Ï Türkmenistanyň Russiýadaky medeniýet günleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Russiýadaky medeniýet günleri

view-icon 769
Russiýa Federasiýasynyň iri muzeýleriniň birinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň çäreleriniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady.

Serginiň açylyşynda çykyş edenler türkmen halkynyň medeni mirasynyň diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, tutuş adamzadyň uly gymmatlygy bolup durýandygyny nygtadylar. Ýygnananlar serginiň ähmiýetini belläp, bu çäräniň milli medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýelejekdigine, russiýalylara ýurdumyzyň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary Bütinrussiýa amaly-haşam we halk sungaty muzeýiniň zallarynyň birinde görkezilýär. Sergi dünýä siwilizasiýasynyň esasy taryhy merkeziniň biri hökmünde ýurdumyz, onuň özboluşly medeniýeti hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermeginde bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berýär. Döwlet Baştutanymyz türkmen medeniýetini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýeti halkara giňişligine işjeň goşulyşyp, daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň döredijilik işgärlerinde uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, şeýle forumlaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi, çünki, olar halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýär.


Sergä gelenler türkmen halyçylarynyň döreden halylaryna haýran galmak bilen syn etdiler. Şol halylaryň gözelligi we hili kämillik derejesindedir. Halyçylarymyz ýönekeý gurallaryň kömegi bilen hakyky sungat eserlerini döredipdirler.

Sergide görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda elde dokalan matalardan we ýüpekden tikilen köpöwüşginli täsin milli lybaslar hem bar. Kürte, çyrpy ýaly zenan lybaslary hem-de dürli reňkli ýüpek ýaglyklar, tahýalar we beýleki önümler myhmanlaryň ünsüni çekýär. Bu ýerde görkezilýän halk saz gurallary — dutar, gyjak we tüýdük özüniň hoş owazy bilen diňleýjileri maýyl edýär.

Türkmen zergärçilik önümleri milli medeniýetiň möhüm bölegidir. Zenanlaryň köp görnüşli täsin şaý-sepleri bütin dünýäde meşhurdyr. Türkmen zergärleri tarapyndan ussatlyk bilen ýasalan bu şaý-sepler nagyşlaryň sazlaşygy hem-de gözelligi bilen tapawutlanýar. Şaý-sepleriň gaşyna oturdylýan hakyk daşlary olara aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu daş gadymdan bäri bagtyýarlyk, sagdynlyk we abadançylyk getirýän daş hasaplanylypdyr.


Türkmenistan gözelligi we ýyndamlygy bilen bütin dünýäni haýran galdyran ahalteke bedewleriniň watanydyr. Türkmenler özüniň milli baýlygyna uly sarpa goýýar. Atlar üçin ýasalýan şaý-sepler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Owadan bezelen ýapynjalar, gymmat bahaly daşlar bilen haşamlanan at esbaplary — bularyň ählisi ýokary halk sungatynyň gymmatlyklary bolup, behişdi bedewleriň gözelligini has-da artdyrýar.

Bir söz bilen aýdylanda, bu gymmatlyklarda türkmenleriň köp müňýyllyk taryhy öz beýanyny tapypdyr.


Şu gün Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň russiýaly kärdeşleri bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda döredijilik, ylmy we edebi gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň medeni ösüşiniň strategiýasy, milli medeniýetiň umumadamzat gymmatlyklaryna açyklygy baý ruhy kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrmakda möhüm orun eýeleýär.


Duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ähmiýeti barada aýdyp, biziň halklarymyzyň nesilden-nesle geçýän medeni gymmatlyklaryny saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, dostlukly gatnaşyklary aýawly saklaýandyklaryny nygtadylar. Şol gatnaşyklar bolsa üstünlikli hem-de köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň binýadyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, iki halkyň medeniýetleriniň taryhyny öwrenmek, kitaphana ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça geljekde bilelikdäki işi guramak meseleleri boýunça pikir alşyldy.