Ï Türkmen tansçylary Aziada-2017-de ýurdy mynasyp görkezmäge taýýarlyk görýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tansçylary Aziada-2017-de ýurdy mynasyp görkezmäge taýýarlyk görýärler

view-icon 1612
Aziada-2017-ä çenli bir ýyldan gowrak wagt galdy. Türgenler bu uly göwrümli sport wakasyna taýýarlyk görmegiň işjeň tapgyryna gadam basdylar. Sport tanslary – bu biziň ýurdumyz üçin sportuň täze görnüşi bolup durýar. Biz Sport tanslary Federasiýasynyň baş sekretary Myrat Berdiýewden biziň tansçylarymyzyň bu jogapkärli ýaryşlara görýän taýýarlyklary barada gürrüň bermegini haýyş etdik.

- Biziň öňümimizde örän uly synag dur, - diýip, M.Berdiýew gürrüň berýär, - ýöne ýoly ýörän ýeňer, biz bolsa bir güni hem ýitirmezlige çalyşýarys...

Bizi Bütindünýä sport tanslary Federasiýasyna kabul edenlerinden soňra, biz 2014-nji ýylda ýurduň çempionatynyň üçüsini geçirdik. Olara ýaşlaryň we tejribeli tansçylaryň onlarçasy gatnaşdy. Ilkinji iki çempionat köp adamlaryň gatnaşmaklary bilen tapawutlandy. Oňa 105-den 120-ä çenli adam gatnaşdy. Çagajyklaryň ça-ça-ça, wals, sambo... tanslary ýerine ýetirişlerine syn etmek örän tolgundyryjy boldy.

Biz muny sportuň tans görnüşlerini ýaýratmak üçin etdik. Geljekde bolsa bu ýaş tansçylar hökman çempion bolup ýetişerler.


Aýratyn hem iki ýaş derejeleri boýunça geçirilen ýurduň üçünji çempionatynda durasym gelýär. Jübütleriň ýedisi çempionatyň medallary ugrunda bäsleşdiler, olaryň dördüsi – uly ýaşly tansçylar we üçüsi – ýaşlar. Çempionatyň baş maksady – biziň dalaşgärlerimiziň taýýarlyk derejesini kesgitlemek, tans ediş ussatlygyny seljermek bolup durýar. Biziň çykyşlarymyzyň Aziada-2017-de üstünlikli bolmagy üçin biz taýýarlyk işleriniň esasylaryny kesgtlemeli.

Derejeleriň ikisi üç tansy – ritmli ça-ça-ça, owadan samba we gujurly jaýw tansalryny ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. Ýaşlar toparynda bäsleşik – jübütler Ruslan Enusow – Lidiýa Gobolewa we Aly Rejebow we Darýa Makarkinalaryň arasynda geçirildi. Olaryň ýerine ýetirmeklerinde jaýw tansy örän owadan boldy. Üç tansyň ýerine ýetirlmeginiň jemleri boýunça “altyny” jübütler Enusow – Gobolewa, “kümüşi” Rejebow – Makarkina gazandylar, “bürünji” Esenow – Gridçina aldylar.


Uly ýaşlylaryň arasynda geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Warwara Piwawarowa – Aleksandr Sisekin, jübütler, köp babatda ýurtda sport tansynyň derejesini kesgitleýär. Anastasiýa Ýužakowa – Nikita Swýatelik, Darýa Gokowa – Timur Ýalkanow, Waleriýa Nepomnýaşaýa –Arslan Ataýew olaryň bäsdeşi boldular. Anastasiýa Ýužakowa we onuň hyzmatdaşy Nikita Swýatelik tapawutlanmagy başardylar, üýtgeşik artistlik häsiýetli jübüt, olaryň “bürünji” almaklaryna sähelçe zat ýetmedi.

Piwawarowa – Sisekin dagy düýbünden kemsiz çykyş etdiler, olaryň ritmiki hereketleri ideala çenli kämilleşen we doly hukuk bilen altyn medaly gazanmagy başardylar. Meniň şu ýerde Türkmenistanda sport tansyny esaslandyran, 1975 ýylda Moskwada geçirilen bal tansynyň Bütinsoýuz bäsleşiginiň diplomanty Igor Aleksandrowiç Kuntiniň sözlerini getiresim gelýär.

