Şu gün gadymy türkmen topragyna ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan ajaýyp Gurban baýramy geldi. Bu ýyl ol 12 — 13 — 14-nji sentýabra gabat gelýär, ol günler däp boýunça iş güni däl diýlip yglan edildi.
Gadymdan gelýän däbe laýyklykda, Gurban baýramynyň birinji güni Baýram namazy okalýar. Bu namaz ýurdumyzyň ähli metjitlerinde ir bilen okalýar hem-de halkymyzyň agzybirliginiň we ylalaşygynyň özboluşly nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş türkmen halkyna iberen Gutlagynda Gurban baýramy adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, halklary dost-doganlyk gatnaşyklaryna alyp barýan ajaýyp baýramdyr diýip belleýär. Onuň taryhy Gündogar halklary bilen birlikde türkmenleriň hem müňlerçe ýyllyk taryhynyň täsin sahypalarynyň biridir. Bu mukaddes baýramyň many-mazmunynda nesilden-nesle geçip dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklarymyz, özboluşly medeni däplerimiz jemlenendir. Şoňa görä-de, asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu baýrama agzybirlikde ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyz belent sarpa goýýar.
Şu ýyl, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Gurban baýramynyň soňky güni Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine gabat gelýär. Täze taryhy eýýamda Ýaşulular maslahaty döwürleriň we nesilleriň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine, gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar, häzirki wagtda ýaşulular ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orun eýeleýärler.
Gurban baýramynyň öň ýanynda ýurdumyzdan 188 zyýaratçy haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar. Munuň özi häzirki döwrümiziň diňe bir belent ruha beslenendigine däl, eýsem, umumadamzat medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň hem-de milli mukaddeslikleriň dünýäde wagyz edilmegi ýaly döwlet derejesinde geçirilýän möhüm işleriň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda Gurban baýramy üç günüň dowamynda giňden bellenilýär. Şu ýyl hem bu nurana baýrama bagyşlanyp medeni çäreleriň ýörite maksatnamasy taýýarlanyldy. Ähli ýerde aýdym-saz ýaňlanýar. Belentden dikilen hiňňildikleriň töweregi has-da köp adamly, olar Gurban baýramynyň üýtgewsiz milli aýratynlyklary bolup durýar.
Esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň iri ýaşaýyş-jaý toplumlarynda, seýilgählerde ýaýbaňlandyrylýar. Hiňňildikleriň ýanynda ýörite sahnalar gurnalyp, ol ýerde belli aýdymçylar, folklor we tans toparlary çykyş edýärler. Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýan adamlaryň ýüzlerinde şatlyk alamatlary uçganaklaýar, olaryň kalby parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolan öz Watanyna buýsançdan doly.
Ajaýyp baýramçylygyň şanyna adamlar biri-biriniň öýüne, ýakynlaryna, dost-ýarlaryna, goňşularyna myhmançylyga barýarlar, bereketli saçaklar giňden ýazylýar. Hemmeler birek-birege “Gurbanlygyňyz kabul bolsun!” diýip dileg edýärler.
Türkmen halkynyň ahlak ýörelgelerine sazlaşykly utgaşýan mukaddes Gurban baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýşyň üýtgewsiz ruhy esaslaryny düzýän hoşniýetliligiň, rehimdarlygyň we ynsanperwerligiň aýdyň alamatydyr. Şu baýramçylyk günleri Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milletimiziň gadymdan gelýän ruhy we medeni däplerine abadançylygyň we berkararlygyň möhüm şerti hökmünde aýawly garaýandygy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Gurbanlygyňyz kabul bolsun!