Russiýanyň Ýewropa böleginiň iri taryhy-medeni merkezleriniň birinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyşy boldy. Döredijilik forumy hakyky dostluk baýramçylygyna öwrülip, iki halkyň hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ymtylmasyny tassyklady.
Jemleýji günüň esasy çäreleri Wladimir oblastynyň filarmoniýasynda geçirildi. Onuň zallarynda dürli halkara festiwallar, bäsleşikler, saz sungatynyň ongünlükleri geçirilýär. Bu gün bolsa bu ýerde ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti guraldy. Myhmanlaryň hatarynda Wladimir oblastynyň ýolbaşçylary, Russiýa Federasiýasynyň medeniýet işgärleri, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şäheriň ýaşaýjylary, türkmen wekiliýetiniň agzalary bar.
Bu ýere ýygnananlaryň gutlag sözlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini aýdyň görkezendigi bellenildi. Iki ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Wladimir Putine häzirki çäräniň geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň döredilendigine minnetdarlyk sözlerini aýdyp, çykyş edenler ýokary derejede geçirilen çäreleriň medeniýet ugry boýunça döwletara gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýedigini tassykladylar.
Döredijilik forumynyň çäklerinde geçirilen sergiler, duşuşyklar, konsertler, türkmen we rus halklarynyň ruhy ýakynlygyny hem-de özara düşünişýändigini görkezdi. Ynsanperwer ulgamda türkmen-rus gatnaşyklaryny dowam edýän nobatdaky döredijilik çäresi iki dostlukly ýurduň öňden gelýän taryhy-medeni aragatnaşyklaryny dowam etmäge bolan ygrarlylygynyň ýene-de bir ýüze çykmasyna öwrüler. Bu bolsa netijeli özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýär.
Soňra filarmoniýanyň sahnasynda uly owadan şüweleň ýaýbaňlandyryldy. Şonda “Türkmenistan — dost-doganlyk mekany” atly edebi-sazly çykyş görkezildi hem-de “Laçyn” folklor-tans topary çykyş etdi. Meşhur türkmen estrada ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp türkmen we rus kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy.
Mihail Firsow adyndaky Rus Döwlet wokal-horeografiýa aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde rus heňleri türkmen mukamlary bilen bir çemende sazlaşykly utgaşdy.
Ruhuňy göteren halk mukamlary, “Görogly” şadessanyndan aýdymlar, türkmen tanslarynyň joşgunly depginleri tomaşaçylaryň kalbyny heýjana saldy. Türkmenistan baradaky wideoşekiller milli saz sungatymyzyň ajaýyp öwüşgininiň üstüni ýetirdi. Küştdepdi tansyndan haýrana galan tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalarynyň yzy uzak wagtlap üzülmedi.
“Parahatlyk aýdymy” diýen aýdym uly konsertiň jemleýji bölegine öwrüldi. Ol bilelikdäki konserte gatnaşyjylar tarapyndan joşgunly ýerine ýetirilip, iki halkyň dostlugynyň we doganlygynyň senasy, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändiginiň subutnamasy bolup ýaňlandy.
Şu gün şeýle hem ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň eserleriniň sergisi öz işini tamamlady. Bu ýere gelenler, esasan, XIX asyrda we XX asyryň birinji ýarymynda ussat zergärleriň döreden önümleriniň köpdürliligini synlap bildiler. Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanylýan milli egin-eşikleriň nusgalary, halk çeper hünärmentçiliginiň önümleri we saz gurallary görkezildi. Türkmen halkymyzyň medeniýeti we däpleri barada gürrüň berýän sergi gymmatlyklary diňe bir sungaty öwrenijilerde, etnograflarda we Gündogary öwrenijilerde däl, eýsem, giň jemgyýetçilikde hem uly gyzyklanma döretdi.
Ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasyny düzen çäreleriň ählisi iki döwletiň medeni durmuşynda uly waka bolup, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Muňa geçirilen konsertleriň, döredijilik duşuşyklarynyň we sergileriň Russiýanyň teleýaýlymlarynda, gündelik neşirlerinde hem-de internet sahypalarynda giňden beýan edilmegi hem aýdyň subutnama bolup hyzmat edýär. Reportažlarda hem-de habarçylaryň makalalarynda türkmen medeniýetiniň taryhy kökleri, milli mirasyň baýlygy barada gürrüň berildi. Munuň özi tomaşaçylara we okyjylara halk döredijiliginiň çuňlugyna, däp-dessurlaryň gözelligine, halkymyzyň gadymy senetçiliginiň aýratynlyklaryna göz ýetirip, ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Umuman, Moskwada hem-de Wladimirde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler döwletara gatnaşyklary ösdürmekde täze ähmiýetli tapgyra öwrüldi. Çünki hut medeniýet geljekki nesilleriň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň bähbidine dürli milletleriň wekillerini birleşdirýän baglanyşdyryjy halka we şol bir wagtda-da, özara düşünişmegiň açary hem-de halklaryň arasyndaky dostlugyň berkemegi üçin binýat bolup durýar.