Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy – ýurduň baýry kitaphanalarynyň biri bolup durýar. Bu kitaphana diňe bir çagalar edebiýatynyň baý kitap gaznasyny – kitaplaryň 251038 nusgasy saklanýar, bolman, eýsem Türkmenistanyň çagalar we mekdep kitaphanalarynyň esasy usulyýet merkezi hem bolup durýar. Kitaphananyň ulgamlaýyn işine ösüp gelýän nesli okamaga bolan höwesini çuňlaşdyrmak, iň gowy çeper edebiýatlary öňe sürmek, halkyň ruhy-medeni mirasyny, onuň taryhy geçmişini wagyz etmek, olarda watançylyk duýgularyny terbiýelemek girýär.
Kitaphanada çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde hem işler togtamady. Kitaphananyň işgärleri çagalar sagaldyş merkezlerinde we mekdepleriň ýanynda döredilen tomusky dynç alyş meýdanlarynda bolup, çagalaryň çeken suratlarynyň bäsleşikleri, tematiki söhbetdeşlik, çagalaryň söýgüli eserini daşyňdan okamak ýaly leksiýa we interaktiw usulda gyzykly çäreleri guradylar. Elbetde, ýaş okyjylar bilen bolan duşuşyklaryň ählisinde hem çagalar kitaplarynyň göçme sergisi guraldy.
Kitaphananyň ýanynda çagalar döredijiligi gurnagy işleýär. Onuň wezipesine – çagalaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmek, owadanlyk we sazlaşyk duýgusyny döretmek, şekil ýasamak, surat çekmek, nagyş etmek, papýe-maşe, oýnawaçlary tikmek ýaly dürli çeperçilik-amaly tehnikalary ulanmagy öwretmek girýär. Çagalar hatda güýçli yssy günler hem sapaklaryny geçirmezlige çalyşýarlar. Bu gurnakda bolmak bilen, men çagalaryň ýerine ýetiren işleriniň köp dürliligine, owadanlygyna we başarnykly ýerine ýetirilişine haýran galdym. Täze okuw ýylynda hem çagalaryň mekdep grafiklerini nazara alnyp, gurnaklar öňküsi ýaly hepdede üç sapar geçiriler.
Çagalar ýazyjylary bilen hem duşuşmak çagalaryň göwnünden turýar. Şonuň üçin hem kitaphananyň işgärleri Hemra Şirow we Agageldi Allanazaroaw ýaly çagalaryň söýgüli awtorlary bilen ýygy-ýygydan duşuşyklary guraýarlar.
– Edebiýat we sungat işgärleri – bizde ýygy-ýygydan myhmançylykda bolýarlar, - diýip, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri Gulýa Täşliýewa gürrüň berýär. – Çagalar şular ýaly duşuşyklary örän gowy görýärler. Täze okuw ýylynda biz edebiýatçylar, hudožnikler, sazandarlar, halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler bilen hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris. Biz täze kitaplara synlary, Türkmenistan, halkyň medeni mirasy, taryhy we sungaty barada tematiki söhbetdeşlikleri geçirmekligi meýilleşdirýäris. Biziň kitaphanamyzyň gapylary ýaş okayjylar üçin hemişe açyk. Bu ýerde olara diňe bir gyzykly kitaplar garaşman, eýsem dostlukly duýgular hem garaşýar. Biziň hünärmenlerimiz – uly iş tejribeli adamlar, gymmatly maslahatlary bermäge, edebiýatyň täsin we özüne çekiji dünýäsine aralaşmaga öz kömeklerini bermäge hemişe taýýar.