Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hünärmenleri Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda her ýyl geçirilýän Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdylar. Şu gezekki gözden geçirilişde dünýäniň 30 döwletinden 500-den gowrak neşirýatyň wekilleri önümlerini görkezdiler. Türkmenistanyň diwarlygy pudagyň ussatlarynyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanylan uly sergi gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
29-njy Moskwa kitap sergisiniň çäklerinde XIII “Kitap sungaty” atly halkara bäsleşik geçirildi. On bir görnüş boýunça jemi 58 neşir hödürlenilen bäsleşige Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Eminleriň öňünde GDA-nyň ýedi ýurdundan has gyzykly neşir taslamalaryny saýlamakdan ybarat bolan çylşyrymly wezipe durdy.
Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan çykarylan kitap önümleriniň, däp bolşy ýaly, “Kitap sungaty” bäsleşiginde ýokary orunlary eýeleýändigini bellemek gerek.
Şeýle bolandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitarap Türkmenistan” atly kitaby “Gran-pri” baş baýragyna mynasyp boldy.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen neşir edilen, halk nakyllarynyň we atalar sözleriniň ýygyndysy bolan “Paýhas çeşmesi” kitaby “Arkalaşyk” diýen ugur boýunça ýeňijiniň diplomyna mynasyp boldy.
“Meniň Watanym Bitarap” diýen ösüp gelýän nesillere niýetlenen neşir “Çagalar we ýetginjekler üçin kitap” diýen ugur boýunça ýeňijileriň hataryna girdi. “Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary we olary esaslandyryjylar” diýen ylmy-populýar iş “Medeniýetleriň gatnaşygy” diýen ugur boýunça ýeňijileriň hataryna girdi. “Ylym we innowasiýa” diýen ugur boýunça bolsa Marynyň täsin çeperçilik mekdebine bagyşlanan “Gadymy Merwiň şekillerdäki rowaýaty” atly kitap bäsleşigiň diplomyna mynasyp boldy.
Şeýlelikde, milli neşirýat nobatdaky gezek özüniň ýokary poligrafiýa derejesini hem-de bäsleşijilik mertebesini tassyklady, ýurdumyzyň kitap önümleri bolsa diňe bir abraýly eminleriň ykrar etmegine däl, eýsem, sergä gelenleriň hem işjeň gyzyklanmasyna mynasyp boldy. Çünki kitap neşir edijileriň hyzmaty okyjylar tarapyndan mynasyp baha berlen mahaly hakyky gymmatlyga eýe bolýar.
Indi birnäçe ýyl bäri her bir neşiriň birbada üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanylmagy türkmen poligrafiýaçylarynyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Şeýle çemeleşme uly okyjylar köpçüligini has-da artdyrýar, ýurdumyzy daşary ýurtlardaky ençeme adamlar üçin has düşnükli edýär we ýakynlaşdyrýar.
Häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyklykda öndürilen owadan, ýatda galyjy neşirler Türkmenistanyň özboluşly ýüzüne öwrüldi, olar ýurdumyzy halkara derejede üstünlikli tanadýar, ýaş Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň täze, häzirki zaman durmuşyny dünýä açýar, onuň baý medeniýeti, taryhy, halk döredijiligi, türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda türkmen neşirleriniň mynasyp bolan sylaglary, gürrüňsiz suratda, ýurdumyzyň poligrafiýaçylarynyň ussatlygynyň we önümleriniň hiliniň ýokarlanmagyna, hünär derejeleriniň artmagyna hem-de dünýäniň maglumat-neşirýat giňişligine has-da ýakynlaşmagyna itergi berer.