beýleki resmi adamlar, Russiýanyň döredijilik intelligensiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.


Dabaraly çärä ýygnananlar deňhukukly we uzakmöhletli häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen bellediler. Iki ýurduň baştutanlarynyň arasynda emele gelen özara düşünişmek we ynanyşmak, döwlet strategiýalarynyň ileri tutulýan ugurlaryny we häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň däbe öwrülen türkmen-russiýa gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga üýtgewsiz taýýarlygy netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Dabara gatnaşyjylar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Wladimir Putine döredijilik forumyny ýokary derejede guramaga we geçirmäge beren goldawlary üçin hoşallyk bildirmek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer-medeni gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Ýeri gelende aýtsak, Russiýanyň belli alymlary ençeme ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde geçirilýän arheologik barlaglara, milli taryhy ýadygärlikleri dikeltmek boýunça işlere işjeň gatnaşýarlar. Iki halkyň medeniýetleriniň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat edýän çeper sergileri we kino günlerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanda hem-de Russiýa Federasiýasynda halkara sergileri we maslahatlary hem-de döredijilik festiwallary geçirilýär. Bularyň hemmesi ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklara hil taýdan täze mazmun çaýýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler şu günki çäräniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu duşuşygyň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge nobatdaky goşant boljakdygyny bellediler.

Türkmen sungat ussatlarynyň konserti Moskwanyň esasy teatrlarynyň biriniň — “Altyn halka” milli adym-saz teatrynyň zalynda köpsanly mähelläni ýygnan şu günki dabaranyň bezegine öwrüldi. Döredijilik agşamynyň maksatnamasy halkymyzyň saz mirasynyň, nusgawy opera we estrada eserleriniň esasynda düzüldi.


Agşam “Şöhraty äleme ýaýran Diýarym” atly edebi-sazly çykyş bilen açyldy, onuň bilen bir wagtda Garaşsyz Watanymyzyň taryhy geçmişi we şu güni barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Bagşylaryň çykyşlary hem-de öwüşgini boýunça gaýtalanmajak “Gelinler”, “Gyzlar göteriň sandygy”, “Ak maýa gerek”, “Bilezik” halk aýdymlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň nusgawy owazlara öwrülen sazlary bolsa, bu ýere ýygnananlarda joşgun duýgusyny oýardy. Bu sazlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary ýerine ýetirdiler. Konserte türkmen operasynyň we estradasynyň belli aýdymçylary gatnaşdylar. Teatryň sahnasynda meşhur nusgawy eserler, şeýle hem russiýaly kompozitorlaryň, hususan-da, Aleksandra Pahmutowanyň, Şangig Berezowskiniň we beýlekileriň döreden sazlary ýaňlandy.

“Küştdepdi” dessur tansyny, “Türkmeniň toýy”, “Nusaý söýgüsi” edebi-sazly çykyşlary ýerine ýetiren “Laçyn” döredijilik tans toparyna şowhunly el çarpyldy. Halkymyzyň medeni mirasynyň gymmatlyklaryny we onuň asyrlar boýy dowam edýän däplerini alamatlandyrýan milli lybaslar şol çykyşlara aýratyn öwüşgin çaýdy. Wideoşekiller bolsa bu çykyşlara täsirli goşundy bolup hyzmat etdi.

“Alkyşnama” aýdymy saz baýramçylygynyň jemleýji pursadyna öwrüldi, ony çärä gatnaşyjylaryň hemmesi alyp göterdi.

Tomaşaçylar türkmen sahna ussatlaryna dowam el çarpdylar we üstünlikli çykyş etmegi bilen gutladylar, täze duşuşyklary arzuw etdiler.

* * *

Şu gün ýurdumyzyň wekiliýetiniň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem medeniýet ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ozal gazanylan hökümetara ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy duşuşygyň esasy meselesi boldy.


Bellenilişi ýaly, şu günki döredijilik çäresiniň geçirilmegi netijeli gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berip, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasynda dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam eder. Taraplar netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, köp ýyllyk tejribe toplanan ynsanperwer ulgamda türkmen-russiýa gatnaşyklaryny has-da giňeltmek barada pikir aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, baý milli taryhy-medeni mirasy öwrenmek, aýawly saklamak we dünýä ýaýmak meseleleri ýaş nesle bilim bermek we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek bilen birlikde, iki ýurduň döwlet syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.

25-nji awgustda Russiýanyň esasy muzeýleriniň birinde türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyşy bolar.

Şu medeni çäräniň maksatnamasynda Wladimir şäherinde iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini geçirmek göz öňünde tutuldy.