Ï Türkmen türgeniniň bürünç medaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgeniniň bürünç medaly

view-icon 1132
Türkmen türgeni Larisa Wahitowa Belarusuň olimpiýa çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň açyk birinjiliginde bürünç medala mynasyp boldy. Figuralaýyn typmak boýunça bu ýaryş golaýda Minsk şäherinde geçirildi. Biziň ildeşimiz bu üstünlige10 ýaşly gyzlaryň toparynda mynasyp boldy.

Ýaş türgenleriň 60-a golaýynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň öňüsyrasynda L.Wahitowa Belarusuň figuralaýyn typmak boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Igor Rolinskiniň ýolbaşçylygynda üç hepdelik şahsy okuw-türgenleşik tälimini geçdi.

Larisanyň ejesi Ýana Wahitowanyň gürrüň berşi ýaly, türgenleşikler çylşyrymlaşdyrylan ulgam boýunça geçirildi. Munuň özi oňat netije berdi.

Larisa buzuň üstünde iki tansy ýerine ýetirdi. Olaryň esasyna iki öwrümli böküşleriň altysyny hökmany suratda ýerine ýetirmek maşky girdi. Gysgajyk çykyşdan soň, türkmen türgeni ikinji ýeri eýeledi. Ol diňe ýer eýeleriniň wekilinden yza galdy. Ýöne erkin kompozisiýanyň barşynda biziň ildeşimiz ýeke-täk säwlige ýol berdi. Şunuň netijesinde, ol hormat münberiniň üçünji basgançagyna galdy.

Munuň özi L.Wahitowanyň halkara sport ýaryşlarynda ilkinji üstünligi däldir. “Minsk-arena” Kubogy ugrunda geçen ýyl geçirilen açyk ýaryşyň barşynda hem ol bürünç medala mynasyp boldy.

Indi biziň zehinli türgenimiz beýleki halkara ýaryşlarynyň birnäçesine taýýarlyk görýär. Olaryň biri — “Tallin-trofi” ýaryşy şu ýylyň dekabr aýynda Estoniýanyň paýtagtynda geçiriler. Indiki ýylyň ýazynda bolsa, Latwiýanyň Riga şäherinde “Wolwo-kap” atly ýaryşlaryň tapgyry badalga alar.