Çempionatda jübütler Piwawarowanyň– Sisekiniň ýeňiş gazanjakdyklaryna ikirjeňlenmändim. Ýaş tansçylar meni begendirdiler, esasan hem, olar kämilleşipdirler we halkara bäsleşiklerinde tejribe toplapdyrlar. Olara Aziada-2017-de üstünlikli çykyş etmeklerini tüýs ýürekden arzuw edýärin.


Tomusda biziň ýurdumyza Sport tanslarynyň Aziýa Federasiýasynyň Prezidenti Keýji Ukai geldi.Ol sport tanslarynyň geçiriljek zallaryna baha berdi, parketleriň, döredilen şertleriň ýagdaýyna ýokary baha berdi we biziň tansçylarymyz üçin ussatlyk sapagyny geçdi, olaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny ykrar etdi.

2016-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda Sankt-Peterburgda bolup geçen okuw-türgenleşigiň hünär ussatlygyny gazanmakda möhüm, esasan hem, peýdaly boldy. Okuw sapaklary Sankt-Peterburgyň Sport tanslary merkezinde geçirildi, oňa Merkeziň ýolbaşçysy, Halkara derejeli emin, Sport tanslary boýunça halkara geňeşiniň agzasy, we ýene-de bir zady goşsak – ol hem örän duýgur, ünsli, talap ediji tälimçi Ýewgeniý Walentinowiç Gawrilow ýalbaşçylyk etdi.

Tälimçi Irina Dawidowiç we arbitr Aleksandr Nowokşonow sapara gatnaşdylar. Şeýle hem oňa tejribeli tansçylar we tansa täze başlanlar gatnaşdylar. Maksada okgunlylar we zähmetsöýerler üçin ýygynda ýol hemişe açyk, tansa bolsa güýçliler çykarlar. Jübütlerde ornuny üýtgetmegi geçirdik, bu hem kanunalaýyk işdir.Ýewgeniý Walentinowiçiň aýdyşy ýaly, jübütlerde psihologiki taýdan sazlaşygyň bolmagy – örän möhüm faktordyr.

Biziň tansçylarymyz her günde alty sagat jaýwanyň, sambaniň, ça-ça-çanyň inçe tilsimlerini özleşdirdiler. Çeperçilik alamatlaryna aýratyn üns berildi, aýratynlyk, emelleriň aýratynlygy, bir söz bilen aýdanyňda, hiç bir zat hem Gawrilowyň gözünden düşmedi. Irina Dawidowiç we Aleksandr Nowokşonow öz ýazgy depderçelerini usulyýet ýazgylary bilen dolduryp, tälimçilik işini özleşdirdiler. Peterburg saparynyň jemini jemläp, biz ýokary tejribesi üçin Ýewgeniý Walentinowiçe uly minnetdarlyk bildirdik. Gawrilow öz nobatynda, çagalara zähmetleri, haýyrly işleri üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle zehinli, tansy tüýs ýürekden söýýän türgenler bilen işleşmegiň örän ýakymly bolandygyny aýtdy. “Tejribe, - bu örän möhüm, sizde bolsa zähmet çekmäge we ýeňşe bolan örän uly hyjuw, ymtylyş bar, - bu bolsa esasy zatdyr!” diýip, ol nygtady.

Biziň öňde duran meýilnamamyzda – tälimçileriň maslahaty, arbitrler üçin okuw-sapagy bar. Onda Aleksandr Nowokşonow eminleri sport tanslarynyň arbitražynyň häzirki zaman usullary bilen tanyşdyrar. Biz türgenlerimizi-tansçylarymyzy Minskide geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga taýýarlaýarys. Biziň öňümüzde ajaýyp we uly göwrümli sport wakasy boljak - Aziada-2017-de ýurdy mynasyp görkezmek üçin örän uly taýýarlyk işleri garaşýar. Biziň çykyşlarymyzyň üstünlikli boljakdygyna uly ynam bildirýäris.