Türkmenistanyň baş drama teatrynyň «Gorkut ata» şadessany esasynda goýan «Däli Domrul» oýny täze teatr möwsüminiň iň şowly oýunlarynyň biri boldy. Teatr sungatyny öwrenijileriň pikirine görä, täze sahna oýny, ozaly bilen tomaşaçylara edýän güýçli täsiri bilen ýurdumyzyň teatr durmuşyynda üýtgeşik waka boldy. Onuň sahna bezegi köňül joşduryjy çeperligi we gurluş sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Ak öý olary jemleýän özen bolup durýar, onuň diwarlaryndan sallanyp duran sapaklar dokalyp gutarylmadyk halyny ýada salýar. Hamala, eli çeper halyçy çaýa çykan çagy gadymy rowaýaty gürrüň beräýjek ýaly duýgy döreýär. Sahnanyň gapdalyndaky iki sazandanyň çalýan dutar gyjagynyň owazy bilen çylşyrymly ýordumlardan dörän oýun başlanýar.
«Däli Domrul» oýnunyň edebi esasyny ýazan we sahnalaşdyran Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow. Tomaşaçylar bu ussadyň goýýan oýunlarynda sahnany janlandyrýandygyna beletdirler. «Däli Domrulda» hem sahnadaky hereketlere görä, hala meňzedilen ak öý bir giňelip, bir-de gysylýar. Emma sahna bezegi –duýgudyr pelsepä ýugrulan oýnuň owadan bezegi bolup galýar. Onuň rowaýata meňzeş äheňi Hoja Nasreddine mahsus şortalyk bilen utgaşyp gidýär.
Ine-de, Domrulyň aýaly biçak owadan Näzliçeçek myhmanlaryň ýanyna gelýär. Ol, elbetde, oýnuň esasy gahrymanlarynyň biri. Oňa näçe syn etdigiňçe, şonça-da haýran galýarsyň. Meselem, Domrulyň ynjyk dostlaryna garpyz hödürlände olaryň ugruny tapyşyny diýsene.. Onuň gözelligi, akyl-paýhasy we ugurtapyjylygy oňa, aýratynam Domrulyň golaýlaryndan bir özi söweriniň hatyrasyna janyny gurban bermäge razy bolandan soň oýnuň baş gahrymany-da bolup biljek. Ýöne onda oýnuň ýordumy başgaça giderdi... Kakajan Aşyrow tomaşaçynyň ünsüni Däli Domrulyň keşbine pelsepewi çemeleşmäge çekýär.
Oýnuň baş mazmuny - adam ömrüniň gymmatlygynda. Awtor ony baş gahrymanyň mysalynda açyp görkezýär: Ezraýyl bilen gabatlaşandan ömrüniň paýawlaýanyny duýan Däli Domrul durmuşň hem adamlara garaýşyny üýtgedýär. Ol özüne derek aýalynyň pida bolmagyny islemeýär, ömründe eden etmişlerine, şol sanda gazanç çeşmesi edinjek bolup jardan guran köprüsi üçinem ahmyr edýär.
Režissýor keşpleri döredýän artistleri ýerlikli saýlamagyň hem hötdünden gelipdir. Palwansypat kakabaş Däli Domrulyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýeňiş Ýazmyradow jüýüne düşürip janlandyrypdyr. Onuň çasly sesi, hereketleri, gepiniň kesgirligi, özüne çekiji hem üýtgeşik hereketlere ukyply däliniň keşbini doly açyp görkezýär.
Ýaş artist Dilşat Meläýewa Näzliçeçegiň keşbini döretmek bagty miýesser edipdir. Ol bu keşbi ilkinji döreden Gülnabat Aşyrowanyň oýnuny jkme-jik gaýtalaýar. Režissýor muny dessine aňsa-da, Rafaeliň şägirtlerine: „Ilki meniň ýaly çekmäni öwreniň, soňam mendenem gowy çekiň“ diýen sözlerine eýerip, oňa bellik etmändir. Wagty gelende Dilşat keşbe çuňňur aralaşyp, zehini bilen gahrymanynyň artykmaçlygyny görkezmegi başarypdyr.
Ilkinji gezek bu sahna oýny baryp çärýek asyr mundan ozal goýlupdy, ol daşary ýurtlarda geçirilen festiwallarda baýraklaryň ençemesine mynasyp bolupdy. Onuň döreýşi hem gyzykyly. Iş saparynda gezip ýören Kakajan Aşyrow bir gezek ir säher radiodan berilýän bir ajap sazy eşidýär. Saz çalnyp durka-da, aňynda täze oýnuň ýordumy döreýär. Öýüne dolsnyp gelenden onuň „Öltürer“ sazydygyny bilip galýar. Aňynda kebşirlän sahna oýnunda Ezraýylam, ölüme kaýyl bolmaýan baş gahrymanyň elewremesi-de, onuň saza sazlaşmagy hem geljekki oýnuň kemala gelmegine täsir etdi. Oýna taýýarlyklarda-da şu saz çalynýardy, ol sahnadaky wakalara görä ençeme gezek täzeden işlenildi.
Çärýek asyrdan soň dikeldilen «Däli Domrul» ilki goýlan oýna mahsus zatlary, şol sanda Näzliçeçegiň üýtgeşik nepis eşikleri babatda özblulylygyny saklap galdy. Oýnuň mukama golaý owazlylygy, üýtgeşik çeper sahna bezegi, artistleriň zehinli oýnaýşy—bularyň bary bu sahna oýnunyň täze teatr möwsüminiň şanly wakasy hökmünde tanalmagyna getirdi.
«Däli Domrul» sahna oýnuny goýanlary edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň «Altyn asyr» bäsleşiniň baýragyna mynasyp bolmagy bilen gutlaýarys.