Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

view-icon 1268
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly täze işiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Halkymyzyň iň söýgüli bagşylarynyň biri bolan beýik türkmen sazandasy Şükür bagşy barada döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen özara utgaşdyrylyp beýan edilýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda çapdan çykan bu neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza ajaýyp sowgadydyr.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda çeper işler, amaly-haşam sungatynyň önümleri we neşir önümleri görkezildi.

Soňra maslahatlar zalynda hökümet agzalarynyň, dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.


Bu ýere ýygnananlar türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly däp-dessurlaryna gyzgyn söýgüsi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda jemgyýetimizi ruhy taýdan ösdürmek, milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, türkmenleriň gadymy däp-dessurlaryny saklamak boýunça köptaraplaýyn işleriň täze depgine eýe bolandygyny bellediler.

Medeniýeti we sungaty, ynsanperwer ulgamynda hiç bir milli serhedi bolmadyk halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki gymmatly goşandy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy mizemez agzybirliginden, halkymyzyň milli Lideriniň töweregine jebisliginden ybaratdyr. Bu bolsa Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň maksatlarynyň düşünilmegine, ruhy däplere, medeni mirasa esaslanýar. Bu gymmatlygyň aýrylmaz bölegi bolsa biziň elektronika we internet asyrymyzda hem ähmiýetini ýitirmeýän kitaba bolan gatnaşykdyr. Ol bolsa parahatçylygyň, gözelligiň, hoşniýetliligiň maksatlaryny hem-de hakyky gymmatlyklary ykrar etmegini dowam edýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby döwürleriň hem-de nesilleriň, türkmen medeniýetiniň taryhynyň we häzirki döwrüniň bölünmez arabaglanyşygynyň duýgularyna ýugrulandyr. Türkmen medeniýetinde bolsa bagşyçylyk mekdebi aýratyn orun tutýar. Sazlaryň, dessanlaryň halkymyzyň pelsepesine we dünýägaraýşyna, türkmenleriň akyl-paýhasynyň hem-de durmuşynyň keşbine täsir edip bilýändigi barada hem aýdyp bolar.

Milli Liderimiz, her bir kitabynda bolşy ýaly, tqze kitabynda hem öz pikirlerini watandaşlary bilen paýlaşýar. Kitabyň “Älem-jahan sazlaşygy gözleýär” diýen giriş babynda döwlet Baştutanymyz ýeňil bolmadyk ýazyjylyk işiniň başyna barmaga özüni uzak oýlanmalaryň we köpden bäri gyzyklandyrýan meselelere jogap tapmagyň iterendigini ýazýar. Häzir bu meseleleri dünýäde jemlenen ählumumy gapma-garşylyklaryň has-da ýitileşen hem-de dünýäniň gurluşynyň näsazlyklarynyň häli-şindi ýüze çykyp duran mahalynda döwrüň özi öňe sürýär.

Adamzadyň mundan beýläk-de ösmegi üçin dünýä gurluşynyň ölçegleri nähili bolmaly?

“Türkmen nusgasy” diýlip atlandyrylýan döwletliligiň we daşary syýasat ugrunyň nusgasynyň dünýä durmuşynda eýeleýän orny we ähmiýeti nähili?

“Üçünji müňýyllygyň başlarynda Merkezi Aziýa dünýä taryhynyň möhüm wakalarynyň bolup geçýän ýerine öwrüldi. Biziň ýaş döwletimiz ähmiýeti uly bolan meseleleriň hemmeler üçin kabul ederlikli çözgütleri teklip etmek maksady bilen hereket edip başlady” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazýar.


Döwlet Baştutanymyz bu barada pikir ýöredip, halkymyzyň ruhy-taryhy tejribesine, türkmenleriň sungatyna, döredijilik pikirlenişine we dünýägaraýşyna özboluşlylygyň uly möhrüni goýan tejribesine ýüzlenýär.

Hormatly Prezidentimiz milli özboluşlylygyň çeşmelerini, şertlerini, ýagdaýlaryny seljermek bilen, ene toprak bilen tebigy-genetiki arabaglanyşyk we köpçüligiň ruhy ýaly esasy pursatlary tapawutlandyrýar. Şunda ata-babalarymyz hemişe beýleki halklar bilen özara gatnaşyklaryň ylalaşykly usullaryny gözlediler, bu barada milli taryhymyzda, şol sanda ýazuw çeşmelerinde, köp sanly halk rowaýatlarynda saklanyp galan mysallaryň ençemesi bar.

