Ï Türkmen türgenleri Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlaryna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlaryna gatnaşýarlar

view-icon 1301
Sportuň 23 görnüşi, şol sanda at çapyşygy, başa-baş göreşler, milli oýunlar, adaty ýaýdan peýkam atmak, milli aw görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri, adaty aň-paýhas oýunlary boýunça ýaryş geçirildi.Oňa dünýä ýurtlarynyň ençemesinden, şol sanda Türkiýeden, Ukrainadan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan bir müňden gowrak türgen gatnaşýar.

Oýunlaryň dabaraly acylşynda “Galkynyş” atly-akrobatik attraksiony çykyş etdi. Ýüwrük ahal-teke bedewleri köp sanly tomaşaçylary aňk etdi, olar Türkmenistandan gelen “asman” atlarynyň çykyşyny şowhunly garşyladylar. Ildeşlerimiz bedewlere erk etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler, inçe bil bedewiň oýunlary şowhunly el çarpmalar bilen garşylandy. Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: “Bu haýran galdyrýan tomaşa, adamyň bilen bedewiň ajaýyp sazlaşykly hereketleri göreni aňk edýär”—diýip, ýazdylar. Gazetleriň ählisi türkmen atly sirkiniň halypasy Pygy Baýramdurdyýewiň baştutanlygyndaky artistleriň ussatlygyny, erjelligini, joşgunly oýnuny belläp geçdiler.

Ýaryşa şeýle hem guşakly tutluşyklar we göreş boýunça türkmen pälwanlary gatnaşýarlar, türgenlerimiz gazak milli göreşinde-de güýç synarlar.

Ýaryşyň guramaçylarynyň eden tagallasyny-da bellemek gerek, olar ýaryşa gatnaşyjylar we tomaşaçylar üçin ak öýleriň 288-sini, at üstünde çykyş edşän toparlar üçin açyk asmanyň astynda arena gurupdyrlar. Onsoňam, bu ýerde bäsleşiklerden başga-da, gündogar myhmansöýerligi we dostana söhbetdeşlikler höküm sürýär, döredijilik duşuşyklary we könsertler ýaryşa aýratyn röwüş berýär.