Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň taryhy maslahatynyň hormatyna uly baýramçylyk konserti boldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ajaýyp sahnada emele gelen ýokary ruhy göteriliş halkymyza buýsanç we bagtyýarlyk şatlygyny eçildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her bir baýramçylyk we şanly waka sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşýar. Olar milli medeniýetimizi baýlaşdyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilen Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň döredijilikli durmuşyna täze öwüşgin çaýýar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli maslahat mynasybetli geçirilýän däp bolan dabaraly konsertiň hormatly tomaşaçysy boldy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri bar. Bu ýere ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we döredijilik toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem bu taryhy günde Watanymyzyň ýokary sylaglaryna mynasyp bolan myhmanlar ýygnandy. Hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler hem baýramçylyk konsertiniň myhmanlary boldular.
Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar milli Liderimizi ör turup, uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz özüniň köptaraply işinde medeniýetiň, milli sungatyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär we ýurdumyzyň döredijilik işgärlerini halkymyzyň ruhy durmuşyny baýlaşdyrýan täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek işi aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, özi üçin bellenen ýere geçýär.
“Arkadagyň buýsanjy siz, gojalar!” atly joşgunly aýdym baýramçylyk konsertiniň başlangyjyna öwrüldi. Ol halkymyzyň durmuş tejribesi bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrümiziň döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýan hormatly ýaşululara bagyşlanypdyr. “Dokmaçylar” folklor toparynyň çykyşy hormatly Prezidentimiziň tagallasy hem-de oňyn başlangyçlary bilen berk baglanyşykly bolan Bitarap Watanymyzyň ösüşini äşgär edýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik we şöhratly pederlerimiziň asyrlar aşyp gelýän beýik durmuş tejribelerine, ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan syýasaty ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň ýokary galmagyny şertlendirdi. Döwlet Baştutanymyz ýaşululara uly sarpa goýýar, olaryň mynasyp durmuşy üçin möhüm şertleriň döredilmegi ugrunda tagalla edýär. Şeýle hem milli Liderimiz ýaşulularyň durmuş taýdan üpjünçiligine, jemgyýetiň ruhy terbiýesine, ýaşlarda watansöýüjilik duýgularynyň kemala gelmegine ägirt uly işleri gönükdirýär.
“Aksakgallaryň” atly aýdym hormatly ýaşuly nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini äşgär etdi. Sahnadaky ekranda jemgyýetiň ahlak sütüni bolup durýan hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen köp sanly wakalar öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň ýaşululary milletiň bitewüligini we agzybirligini pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işler we beýik başlangyçlar olaryň ak patasy bilen badalga alýar.
Bu gezekki konsert maksatnamasy milli sungatyň döredijilik däpleriniň nesilden-nesle geçijiligini äşgär edip, onuň baý mümkinçiliklerini beýan edýän dürli görnüşli çykyşlara baý boldy. Artistleriň çykyşlary mähriban Watanymyza, tebigy gözellige we adamzadyň hemişelik gymmatlyklaryna bagyşlanyldy.
Ýurdumyzyň belli döredijilik toparlary, meşhur halk ýerine ýetirijileri, opera aýdymçylary we türkmen estradasynyň ýyldyzlary, şöhrat gazanan tans we folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri bar. Mälim bolşy ýaly, olary sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, geçen hepdede “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Hazaryň kenarynda guralan dabarada çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat işgärleriniň, ähli döredijilik toparlarynyň edermen halkymyzyň parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işleri, özygtyýarly döwletimiziň okgunly ösüşini wasp edýändiklerini aýratyn belledi. Milli Liderimiziň bu sözleri Ýaşulular maslahatynyň taryhy mejlisine bagyşlanan konsert maksatnamasyny düzmek üçin esas bolup hyzmat etdi. Şeýle şanly günde Maslahat köşgünde guralan konsertde çykyş etmek artistleriň ussatlygyna we zehinine berilýän belent bahadyr. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy saz sungatynyň iň gowy eserleri, “Şasenem we Garyp” operasyndan, şeýle hem “Saýathan” operasyndan bölekler eşitdirildi. Mälim bolşy ýaly, bu opera şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň baýragyna mynasyp bolupdy. “Görogly” dessanyndan ýerine ýetirilen sahna konserte özboluşly öwüşgin berdi. Milli saz gurallarynyň, şol sanda gargy tüýdügiň owazy astynda ýaňlanan halk aýdymlary, şeýle hem häzirki zaman wokal eserleri, türkmen şahyrlarynyň sözlerine döredilen joşgunly aýdymlar baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.
“Näzli”, “Meňli”, “Aşgabat” horeografiýa toparlarynyň, “Miras”, “Galkynyş”, “Laçyn”, “Serpaý”, “Misserian” folklor toparlarynyň çykyşlary özboluşly tomaşalar bilen utgaşyp, konsert maksatnamasynyň täsirliligini has-da ýokarlandyrdy.
Ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlary bu ýerde guralan aýdym-sazly dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrdy.
Konsertiň ahyrynda çagalar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Maslahat köşgünden ugrady.