Şolaryň biri meşhur sazanda Şükür bagşy hakynda bolup, ol duşmanyň ýurduna öz doganyny ýesirlikden boşatmaga gidýär. Şonda ol düýbünden ýaragsyz, ýeke özi ýola düşüp, ýanyna diňe saz guralyny-dutaryny alýar.


“Biziň ata-babalarymyzyň saza ynandyryjy terbiýe serişdesi hökmünde garamagynda geň görer ýaly zat barmy?” diýip, döwlet Baştutanymyz soraýar. Çünki ata-babalarymyz kakuw hem-de sazlaşyk ýürege has çuň ornaşýar diýip hasap edipdirler. “Aslynda, bu barlygyň täsin bir sazlaşykdygyna bolan ynam şeýle garaýşyň esasydyr. Bu ýerde gürrüň şol sazlaşygy, ýagny tebigy hadysalaryň we durmuşda bolup geçýän wakalaryň, beden güýjüniň we ruhy kuwwatyň, isleg bilen mümkinçiligiň, asmany we zemini hakykatlaryň kanunlaryny, kanunalaýyklyklaryny we kadalaryny açmak hakynda barýar. Şonda güýçli hem bolmaz, ejiz hem, ýeňiji hem bolmaz, ýeňilen hem, barabarlyk bolar. Şol barabarlykdan sungat başlanýar, şol barabarlykdan diplomatiýa başlanýar”.

Özüniň kitabynda Şükür bagşynyň köptaraply keşbini açyp görkezip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu keşbiň özeninde duran hem-de ony çeper eseriň we wagtyň çäklerinden çykarýan pikiriň umumadamzat mazmunyny nygtaýar.

Şol pikir sungatyň parahatçylyk döredijilik wezipesidir hem-de umuman, parahatçylyk döredijilik sungatydyr.


... Kitap baplaryň 13-sini we sözsoňuny özünde jemleýär. Döwlet Baştutanymyz onda okyjynyň öňünde esasy netijäni açyp, “Toplar gümmürdeýärkä, sungatlar dymmak bilendir” diýen meşhur jümläni mysal getirýär. Bu bolsa harby hereketler öňe sürlende, sungatyň ýol almaýandygyny aňladýar.

Döwlet Baştutanymyz adamzadyň öňünde kyn we çylşyrymly soraglaryň ýene-de örboýuna galýan döwründe antiki döwürde dörän jümläni täzeçe ugrukdyryp, ony: “Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar!” diýen görnüşe getirmegiň wagtynyň ýetip gelendigine ynanýar.

Elbetde, milli Liderimiziň galamynyň ujundan çykan ylmy-köpçülikleýin beýan edilen medeni-taryhy nobatdaky işi Parahatçylygyň we Hoşniýetli goňşuçylygyň medeniýetiniň terbiýelenmegine, şeýle hem milli ruhy gymmatlyklaryň we mirasyň, şol sanda bagşylaryň däpleriniň nesilden-nesle geçijiligini aýawly saklamaga hem-de mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam eder. Bular barada tanyşdyryş dabarasyna gatnaşan teatryň artistleri, bagşylar, şahyrlar we ýazyjylar, žurnalistler, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çykyşlarynda nygtadylar.


Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitap dürli reňkli suratlar, meşhur türkmen suratkeşleriniň eserleriniň nusgalary hem-de suratlary, Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti boýunça surata düşürilen Bulat Mansurowyň çeper filminiň şekilleri bilen ajaýyp bezelipdir.

Şu günki tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda dessanlardan bölekleri, halk aýdymlaryny ýerine ýetiren belli bagşylaryň çykyşlary boldy. Nury Halmämmedowyň “Şükür bagşy” kinofilminden öz jadyly täsirleri bilen bendi edýän sazlary we beýleki eserler ýaňlandy.

Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, medeniýet we döredijilik işgärlerine berýän hemmetaraplaýyn goldawy, eziz Watanymyzyň rowaçlygy barada edýän ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.