Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Žurnal mowzuklarynyň giňligi bilen tapawutlanýar, onuň sahypalarynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlarynyň — taryhçylaryň we arheologlaryň, etnograflaryň we medeniýeti öwrenijileriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň makalalary ýerleşdirildi. Olarda gadymy hem-de iň täze taryh ulgamynda gazanylanlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň soňky ylmy barlaglarynyň netijeleri beýan edilýär.
Neşiriň täze sany türkmen alymlarynyň makalalaryndan ybaratdyr. Olar okyjylary özleriniň ylmy barlaglarynyň netijeleri bilen tanyşdyrýarlar. Şol makalalar bolsa ajaýyp taryhy şahsyýetlere, halk däp-dessurlaryna bagyşlanýar.
Žurnal “Altyndaş Horezmiň üçünji nesil şalygynyň nesilbaşysydyr” atly makala bilen açylýar. Makalanyň awtory X asyryň soňky onýyllyklarynyň – XI asyryň başynyň döwlet işgäri we serkerdesi barada gürrüň berýär. XI asyryň birinji ýarymynda Gürgenjiň syýasy we medeni durmuşy Altyndaşyň Horezmde esaslandyrylan üçünji nesil şalygy bilen baglanyşyklydyr. Alym Altyndaşyň şahsyýetiniň durmuşynyň, taryhymyzda tutýan ornunyň häzirki döwrüň taryhçylary tarapyndan giňişleýin öwrenilmelidigini belleýär.
“Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölümde “Ürgenjiň arhitektura binalary: syrly aňlatmalar we hakykat” atly makala ýerleşdirildi. Onda orta asyrlarda Ürgenjiň (häzirki Köneürgenç) arhitektura desgalaryna täzeden garamaga, şu täsin taryhy we medeni ýadygärlikler bilen baglanyşykly köp sanly rowaýatlaryň gelip çykyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Neşiriň şu sanynyň esasy mowzuklarynyň hatarynda milli taryhy-medeni mirasy, şol sanda edebi mirasy aýawly saklamak we wagyz etmek meselesi bar. Munuň özi Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir.
“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde “Kitaby dädem Gorkut” şadessanynda zenanlaryň ahlak keşbiniň milli aýratynlyklary” atly makala ýerleşdirilipdir. “Gorkut ata” şadessanyny öwreniji bu edebi ýadygärligiň mugallymçylykda, ösüp gelýän nesli terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini belleýär.
Makalanyň awtory halkymyzyň zenanlaryň türkmen jemgyýetindäki orny baradaky garaýyşlar bilen baglanyşykly synlara üns berýär. Şunda häzirki döwür bilen deňeşdirmeleri getirýär. Awtor “Gorkut ata” şadessanynda zenanlaryň watansöýüjiligini şöhlelendirýän pedagogik garaýyşlaryň biziň günlerimizde-de öz ähmiýetini ýitirmeýändigini nygtaýar.
“Türkmen milli däp-dessurlary: taryh we häzirki döwür” atly makalada halkyň nesilleriň arabaglanyşygyna, ösüp gelýän ýaş nesliň ata-babalarynyň däp-dessurlaryna wepalylygyna öz durmuşynyň esasyny goýujy ýörelge hökmünde garandygy bellenilýär. Bu pikir köp sanly mysallarda, şol sanda häzirki türkmen jemgyýetinde halyçylyk sungatyny, seýisçiligi, zergärçilik işini, keşdeleri hem-de milli lybaslary döretmegi hem-de baýramçylyk däplerini aýawly saklamakda we ösdürmekde giňden açylyp görkezilýär.
“Miras” žurnalynyň sahypalarynda ýerleşdirilen ýene-de bir makalanyň mowzugy halyçylygyň we binagärligiň arasyndaky arabaglanyşyk bilen baglydyr. Onuň awtory geçmişiň däp-dessurlaryny hem-de gazananlaryny miras alan häzirki Türkmenistanyň arhitektura sungatynyň hakyky milli äheňleri özünde jemländigini, binagärligiň bezeginde nagyşlar hem-de beýleki şekillendiriş ýörelgeleri bilen arabaglanyşygyň mese-mälim duýulýandygyny, şol ýörelgeleriň bolsa gadymy döwürlerden bäri milli halyçylyk sungatyna mahsusdygyny belleýär. Türkmen halky milli amaly-haşam sungatynda gadymyýetde ulanan zatlarynyň, şonuň ýaly-da, gadymy ýaşaýyş jaýlarynyň hem sudurlarydyr şekillerini nagyşdyr keşde görnüşinde saklap gelipdir.
Däp bolşy ýaly, žurnalyň nobatdaky sany “Ylmy we medeni durmuş habarlar” rubrikasy bilen jemlenýär. Onda şu ýylyň ikinji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn berilýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym we medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen hem-de oňyn özgertmeleriň depginini şöhlelendirýän ugrunyň wajyp wakalary öz beýanyny tapdy.
Wakalaryň synynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna, 2016-njy ýylda Daşoguzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine, Aziada—2017-ä taýýarlyk görlüşine bagyşlanan çäreleriň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Okyjylar şeýle hem kitap täzelikleri baradaky maglumatlary alyp bilerler.
“Miras” döwürleýin žurnalynyň täze sany köp sanly suratlar bilen bezeldi. Olar žurnalyň awtorlarynyň makalalarynyň üstüni ýetirýärler.